Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Stambulda Nowruz Baýramy Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirildi
Stambulda Nowruz Baýramy Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirildi
Stambulda Nowruz Baýramy Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirildi

Stambulda Nowruz Baýramy Mynasybetli Baýramçylyk Çäresi Geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türmenistan döwletimiz toýdyr-baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny gorap saklamak we täzeden dikeltmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatyň täzelenýän döwrüniň, ýagny bahar paslynyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramy Türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Garaşsyz Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramy her ýyl uly joşgun bilen bellenilip geçilýär.

2017-nji ýylyň 21-nji martynda Stambul şäheriniň Topkapy sebitinde ýerleşýän medeniýet seýilgähinde, Stambul welaýatynyň häkimligi tarapyndan Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli şüweleň geçirildi. Bu medeni çärä Stambul welaýatynyň häkimi Wasip Şahin, Stambul şäher häkimi Kadir Topbaş, etraplaryň häkimleri, ýerli häkimiýetleriň wekilleri, dürli ýurtlaryň raýatlary, Stambul şäherinde ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanly talyplar we ildeşlerimiz gatnaşdylar. Şüweleňiň dowamynda, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan guralan sergide Berkarar döwletimiziň gazanýan ajaýyp üstünlikleri barada gürrüň berýän žurnallar we materiallar bilen tanyş boldular. Aýratyn-da, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek maksady bilen, bu Oýunlary mahabatlandyryjy suratlar görkezildi hem-de Aziada-2017 mynasybetli neşir edilen žurnallar we tanyşdyryş kitapçalary şüweleňe gelen gatnaşyjylara paýlanyldy. Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen bu medeni çäräniň dowamynda, Stambul şäherinde bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň milli lybaslarymyzda ussatlyk bilen ýerine ýetiren küştdepdi tansyna gatnaşyjylaryň ählisi joşgunly el çarpmalar bilen tomaşa etdiler. Şeýle hem, bu ýerde ýerleşen Türkmen öýi iň gelim-gidimli ýerleriň biri bolup, ol ýerde medeni eserler, türkmen milli lybaslary we diýarymyzyň dürli künjeginiň ajaýyp suratlary ýerleşdirilen. Hususan-da, çärä gatnaşyjylar Türkmen öýüniň baş töründäki kitaphanada ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň ýazan kitaplary bilen hem tanyş boldular.

Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen şüweleňe gelen gatnaşyjylara Türkmen milli naz-nygmatlary we Türkmen palawy hödür edildi. Uly joşguna beslenen çäräniň ahyrynda Türkmen talyplary özleri üçin atalyk aladasyny edýän hem-de Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alyp, gerekli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman we alyp barýan döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/3693

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir