Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / (TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär
(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär
(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik 2017-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna (22.01.2017) çenli dowam eder.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan milli walýutada BÄSLEŞIK yglan edýär:

Rezerwuarlary satyn almak boýunça

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine ýüz tutmaly we:

– bäsleşik boýunça teklipler milli walýutada kabul edilýär (manatda);

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

– «Harytlary satyn almak, amallary ýerine ýetirmek, döwlet üçin zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

– tehniki talaplary almaly;

– 575 amerikan dollaryny töläp tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Lot boýunça gerekli bolan ähli maglumatlary ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender boýunça teklipler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine tender neşir edilen senesinden soňky 6 aýyň dowamynda kabul edilýändir.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Teklipler möhürlenen iki sany bukjada tabşyrylmalydyr. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada hyzmatlar üçin nyrhlary ýazylan teklipler bolmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 96-2-79, (arzany ugratmak üçin tel/faks: +993243 2-27-62, 2-22-04)

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir