Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmen Ýaşlarynyň Wekilleri Iňlis Dili Boýunça Bäsleşdiler
Türkmen Ýaşlarynyň Wekilleri Iňlis Dili Boýunça Bäsleşdiler
Türkmen Ýaşlarynyň Wekilleri Iňlis Dili Boýunça Bäsleşdiler

Türkmen Ýaşlarynyň Wekilleri Iňlis Dili Boýunça Bäsleşdiler

Täze okuw ýylynyň öňýanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda iňlis dili boýunça bäsleşik gurady. Oňa sebitleriň ählisiniň we paýtagtymyzyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda mekdep okuwçylary, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ucurymlary, ýaş hünärmenler bar.

Ýerlerde bäsleşigi guramaga iňliz dili mugallymlary kömek etdiler. Umumymilli bäsleşigiň paýtagtymyzda geçirilen jemleýji tapgyryna otuz adam gatnaşdy.

Bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyry interaktiw görnüşde geçdi. Oňa gatnaşanlar iňlis dilinde tematiki söhbetdeşlik geçirdiler, göni terjime etdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerini we onda baýrakly orunlary alanlary sylaglamak dabarasy Jemgyýetçilik guramalry merkezinde boldy. 7 adam bäsleşikleriň ugurlary boýunça sylaglanyldy. Baş baýraga Balkan welaýatyndan Rumyniýanyň nebit-gaz ýokary okuw mekdebiniň ikinji ýyl talyby Şamuhammet Hajyýew mynasyp boldy.

Birinji orny Aşgabadyň 20-nji umumy orta bilim berýän mekdebiniň okuwçysy Kerwenmyrat Myradow eýeledi. Ikinji orny paýtagtyzmydan mekdep okuwçysy Güljahan Annagurbanowa bilen Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň uly synp okuwçysy Gülşat Hojamgullyýewa paýlaşdylar. Üçünji orna aşgabatly Döwran Şammyýew, Selbi Seýitgulyýewa we Ýuliýa Gluhowa dagy mynasyp boldylar. Baýrakly orunlary eýelänlere gymmatly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň jemini jemläp, onuň guramaçylarynyň biri-Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Batyr Taýmazow Ýaşlar guramasynyň howandarlygynda geçirilýän aň-paýhas bäsleşikleriniň däbe öwrüljekdigini belledi. Şeýle bäsleşikler we döredijilik gözden geçirişleri şahsy ösüşi, täze bilimleri öwrenmegi höweslendirýär we ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek bolsa, täze bilimler we mümkinçilikler dünýäsine ýol açýar.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir