Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Paýtagtymyzyň Maslahatlar Köşgünde Küştdepdiniň Maddy Däl Medeni Mirasyň Sanawyna Goşulmagy Mynasybetli Dabara Boldy
Paýtagtymyzyň Maslahatlar Köşgünde Küştdepdiniň Maddy Däl Medeni Mirasyň Sanawyna Goşulmagy Mynasybetli Dabara Boldy
Paýtagtymyzyň Maslahatlar Köşgünde Küştdepdiniň Maddy Däl Medeni Mirasyň Sanawyna Goşulmagy Mynasybetli Dabara Boldy

Paýtagtymyzyň Maslahatlar Köşgünde Küştdepdiniň Maddy Däl Medeni Mirasyň Sanawyna Goşulmagy Mynasybetli Dabara Boldy

Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli „Küştdepdi“ aýdym we tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilendigini habar berdi we watandaşlarymyzy şu waka bilen gutlady. Bu çözgüt Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen 12-nji mejlisinde biragyzdan goldanyldy.

Paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde bu waka mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa taryhçy alymlar, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Belli tans toparlary, aýdymçy-sazandalar çykyş etdiler.

Çärä gatnaşanlar Köşgüň eýwanynda gurnalan sergi bilen tanyşdylar, onda çeperçilik we amaly haşam sungaty eserleri, heýkeltaraşlaryň, küýzegäleriň, zergärleriň işleri, şeýle hem usul-tilsiminde we bezeglerinde küşdepdiniň horeografiýa dili we mazmun baýlygy beýan edilen haly we haly önümleri görkezildi.

Dabarada folklor toparlary özboluşly we çeper küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow küştdepdini wagyz etmek başlangyjy bilen çykyş edipdi. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, küştdepdi milli sungatymyzyň özboluşly nusgasydyr, milletiň taryhy- medeni däpleriniň, onuň ruhy tejribesiniň we häzirki zaman döredijilik mümkinçiligniň sazlaşykly utgaşygydyr.

Çärä gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmak we bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek babatdaky başlangyjynyň wajyplygyny bellediler. Şu jähtden küştdepdiniň adamzadyň Maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetiniň belli bahasy ýokdur.

Arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar we ýazuw ýadygärlikleri hem küştdepdiniň gadymy döwürlerde döränligine şaýatlyk edýär. Alymlaryň pikirine görä, Köne Nusaý galasynda tapylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlar şekillendirilipdir.

Küştdepdiniň many-mazmuny asyrlaryň jümmüşine garamaga mümkinçilik berýär, çünki bu tansyň özboluşly nepis hereketlerinde we dürli görnüşlerinde türkmen

halkynyň bizi gurşap alýan dünýä we onuň gurluşyna ruhy taýdan düşünişi beýan edilýär.

Küşt depýänler asyrlarboýy kämilleşen tans dili we hoş owaz bilen çarhypelegiň dynuwsyz aýlanyp duranlygy, söýgidir täze durmuşyň döreýiş jadysynyň müdimiligi barada gürrüň berýärler, dessurlaryň dünýä aň ýetirmekdäki ähmiýetini açyp görkezýärler. Tans tilsimleriniň depgini barha güýçlenip, tansçylaryň joşgunly hereketleri tomaşaçylara täsir edip, olaryň ýüregini joşdurýar.

Tans gazal aýtmakdan başlanýar, ol küştdepdiniň gurluş depginini kesgitleýär. Tansçylar ellerini galdyryp, döwre gurap gazala görä, sazlaşyklyy hereket edýärler. Gazalyň her bendiniň ahyrynda ýaşaýşyň täze döwrüni mübärekleýän ýaly: „küşt, küşt, küştdepdi“ diýilýär.

Halk tanslary medeniýetiň aýratyn üýtgeşik bölegidir. Küştdepdi türkmen halkynyň dünýä garaýşynyň ösüşiniň, onuň ruhy taýdan baýlaşmagynyň çeper beýanynyň subutnamasydyr. Çeper horeografiýada milli tans estetikasyny we däp-dessur ekletikasyny utgaşdyrýan bu tans geçmiş bilen häzirki döwri birleşdirip, ýaşaýşa synmaz söýgi döredýär. Ony Maddy däl medeni mirasyň möhüm bölegi, milli baýlyk hökmünde saklap galmak –häzirki we geljekki nesilleriň borjydyr.

Meňzeş Täzelikler

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir