Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Hünärmenleri Deňiz Ggiňişligini Meýilnamalaşdyrmagy Öwrenýärler
Türkmen Hünärmenleri Deňiz Ggiňişligini Meýilnamalaşdyrmagy Öwrenýärler
Türkmen Hünärmenleri Deňiz Ggiňişligini Meýilnamalaşdyrmagy Öwrenýärler

Türkmen Hünärmenleri Deňiz Ggiňişligini Meýilnamalaşdyrmagy Öwrenýärler

Aşgabatda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly okuw tapgyry dowam edýär, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Okuwy HUI-niň Germaniýadan, Fransiýadan, Maltadan tejribeli mugallymlar alyp barýarlar.

2013-2017-nji ýyllarda Halkara umman instituty bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda her ýyl “Hazar deňzi– Durnukly ösüş we dolandyrmak” atly okuw maslahaty geçirilýär. Onuň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri bilen baglanyşykly iş alyp barýan hünärmenleri okadylýar.

“Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly okuwyň maksady türkmen hünärmenlerine deňiz giňişliginde meýilnamalaşdyrmak; deňiz we kenarýaka ekoulgamlarynyň adam üçin ähmiýetine toplumlaýyn düşünmek; kenar ýakalarynda we deňiz zolagynda iş geçirilende dürli edaralaryň bähbitlerini utgaşdyrmak; seljeriş başarnyklaryny, hyzmatdaşlyk we gepleşikleri geçirmek, jemagat öňünde çykyş etmek babatynda bilimlerini artdyrmak we iş tejribesinde başarnyklaryny gowulandyrmak babatynda mümkinçilik bermek bolup durýar.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň deňiz giňişliklerini we kenarýaka çäklerini meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda tebigy serişdeler, balyk hojalygy, syýahatçylyk, ulag, deňiz serişdelerini işläp taýýarlamak, şeýle hem Hazar deňzinde pudagara utgaşdyrmak işleri bilen meşgullanýan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri çagyryldy.

Okuwlar iş tejribeleri esasynda guralandyr we deňiz we kenarýaka zolaklarynyň meýilnamalaşdyrylmagyna hem-de dolandyrylmagyna ekoulgamlaýyn çemeleşmeleriň şu umumy ýörelgelerini we böleklerini öz içine alýar: meýilnamany düzmek; gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagyny guramak; şertlere baha bermek we seljermek; giňişleýin meýilnamalaşdyrmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we makullamak; meýilnamany ýerine ýetirmek, oňa gözegçilik etmek, barlamak we üýtgetme girizmek.

Okuw durmuş tejribelerini we meselelerini öz içine alýar hem-de okatmagyň interaktiw usullaryny peýdalanmak arkaly geçirilýär. Gysgaça giriş nazaryýet bölüminden soňra diňleýjiler işçi toparlaryna bölünerler hem-de amaly tabşyryklara gatnaşmak üçin bilermenleriň wezipelerini paýlaşarlar. Mugallymlar diňleýjilere nazaryýet we usulyýet kömegini berýärler. Okuwyň ahyrynda iş toparlary hem-de bilermenler öz meýilnamalary bilen tanyşdyrarlar.

21-nji iýula çenli dowam edýän okuw tapgyrynyň jemleýji bölegi okuwa gatnaşyjylara alan nazaryýet bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir