Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Suwdan Rejeli Peýdalanmak – Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Strategiýasy
Suwdan Rejeli Peýdalanmak – Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Strategiýasy
Suwdan Rejeli Peýdalanmak – Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Strategiýasy

Suwdan Rejeli Peýdalanmak – Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Strategiýasy

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy geçirildi. Bu baýramçylyk türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini şöhlelendirmek bilen, köpmüňýyllyk taryhynyň dowamynda suwa bolan garaýşyny aýawly saklaýar.

Türkmenistanda suwarymly ekerançylygyň däp-dessurlary öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdýar. Muňa baýramçylyga gelen myhmanlar suw göteriji çarhyň – jykyryň kömegi bilen gadymy suwarylyş usuly bilen tanyş bolmak arkaly, şeýle hem ata-babalarymyzyň gymmatly suwy düýelerde getirişlerini synlamak bilen göz ýetirdiler. Häzirki döwürde suwarmak üçin güýçli sorujy beketler hem-de uzalyp gidýän ýaplar ulanylýar. Olaryň kömegi bilen oba hojalyk ekin meýdanlary suw bilen üpjün edilýär.

…Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ägirt uly suw hojalyk taslamalary amala aşyrylýar, ýerleri suwarmak meseleleri täzeçil çözülýär. Bularyň hemmesi dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de degişlilikde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny berkitmäge ýardam edýär.

Suw gorlaryny netijeli peýdalanmak döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmak bilen, ol ilkinji nobatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly bolup durýar.

Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, ýerleri şorlaşmakdan goramak—miraplaryň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi bilen şor suwlaryny sowujy akabalar ýokary netijeli gidroulgama birleşdirildi. Bu ägirt uly taslamanyň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygy dowam edýär, ol oba hojalygynyň hajatlary üçin ýerasty suwlaryny ikilenç peýdalanmagyň mümkinçiliklerini artdyrýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäniň örän uly çölleriniň biri bolup durýan Garagum çölüniň merkezinde täze kölüň döredilmegi daşky gurşawy goramak babatda oňyn şert bolup durmak bilen, diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär.

Suw we beýleki tebigy serişdeleri goramak we dikeltmek, çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagy, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiki meselelerini çözmegiň başyny başlady. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologik Maksatnamasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda gurluşygy alnyp barylýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz üstünlikli ekerançylygyň hem-de suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen bu ulgamda ylmy barlaglary geçirmegiň öň hatarynda çykyş etmek bilen, beýleki döwletleri hem suw gorlaryndan rejeli peýdalanmaga çagyrýar.

Bu ägirt uly gidrotehniki desganyň işläp başlamagy balyk hojalygyny ösdürmek üçin döredilen suw howdanlaryny we akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Häzir kölde mesgen tutan balyklaryň dürli görnüşleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir