Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Açylyş Dabaralary
Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Açylyş Dabaralary
Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Açylyş Dabaralary

Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Açylyş Dabaralary

Ak mermerli paýtagtymyzda täze binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary geçirildi. Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 316-sy ulanmaga berildi. Olara 330-dan gowrak maşgala göçüp bardy. Şeýle hem “Altyn zaman” söwda we hyzmatlar merkezi açyldy, ol A.Nowaýy köçesiniň Görogly şaýoly bilen kesişýän ýeriniň golaýynda ýerleşýär.

Ir bilen täze ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Olar dürli öwüşginli şarlar bilen bezeldi. Bu ýere Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäher ýaşaýjylary ýygnandy.

Eziz Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary täze öýlere göçüp gelýänleri binalaryň açylmagy bilen gutlamaga geldiler, olar dürli öwüşginli aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, bagtyýar durmuş hem-de döredijilikli zähmet, türkmenistanlylaryň amatly şertlerde dynç almaklary ugrunda döredilýän ähli şertler üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri göwrümli maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, ähli ýerlerde köp sanly häzirki zaman senagat, durmuş we medeni maksatly desgalar bina edilýär.

Milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri türkmenistanlylary hemmetaraplaýyn amatly, häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek bolup durýar. Soňky ýyllarda maşgalalaryň müňlerçesi ajaýyp we belent binalarda täze öýleriň, şeýle hem kottej görnüşli jaýlaryň eýeleri boldular. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna müňlerçe maşgalalaryň göçüp barmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp alamaty bolup, onuň belent döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň beýanyna öwrülýär.

Muňa paýtagtymyzyň demirgazyk çägindäki Çoganlyda emele gelýän täze ýaşaýyş toplumy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan gurluşyk kompaniýalary tarapyndan iki gatly kottejler toplumy bina edildi. Olaryň 16-sy 2 maşgala üçin niýetlenendir. Bu iri maýa goýum taslamasyna 2014-nji ýylda badalga berildi. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bu ýerde 70 gektar ýer bölünip berildi. Gurlup, ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda meýdany 315 inedördül metrden geçýän öýler hem-de meýdany 305,83 we 298,09 inedördül metre deň bolan 5 otagly kottejler hem bar.

Ähli binalar özboluşly binagärlik görnüşine eýedir, olarda özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamlary döredilendir: ýyladyş we jaýlaryň howasyny tämizleýiş ulgamlary, zerur gaz, elektrik enjamlary bilen üpjün edilendir, telewideniýe, internet hem-de telefon aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilendir. Öýler göwnejaý derejede meýilnamalaşdyrylypdyr. Täze jaýlarda göz öňünde tutulan giň otaglar, myhman otagy, eýwan, ýatylýan otaglaryň birnäçesi hem-de beýleki jaýlar amatlylyk babatda ýokary talaplara laýyk gelýär. Kottej jaýlarynyň her biriniň ýanynda mellek ýeri we şahsy awtoduralga bar.

Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, awtomobil ýollary çekilipdir, olaryň umumy uzynlygy 9 kilometre, ini 9 metre deňdir. Şeýle hem bu ýerde ýanýodalar, gül ekilen ýerler, yşyklandyryş çyralary gurnalypdyr. Suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryny döretmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirilipdir.

Döwlet tarapyndan netijeli goldawyň berilmegi netijesinde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleriniň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň — toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, sebitleriň deňeçer ösdürilmegi, häzirki zaman ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, ýaşaýyş jaý gurluşygy we beýlekileriň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň kärhanalary we firmalary — olaryň döwlete degişlileri hem, hususy bölege degişlileri hem taslamalar düzülende hem-de dürli maksatly iri desgalar bina edilende, gurluşyk senagatynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny netijeli özleşdirmek we ulanmak bilen daşary ýurt kompaniýalary bilen deň derejede bäsleşýärler we tabşyrylan işleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze öýleriň bagtyýar eýelerine ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy. Olar öz şatlyklaryny paýlaşyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine hemişe üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän ajaýyp işlerinde tükeniksiz gujur-gaýrat we täze üstünlikler arzuw etdiler.

Soňra dürli reňkli şarlar asmana göterilýär. Asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä, dabara ýygnanan myhmanlara toý pişmesi we beýleki süýji tagamlar hödür edildi, olar täze öýlere girip görmäge hem-de ýaşaýjylaryň şatlygyny paýlaşmaga çagyryldylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda haryt bolçulygyny döredip, içerki bazary zerur önümler bilen doldurmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Aşgabatda we sebitlerimizde gurlan, iň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap söwda merkezleri, dükanlary, bazarlar we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyzy, ýurdumyza ýyl-ýyldan barha köp gelýän daşary ýurtly myhmanlary ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün edýärler.

“Altyn zaman” söwda we hyzmatlar merkeziniň täze dört gatly binasynyň meýdany 2945,83 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde aşgabatlylaryň durmuş hyzmatlaryna bolan barha artýan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Ajaýyp tekjeler bilen bezelen täze desgada milli binagärlik, nusgawylyk we döwrebaplyk sazlaşykly utgaşýar. Binanyň birinji we ikinji gatlarynda hojalyk-durmuş harytlaryny, gurluşyk serişdelerini we mebelleri, elektron we durmuş tehnikalaryny, haly önümlerini we beýleki harytlary hödürlemäge ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirilipdir.

Dizaýnerler haly önümlerini we halk amaly-haşam sungatynyň önümleri ýerleşdirilen söwda öýüni bezemäge döredijilikli çemeleşipdirler. Bu ýerde owadanlygy bilen haýran galdyrýan halylary we el halylaryny, şeýle hem bezegli tahýalary we beýleki nepis tikin önümleriniň nusgalaryny görmek bolýar.

Göwnejaý enjamlaşdyrylan, bezeg taýdan özüne çekýän bu tekjeler ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny pugtalandyrýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine, ösen tehnologiýasyna eýerýän önüm öndürijilerimiziň ajaýyp gazananlaryny beýan edýär. Söwda zallarynyň owadanlygy we giň möçberliligi, alyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň degişli derejesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, merkeziň binasynda dolandyryş, edara, şeýle hem kömekçi we ammar jaýlary ýerleşýär. Merkeziň daşky bezeginde ak mermer we çal reňkli granit ulanylypdyr.

Mahlasy, bu ýerde alyjylar üçin döredilen ähli amatlyklar bilen bilelikde işgärler we hyzmat edýän adamlar üçin hem göwnejaý zähmet şertleri döredilipdir. Merkeziň durmuş üpjünçiligi ulgamy üçin birnäçe tehniki desgalar hem gurlupdyr. Bu binanyň gatlarynyň arasyndaky arabaglanyşyk basgançaklar bilen birlikde, ýolagçy we ýük liftleriniň, şeýle hem eskalatorlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Merkeziň töwereginde otly meýdançalar, suw çüwdürimli howuzlar bar. Şeýle hem bu ýerde açyk awtoduralga enjamlaşdyrylypdyr.

Dünýäniň iň gözel hem ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli Aşgabat ýyl-ýyldan öz çäklerini giňeldýär hem-de täze ýaşaýyş binalaryny hem-de durmuş maksatly beýleki desgalary özünde jemleýär. Şu gün bolup geçen täze binalaryň açylyş dabaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistany ösdürmegiň döredijilikli strategiýasynyň aýdyň alamatlarydyr. Munuň özi abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan döwletimiziň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir