Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Taýlandyň Ýygyndy Topary Dördünji Çempionlygyny Gazanmak Isleýän Ýaponiýanyň Futzal Ýygyndysynyň Öňünde Iň Uly Güýç Bolup Dur
Taýlandyň Ýygyndy Topary Dördünji Çempionlygyny Gazanmak Isleýän Ýaponiýanyň Futzal Ýygyndysynyň Öňünde Iň Uly Güýç Bolup Dur
Taýlandyň Ýygyndy Topary Dördünji Çempionlygyny Gazanmak Isleýän Ýaponiýanyň Futzal Ýygyndysynyň Öňünde Iň Uly Güýç Bolup Dur

Taýlandyň Ýygyndy Topary Dördünji Çempionlygyny Gazanmak Isleýän Ýaponiýanyň Futzal Ýygyndysynyň Öňünde Iň Uly Güýç Bolup Dur

Eýranly garşydaşlaryny ýeňmek bilen öňden bar bolan ahmyryny çykaran Ýaponiýanyň ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal oýnunda altyn medaly eýeläp, Aziýa oýunlarynda 4-nji gezek çempion bolmagy maksat edinýärler.

Ýaponiýanyň ýygyndysy ýarym finalda özleriniň köne garşydaşlary Eýran Yslam Respublikasynyň toparyny 2-0 hasap bilen ýeňip, altyn medala ýene bir ädim ýakynlaşdy. 25-nji sentýabrda, duşenbe güni Ýaponiýanyň ýygyndysy Köpugurly sport toplumynda Taýlandyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýaponiýanyň futzal ýygyndy topary 2013-nji ýylda Malaýziýada geçirilen Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň çempionatynyň final oýnunda Eýranyň ýygyndysyndan utulandan bäri bu ýeňlişiň ahmyryny çykarmak üçin amatly pursata garaşýardy.

Ýygyndynyň kämil goranyş usullary, Mutsumi Sakatanyň tora salan 2 sany topy we derwezewan Aýaka Yamamotonyň derwezesini ussatlyk bilen goraýşy olary gün-günden finala ýakynlaşdyrdy.

Ýaponiýanyň ýygyndysynyň oýunçylary bar ünslerini bir maksatda jemlediler. Ol hem 4-nji Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň final oýnunda Taýlandyň ýygyndy toparyndan üstün çykmak.

“Biz futzal toparymyzyň öňki oýunçylarymyzyň abraýyny saklamak üçin ýeňmeli. Biz bu derejäni elden bermeli däl. Biziň üçin iň esasy zat diňe Eýranyň ýygyndysyndan üstün çykmak däldi, has dogrusy çempion bolmakdy” diýip, Sakata begenjini paýlaşýar.

Ýaponiýanyň tälimçisi Masanori Ito hersi üýtgeşik taktikada oýnaýan bu iki güýçli toparyň geçirjek duşuşygy örän ajaýyp we ýatdan çykmajak final oýny bolar diýip çaklaýar.

“Biz Taýlandyň ýygyndy toparynyň hüjüm edýän taktikasyna garşy topar bolup oýnamaly we goranyş taktikamyzy ulanmaly. Bu ýaryş gaty gyzykly geçer” diýip, Ýaponiýanyň tälimçisi Ito bu oýnuň ähmiýeti hakynda gürrüň berdi.

Ýaponiýanyň ýygyndy topary Eýranyň ýygyndysyndan üstin çykdy. Eýranly oýunçylaryň 39 gezek topy tora salmaga mümkinçiligi boldy. Olaryň on altysy edil nyşana gönükdirildi, emma utuk gazanyp bilmediler.

“Meniň oýunçylarym diýseň gowy oýun görkezdiler, emma şu gezek üstünlik biziň tarapymyzda bolmady” diýip, Eýranyň tälimçisi Şahrzad Mozafar gynanç bilen aýtdy. Ol: “Men bu netijä diýseň gynanýaryn, emma oýun oýun bolýar. Her näme-de bolsa, ýeňleniňi boýun almaly” diýip, sözüniň ahyrynda belledi.

Taýlandyň futzal ýygyndysy şu wagta çenli zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda 2 sany kümüş we 2 sany bürünç medalyň eýeleri boldular. Olar ýaryşlarda ýeňiş gazanmak üçin ussat we güýçli topary taýýarladylar.

Taýlandyň ýygyndy topary ýekşenbe güni geçirilen ýarym final oýunda Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndysyny 4-1 hasap bilen ýeňdi. Sasiça Phothiwong bu oýunda ýene 2 sany topy derwezä salmak bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilen futzal ýaryşynda derwezä iň köp top salan oýunçy boldy.

Taýlandly zenan futzalçylar Aşgabat 2017-de geçirilen futzal oýnunyň ähli tapgyrlarynda özleriniň ussatlygyny görkezdiler. Toparyň menejeri Adisak Benjasiriwan Ýaponiýanyň ýygyndysyndan üstün çykmak üçin toparynyň hüjüm etmegiň inçe tilsimleriniň özleşdirendiginy belledi. Soňra ol: “Bu ýere gelmezden öň biz Ýaponiýa syýahat etdik we awgust aýynda Malaýziýada geçirilen günorta-gündogar Aziýa çempionatlarynda ýeňiş gazandyk. Biz inçe tilsimleri we ussat taktikasy bolan güýçli topary taýýarladyk” diýip, gören taýýarlyklary hakynda gürrüň berdi.

“Olar barha kämilleşýärler. Şeýle-de biz şu ýyl milli ligada çykyş edýän klubymyzy döretdik. Toparymyzda köne oýunçylarymyz bilen bir hatarda birnäçe täze oýunçylar hem bar” diýip, Taýlandyň menejeri sözüni dowam etdirdi.

“Iň esasy zatlaryň biri hem, biz fiziki tarapdan kämilleşmeli. Özümiziň ussatlygymyzy we öňdeligimizi saklamak hem-de biz altyn medaly eýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar” diýip, Benjasiriwan öňde goýan maksady bilen paýlaşdy.

Ussat oýunçy Phothiwong öňki Oýunlarda gazanan medallarynyň sanyny artdyrmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
“Mende iki sany bürünç we iki sany kümüş medal bar. Indi altyn medal gazanmaklygyň wagty geldi” diýip, bu oýunlaryň ussat oýunçysy Phothiwong arzuw edýän ýeňşi barada gürrüň berdi.

Eýranyň we Hytaýyň ýygyndylarynyň arasynda bürünç medal ugrundaky ýaryş sagat 17:00-da, şeýle hem Ýaponiýa bilen Taýlandyň ýygyndylarynyň arasynda altyn medaly eýelemek ugrundaky ýaryş bolsa 19:00-da Köpugurly sport desgada geçiriler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir