Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” Ýaryşynda Gazanan Bäş Medaly
Türkmen Gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” Ýaryşynda Gazanan Bäş Medaly
Türkmen Gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” Ýaryşynda Gazanan Bäş Medaly

Türkmen Gimnastikaçysy Dominika Reýmeriň “Singapore Open” Ýaryşynda Gazanan Bäş Medaly

Türkmen türgeni Dominika Reýmer çeper gimnastika boýunça 10 ýaşa çenli çagalaryň toparynda “Singapor Open” 14-nji halkara ýaryşynyň barşynda üç altyn we iki kümüş medaly eýelemegi başardy. Bu ýaryşa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 100-e golaý türgen gatnaşdy.

Biziň ildeşimiz ýüpli bökmekde, köp görnüşli ýaryşlarda we esbapsyz çykyş etmekde hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Ol ikinji orna toply ýaryşda hem-de toparlaýyn hasapda mynasyp boldy.

Munuň özi D.Reýmeriň halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanan ilkinji ýeňşi däldir. Geçen aýda Malaýziýanyň paýtagty Kuala –Lumpurda geçirilen ýaryşda hem ol altyn medala mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz özüniň halkara sport ýaryşdarynda gazanan üstünliklerini halypalary – meşhur hytaýly tälimçi Zoý Tiankeniň hem-de bir mahallar sportuň şu görnüşi boýunça Russiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden Ýuliana Kuznesowanyň tutanýerli zähmeti bilen baglanyşdyrýar.

Häzirki wagtda türkmen gimnastikaçysy Tailandda geçiriljek ýaryşlaryň birnäçesine taýýarlyk görýär. Oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda sportuň şü görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu ýaryşlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanýar.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir