Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Synag Ýaryşlary: Meýletinçileriň Ruhlandyrýan Pursaty
Synag Ýaryşlary: Meýletinçileriň Ruhlandyrýan Pursaty
Synag Ýaryşlary: Meýletinçileriň Ruhlandyrýan Pursaty

Synag Ýaryşlary: Meýletinçileriň Ruhlandyrýan Pursaty

Meýletinçiler Oýunlaryň ýokary guramaçylykly geçmegine uly goşant goşýarlar. Bu aprel aýynda geçirilen “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlarynda aýdyň göründi. Talyplaryň 1200-den gowragy ýaryşyň 8 gününiň dowamynda meýletinçi hökmünde ýardam berdiler we berlen ýumuşlara jogapkärçilikli çemeleşdiler, sebäbi olar işi ýokary derejede ýerine ýetirmegi maksat edindiler.

Synag ýaryşlaryna gatnaşmazyndan öň, meýletinçiler tälimçilik okuwynyň birnäçe tapgyrlaryna gatnaşdylar. Soňra olar dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge bellendiler. Ilkinji ýyldyzlar jogapkärçiligi talap edýän synagda özüniň başarjaňlygyny we ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezip, hatda işiň dowamynda lezzet aldylar. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň 16-syndan gatnaşan ýardamçylar türkmen medeniýetiniň aýratynlyklaryny alamatlandyrýan ýaşyl reňkli ýörite lybaslaryny geýip, bu çärede ähli adamlar köpçüligini ruhlandyrdylar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Rahym Hojagulyýew şeýle diýdi: “Ilkinji ýyldyzlar hökmünde gatnaşmak diýseň gyzyklydyr we täze açyşlary öz içine alýan gaýtalanmajak tejribedir. Men täze başarnyklary hem-de täze zatlary öwrenmäge taýýar. Biz kömek etmäge, berlen tabşyryklary ýerine ýetirmäge we Ilkinji ýyldyzlaryň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýardyrys.”

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Muhammet Kadyrow: “Men meýletinçi hökmünde gatnaşýandygyma buýsanýaryn we ondan lezzet alýaryn. Meýletinçi bolmak maňa geljekki kärimde zerur bolan endikleri ulanmaga gowy mümkinçilik boldy. Men toparda işlemekde, dürli adamlar bilen aragatnaşyk saklamakda, maňa ynanylan tabşyryklary meýilleşdirip ýerine ýetirmekde tejribe gazandym. Men Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi men iň naýbaşy Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmekde öz goşandymy goşup bilerin” diýip aýtdy.

Biziň Ilkinji ýyldyzlarymyz Aşgabat 2017-de özüni gowy görkezip biler ýaly öz tälimçilik okuwlaryny dowam ederler.

Ilkinji ýyldyzlar baradaky täze habarlary biziň internet sahypamyza geçirip bilersiňiz: https://ashgabat2017.com/volunteers

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir