Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Tbiliside Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi
Tbiliside Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi
Tbiliside Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi

Tbiliside Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Geçirildi

Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministrliginiň mejlisler zalynda şu ýyl “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Agzalan maslahat Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan we Gruziýanyň Daşary işler, sport we ýaşlaryň işi boýunça ministrliginiň ýakyndan ýardam bermeginde gurnaldy. Bu dabara ýurduň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, dürli sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary we türgenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylara, Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna geçirmek bilen bagly amala aşyrylýan ägirt uly taýýarlyk işler barada wideo şekiller görkezildi.

Soňra maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Muratow, Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministriniň orunbasary Ş.Gogoladze, Ministrligiň Sporty öwrenmek we seljeriş departamentiniň başlygy W.Leparteiani, “Akhali Sakartwelo” Media holdingiň ýolbaşçysy B.Naçkebiýa dagylar çykyş etdiler.

Ilçi D.Muratow öz çykyşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada umumy maglumat berip, oýunlaryň taýýarlygy we geçirilmegi boýunça geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy.

Öz gezeginde Gruziýanyň Sport we ýaşlaryň işi boýunça ministriniň orunbasary Ş.Gogoladze şular ýaly uly çäreleriň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýändigini aýdyp, V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

“Akhali Sakartwelo” Media holdingiň ýolbaşçysy B.Naçkebiýa 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen media-forumyna gatnaşandygyny ýatlap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň abraýy diňe bir ösen ykdysadyýetli döwlet hökmünde tanalman, eýsem ösen sport döwleti hökmünde tanalyp başlandygyny nygtady.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir