Baş Sahypa / SPORT / Türkmen Türgenleri-Jübütleýin Ýaryşlaryň Ýeňijileri
Biziň watandaşlarymyz 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça geçirilýän halkara ýaryşynyň ýeňijileri boldular.

Türkmen Türgenleri-Jübütleýin Ýaryşlaryň Ýeňijileri

Biziň watandaşlarymyz 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça geçirilýän halkara ýaryşynyň ýeňijileri boldular. Bu ýaryş paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk tennis toplumynyň meýdançalarynda geçirilýär. Bu üstünligi türkmen türgenleri Allanur Garryýew we Andreý Kaşenko jübütleýin bäsleşiklerde Russiýanyň toparynyň wekillerini final duşuşykda ýeňip, gazanmagy başardylar.

Biziň tennisçilerimiz birinji döwde oýnuň ýokary depginlerini görkezip, bäsdeşleri-N.Çuýewi we D. Spasibony 6:1 iri hasap bilen ýeňdiler.Ikinji döwüň başynda türkmenistanlylar öňe çykdylar, şeýle-de bolsa russiýalylar ýeňiş gazanmagy hem-de hasaby 6:4-e ýetirmegi başardylar. Şeýlelikde, hasap deňleşip (1:1) oýun taý-breýkde (gysgaldylan oýun) dowam etdi.

Goşmaça döwürde bäsleşik birmeňzeş ýagdaýda geçdi. Hasap 8:8 bolanda, russiýaly tennisçileriň pökgüsi iki gezek meýdançadan çykyp, Allanur Garryýewiň we Andreý Kaşenkonyň ýeňiş gazanmagyny-10:8 bolmagyny üpjün etdi. 

Gyzlaryň toparynda altyn medallary russiýa-gazak jübüti-Darýa Detkowskaýa-Wasilisa Polunowa gazanyp, olar jemleýji tapgyrda Russiýanyň toparyndan bolan tennisçileri—Alýona Kubanowany we Kristina Sawwini 7:5, 6:4 hasaby bilen ýeňdiler. 

Şeýle hem şu gün ýekelikdäki ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ýetginjekler toparynda watandaşlarymyzyň birbada  üçüsi çykyş etdiler. Arslan Oraşewiň we Hajymyrat Çaryýewiň (ikisi hem Türkmenistanyň toparyndan) arasyndaky oýun has dartgynly boldy. Birinji döwde Arslan öz bäsdeşini 6:0 hasaby bilen ýeňip, öňe çykdy. 

Ikinji döwde H. Çaryýew oýnuň ýagdaýyny üýtgedip, ilkinji artykmaçlygyny gazandy, hasap 3:0 boldy. Ýöne takyk, aýlawly urgulary geçirmegi netijesinde A. Oraşew oýny öz peýdasyna-6:4 hasabynda tamamlamagy hem-de finalda özüne orun üpjün etmegi başardy.

24-nji sentýabrda geçiriljek aýgytlaýjy  duşuşykda Arslan Oraşew jübütleýin ýaryşlaryň ýeňijisi Andreý Kaşenko bilen duşuşar. Ol ikinji ýarym final duşuşykda Adil Karimowy (Özbegistan) 6:1, 6:1 hasaby bilen ynamly ýeňdi.

Gyzlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň jemleýji tapgyrynda medallar ugrunda Polina Gubina (Ukraina) hem-de “Ashgabat-Cup-2016” ýaryşynyň kümüş baýragynyň eýesi—Özbegistanyň toparyndan Ýasmina Karimžanowa bäsleşerler. 

Meňzeş Täzelikler

Ilkinji Ýyldyz - Musa Bilen Tanşalyň!

Ilkinji Ýyldyz – Musa Bilen Tanşalyň!

Ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Aşgabat Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir