Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar
Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar
Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar

Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar

Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşyna we ýetginjekleriň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Biziň watandaşlarymyzyň ýaryşyň birinji güni görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 29-sy bilen ýetirilip, olaryň 6-sy altyn, 9-sy kümüş we 14-si bürünç medallardan ybarat boldy.

Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň “ne-waza” we “duo” ugurlary boýunça geçirildi. Biziň türgenlerimiz Kemal Meredow, Myrat Gimmiýew, Döwran Myradow, Nasibjan Izbasarow we Maral Öwezgeldiýewa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.

Allamyrat Garaýew, Jelilmuhammet Hojamyradow, Mekan Nurjikow, Jonybek Atajanow, Läle Nuryýewa, Ulýana Kudinowa, Ogulnar Atdaýewa, Aýsoltan Garçowowa we Wioletta Krowýakowa kümüş medallara mynasyp boldular.

Ýalkym Nuryýew, Rahat Kurbanow, Rahmet Taganow, Mergen Joraýew, Mergen Tejenow, Amina Halyllaýewa, Dinara Jumadurdyýewa, Gülbahar Madreýimowa, Madina Aýdogdyýewa, Patma Hojyýewa, Göwher Atdaýewa, Leýli Kulyýewa, şeýle hem Ýusup Taňryberdiýew, Ýalkym Nuryýew, Myrat Gimmiýew we Jelilmuhammet Hojamyradow “duo” görnüşinde jübütleýin ýaryşlarda çykyş edip, bürünç medallary gazandylar.

Biziň türgenlerimizi bu ýaryşlara Türkmenistanyň söweş sungatlary federasiýasynyň halypalary Döwletmyrat Kasymow we Omar Muhammetnazarow taýýarladylar.

Jiu-jitsu Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär, şonuň üçin Tailandda geçirilýän ýaryşlar ýurdumyzyň taryhyndaky iri sport wakasyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüldi.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir