Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Stambul Şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” Atly Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi
Stambul Şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi" Atly Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi
Stambul Şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi" Atly Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi

Stambul Şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi” Atly Kitabynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Stambul şäherinde ýerleşen abraýly uniwersitetleriñ biri bolan Bahçeşehir uniwersitetinde, Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyñ tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaraly çärä Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory Professor Doktor Şenaý Ýalçyn, Stambul uniwersitetiniň mugallymy Dosent Doktor Nurjan Güder, Ata Watan žurnalynyň baş redaktory Döwran Orazgylyjow, Türkmenistan-Türkiýe raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ismail Nejdet Aýgün, Bahçeşehir uniwersitetiniň mugallymy Dosent Doktor Maksat Aşyralyýew we jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynda bilim alýan daşary ýurtly we Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory Professor Doktor Şenaý Ýalçyn, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Myratgeldi Seýitmämmedow, Bahçeşehir uniwersitetiniň mugallymy Dosent Doktor Maksat Aşyralyýew, Stambul uniwersitetiniň mugallymy Dosent Doktor Nurjan Güder, Serdar Nurmedow, Ata Watan Türkmenistan žurnalynyň baş redaktory Döwran Orazgylyjow, Bosfor gazetiniň baş redaktory Talha Balyk we Türkmenistan-Türkiýe raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ismail Nejdet Aýgün dagylar çykyş etdiler.

2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Stambul şäherinde ýerleşen abraýly
2017-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan Stambul şäherinde ýerleşen abraýly

Dabaraly çärede çykyş edenler kitabyň gysgaçy mazmuny, bölümleri, onuň içinde beýan edilýän pikirler, kitabyň aýratynlyklary we beýleki ähmiýetli taraplary barada bellenmek bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň kitabynda köpugurly ykdysady, syýasy we durmuş ähmiýeti barada, kitapda Ýüpek ýolunyň medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, siwilizasiýalaryň ösmegine, medeni mirasa hormat goýmaga, durmuş-ykdysady abadançylyga ymtylmaga, Günbataryň we Gündogaryň arasynda ykdysady, ylmy we medeni baglanyşygyň berkemegine uly orun berilýändigi barada pikirleri beýan etdiler.

Mundan başga-da çärä gatnaşanlar täze söwda ýollarynyň we ugurlaryň döremegine Beýik ýüpek ýolunyň esaslandyrylan döwründe dörän we häzirki wagtda kämilleşýän halkara ulag ulgamlaryň aýrylmaz gatnaşyjysy bolan Türkmenistanyň wajyp orny barada aýratyn durup geçdiler.

Soňra bolsa çärä gatnaşyjylara we myhmanalara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/7826

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir