Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Prezidentimiz Yslam Karimowyň Aradan Çykmagy Zerarly Matam Çärelerine Gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň aradan çykmagy zerarly Samarkantda geçirilen matam çärelerine gatnaşdy.

Prezidentimiz Yslam Karimowyň Aradan Çykmagy Zerarly Matam Çärelerine Gatnaşdy

Özbek Lideri 2-nji sentýabrda 79 ýaşynyň içinde beýnisine gan inmegi zerarly aradan çykdy. Bu gün Samarkandyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimowyň Daşkentden şäheriň howa menziline getirilen jesedini garşy aldylar. Howa menzilinden Samarkandyň merkezine çenli adamlaryň akymy hatara düzüldi.

Registan meýdançasynda matam çäresi tamamlanandan soň,  oňa gatnaşyjylar Şahi-Zinda taryhy gonamçylyga tarap ugradylar. Bu ýerde orta asyryň görnükli işgärleri, şeýle hem Yslam Karimowyň ene-atasy jaýlanypdyr. Olaryň golaýynda, maşgala aramgähinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti musulman däplerine laýyklykda jaýlandy. 

Özbegistanda üç günlük matam yglan edildi.  

Ýerli wagt boýunça günortan başlanan resmi hoşlaşmak çäresi meşhur Registan meýdançasynda, özbek Lideriniň Samarkantdaky kabulhanasynda geçirildi. 

Görnükli döwlet işgärini soňky ýoluna ugratmak üçin diňe bu ýurduň raýatlary däl-de, eýsem, dünýä döwletleriniň on ýedisiniň wekiliýetleri, şol sanda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň premýer-ministrleri, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Ukrainanyň we beýleki döwletleriň wise-premýerleri geldiler.  

Çärede Özbegistan Respublikasynyň hökümetiniň adyndan ýurduň premýer-ministri Şawkat Mirziýoýew söz sözledi. Türkmenistanyň Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. 

Milli Liderimiz matam çäresinde çykyş etmek bilen, öz kärdeşi, dogany we dosty Yslam Karimow bilen hoşlaşyk sözlerini beýan etdi. 

Biz şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti  Garaşsyz döwletiň ilkinji Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowyň biwagt aradan çykmagy zerarly tutuş türkmen halkynyň adyndan çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy. 

Merhumyň şahsy aýratynlyklary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň  öz halkyny, eziz Watanyny çuňňur söýendigini hem-de onuň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleri bitirendigini, Özbegistanyň  Garaşsyzlygynyň gözbaşynda durandygyny nygtap, onuň “belent ruhly, hakyky watançy, görnükli syýasatçy we döwlet işgäri” bolandygyny aýtdy. 

Onuň ähli oňyn başlangyçlary halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýardy. Onuň ýolbaşçylygynda Özbegistan täze durmuşy gurmagyň düýpli meselelerini çözdi hem-de uly üstünlikleri gazandy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Karimowyň türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşandygyny aýratyn belledi, ol gatnaşyklar hemişe ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän biziň halklarymyzyň gadymdan gelýän dostluk we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Biz ony örän söýýärdik, ol Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy boldy hem-de biziň halkymyzyň arasynda uly hormatdan peýdalanýardy. 

Türkmenistanyň Baştutany Yslam Abduganiýewiçiň  aýdan many-mazmunly sözlerini ýatda saklaýandygyny, onuň durmuşda iň gymmatly zat, bu biziň  ýurtlarymyzyň arasyndaky ynamdyr, bu örän uly baýlykdyr, biz hemişe onuň gymmatyna düşünmelidiris hem-de ony berkitmelidiris diýip aýdandygyny ýatlady. 

Türkmenistanlylar siziň ýurduňyzyň iň ýakyn dostlary bolmak bilen,  bu gün siz bilen hasrat çekip, siziň derdiňizi paýlaşýarlar. Diňe bir paýtagtymyzyň däl-de, eýsem, tutuş  ýurdumyz boýunça seýilgähler, meýdançalar Yslam Karimowyň adyny göterer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy.     

Görnükli döwlet işgäri, öz Watanynyň wepaly ogly Yslam Abduganiýewiç Karimow baradaky ýakymly ýatlamalary biz hemişe öz kalplarymyzda saklarys. Boljak işe çäre ýok. Yslam Abduganiýewiç Karimowyň bitiren işleri, goý, geljekki nesiller tarapyndan dowam etdirilsin diýip, türkmen Lideri  hoşlaşyk çykyşyny tamamlady we Yslam Awduganiýewiç Karimowyň ýatan ýeriniň ýagty hem-de jaýynyň jennet bolmagyny, Beýik Biribardan oňa iman baýlygyny bermegini diledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Yslam Karimowyň ýagty ýadygärliginiň hormatyna gül çemenini goýdy hem-de oňa baş egip, özbek Lideriniň hatyrasyny tutdy. Türkmen Lideri Yslam Abduganiýewiçiň  dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, Özbegistanyň hökümetiniň agzalaryna, tutuş özbek halkyna duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan - ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan – ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir