Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar
TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar
TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar

TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar

«Türkmengaz» DK-nyň inžiniring we gurluşyk müdirýetiniň hünärmenleri turba geçirijiniň ugrunyň 70-nji kilometrinde geljekki binanyň guruljak ýerini bellediler we ol ýere inženerçilik ulgamyny – gaz geçirijini, elektrik ulgamyny we suw çekýärler. Şol bir wagtyň özünde turba geçirijiniň elektrik-tehniki böleginiň, ulanyljak ýoluň we onuň ýerüsti kömekçi hojalyklarynyň taslamasy taýýarlanylýar.

Ýurduň içinden geçýän täze gaz ugruny taýýarlamaga türkmen tebigy gazynyň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak we türkmen ýangyjyny täze dünýä bazarlaryna çykarmak işlerine işjeň gatnaşýan kärine ussat hünärmenler gatnaşýarlar.

Inžiniring we gurluşyk müdirýetiniň hünärmenleri uly möçberli bu işi durmuşa geçirnäge-de işjeň gatnaşýarlar. Ägirt uly „Galkynyş“ gaz ýatagyndan tä Owganystan bilen serhede çenli 214 kilometrlik strategik gaz geçirijiniň türkmen böleginde gaz geçirijiniň taslamaçylary turba çekmek üçin inženerçilik-gözleg işlerini, 50 kilometrlik böleginde bolsa geljekki gaz geçirijiniň tehnologik bölegini tamamladylar.

Iki ugurda- täze ugurlardan daşary ýurtlara ibermek we ýurduň içerki talaplaryny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan gaz geçiriji infrastrukturasyny ösdürmäge gatnaşýan hünärmenler „Gündogar-Günbatar“ gaz geçirjisini Owadandepede gurulýan tebigy gazdan euro-5 ölçegli benzin öndürmek boýunça gaz-himiýasy toplumyny birleşdirjek gaz geçirijiniň taslamasyna girişdiler.

7 kilometrlik gaz geçirijiden ony gaýtadan işlemek boýunça önümçilige ýylda 2 milliard kub metr tebigy gaz geler. Şol bir wagtyň özünde taslama guramasy Gyýanlyda gurulýan polietilen we propilen öndürmek boýunça gaz himiýasy ýaly özboluşly binanyň taslamasyny işläp taýýarlaýar. Inženerlerimiziň çyzgysy boýunça kömekçi önümçiligiň ekologiýa taýdan möhüm bölegi—100 gektar ýerde bugardyjy howuz gurlar. Bu döwrebap desga iň täze tehnologiýalar ulanylyp, himiýa önümçiliginde ulanylan tehniki suwy daşky gurşawa zelel ýetirmän peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir