Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Işewürligi Tatarystanyň Işewür Jemgyýetçiligi Bilen Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär
Türkmen Işewürligi Tatarystanyň Işewür Jemgyýetçiligi Bilen Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär
Türkmen Işewürligi Tatarystanyň Işewür Jemgyýetçiligi Bilen Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär

Türkmen Işewürligi Tatarystanyň Işewür Jemgyýetçiligi Bilen Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär

Innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça daşary ýurtlaryň iň oňat tejribesiniň öwrenilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde goýan wezipeleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmegine ýurdumyzy senagat taýdan galkyndyrmagyň kuwwatly serişdesi, bäsdeşlige ukyply eskport ugurly täze pudaklaryň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümçilikleriň döredilmegi hökmünde garaýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna bolan iş saparyndan dolanyp geldi. Wekiliýet ol ýere Aşgabat-Kazan ugry boýunça “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ilkinji gatnawy bilen ugrapdy. Sapar dostlukly ýurduň Maýa goýum ösüşi agentliginiň çagyrmagy boýunça amala aşyryldy.

Kazanda wekiliýetimiziň agzalary bilen geçirilen işewür gepleşikleriň hem-de geňeşmeleriň maksatnamasyny Tatarystanyň kiçi we orta işewürliginiň kärhanalarynyň assosiasiýasynyň baştutany bilen bolan duşuşyk açdy. Duşuşyk hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada bu düzümiň wekilleri bilen geçirilen özara pikir alyşmalar bilen dowam etdi. Kärdeşler özara mümkinçiliklere garadylar, iri kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşdylar, göni gatnaşyk etmegiň ugurlaryny bellediler.

Türkmen telekeçileri “Nefis-produkt” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine baryp gördüler. Bu jemgyýet Russiýada maýoneziň, üwmeçleriň, souslaryň dürli görnüşlerini öňdebaryjy öndürijileriň biridir (kompaniýa Russiýa Federasiýasynyň şeýle kärhanalarynyň iň irileriniň dördüsiniň hataryna girýär). Bu ýerde myhmanlar üçin döwrebap biogaplamadaky az ýagly topara degişli azyk önümlerini çykarýan önümçilik toplumynyň tanyşdyryşy guraldy.

Wekiliýetimiziň agzalaryna önümçilik bölümlerinde PET-gaplaryň (ozalky aýna gaplary çalşan azyk önümlerini gaplamaga niýetlenen polietilentereftalat gaplary) önümçiligi, önümleri çekip gaplaýjy ugurlar boýunça täze tehnologiýalar, taýýar önümleri saklamaga niýetlenen ammarlar görkezildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň wekilleri zawody synlamagyň hem-de tehnologik işleri bilen tanyşmagyň barşynda iki ýurduň işewür düzümleriniň hyzmatdaşlyk etmeginiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetinde Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanowyň türkmen işewürler wekiliýetini kabul etmegi işewür saparyň iş maksatnamasynyň aýratyn wakasyna öwrüldi. Duşuşyga Tatarystanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. Respublikanyň Baştutany özara bähbitli türkmen-tatar işewür aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi we goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de hususy ulgamyň derejesinde özara hereket etmek arkaly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek we giňeltmek boýunça tekliplerini beýan edip, ygtyýarly adamlara şeýle hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmek we onuň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmek barada tabşyryk berdi.

R.Minnihanow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniňdöreýiş taryhy hem-de alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu birleşmä ýurdumyzda döwlete degişli däl ulgamyň ösdürilmegine, milli ykdysadyýete goşýan goşandynyň artmagy üçin has amatly ýagdaýyň döredilmegine örän uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Duşuşykda innowasion taýdan ösdürilmegine aýratyn üns berlip, Türkmenistan bilen Tatarystanyň işewür jemgyýetçiliginiň ýakynlaşdyrylmagynyň hem-de mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagynyň wajypdygy we onuň ugurlaryny tapmagyň möhümdigi bellenildi. Bu baradaky gürrüňler maglumat tehnologiýalary ulgamynda tutuş Gündogar Ýewropada iň iri işewürlik toplumy bolan IT-seýilgähe türkmen wekiliýetiniň baryp görmeginiň barşynda has giňişleýin beýan edildi.

Mundan başga-da, Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministrliginde hem-de Söwda-senagat edarasynda netijeli we maglumata baý bolan duşuşyklar geçirildi. Degişli ugurly pudak edaralaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda anyk meseleler boýunça geçirilen işewür gepleşikleriň tapgyrlary ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi barada giňişleýin düşünjäniň döremegine ýardam berýär.

Kazanda türkmen işewürleri “Himgrad” Tehnopolise hem baryp görüp, dürli polimer önümçilikleri boýunça köpsanly bölümleri we zawodlary hem-de polimerden taýýarlanan önümleri, lak-reňkli önümleri hem-de beýlekileri synladylar. Tanyşlygyň barşynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de bu senagat toplumynyň binýadynda türkmen çig malyny peýdalanmak bilen önümçiliklekri döretmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň sapary, oňa gatnaşanlaryň pikirine görä, Russiýa Federasiýasynyň Taratystan Respublikasy bilen dostlukly we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi Aşgabat-Kazan ugry boýunça türkmen howa gatnawynyň peýda bolmagy bilen aýratyn möhümdir. Bu ugur telekeçilik ulgamynda, senagatda, ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hem-de medeniýet, syýahatçylyk, bilim ulgamlarynda aragatnaşyklary has-da depginli ösdürmek üçin goşmaça şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabadyň howa gatnawlarynyň hataryny artdyran täze ugur döwlet Baştutanymyzyň Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan köpsanly türkmen talyplary baradaky aladasy hem bolup durýar. Çünki olar ýokary hünär derejesine eýe bolan hünärmenler bolup, ertir geljegiň bähbidine şu günden düýbi tutulýan meýilnamalary amal etmelidirler.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir