Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkiýe Bilen Türkmenistanyň Arasynda Resminamalaryň Tassyklanyş Usuly Üýtgedi
Türkiýe Bilen Türkmenistanyň Arasynda Resminamalaryň Tassyklanyş Usuly Üýtgedi
Türkiýe Bilen Türkmenistanyň Arasynda Resminamalaryň Tassyklanyş Usuly Üýtgedi

Türkiýe Bilen Türkmenistanyň Arasynda Resminamalaryň Tassyklanyş Usuly Üýtgedi

Türkmenistanda iş alyp barýan köp sanly hususy firmalara, döwlet edaralaryna we raýatlara maglumat bermek maksady bilen Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçihanasy bildiriş çap etdi we täze usulyň düzgünleri beýan edildi.

Bildirişde resminamalaryň tassyklanyş usuly giňişleýin beýan edilýär.

Şoňa laýyklykda Türkiýede berilen resminamalaryň Türkmenistanda güýjüni saklamagy üçin;

i. Berilen resminamadaky gol we möhür, resminamany beren edaranyň degişli bolan welaýat häkimligi tarapyndan tassyklanmaly; soň häkimligiň goly we möhüri Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ankaradaky esasy binasyndaky Konsullyk bölüminde tassyklanmaly; soň bolsa şol resminama Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde ýerleşýän İlçihanasy ýa-da Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçihanasy tarapyndan tassyklanmaly.
Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň goly we möhüri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda ýerleşýäň İlçihanasy tarapyndan tassyklanan halatynda, Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçihanasy tarapyndan tassyklanmagy hökman däl.

Türkmenistanda berilip, Türkiýede ulanyljak resminalaryň tassyklanyşyna hem Türkiýedäkä meňzeş düzgünler girizildi.

i. Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan berilen resminamalar ilki Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanmaly; soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan tassyklanan resminamanyň goly we möhüri Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçihanasy tarapyndan tassyklanar.
Beýannamada türkmen dilinde berilen resminamalaryň Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçihanasy tarapyndan ykrar edilýän terjime ofislerinden biri tarapyndan ediljek terjimesiniň hem ozalkysy ýaly İlçihana tarapyndan tassyklanmaga dowam edilýändigi habar berildi.

Çeşme: trtturkmen

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir