Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / “Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar

Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi.

Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki amala aşyrylyşy taraplaryň ikisiniň hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy maksat edinýändigine şaýatlyk edýär.

Aşgabat-Ýerewan göni gatnawyň açylmagy bilen, Türkmenistanyň milli howa ulgamy Kawkaz sebitiniň ugruna tarap öz ulag-üstaşyr mümkinçiligini artdyrdy. Ýaýbaňlandyrylan gatnaw ulgamynyň kemala getirilmegi dowam edýär we ýakyn wagtda oňa täze sebit we sebitara ugurlar goşular.

Türkmen howa ugurlary halkara uçuşlarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Munuň özi dünýäniň belli öndürijileriniň iň täze howa tehnikalaryny getirmegiň hasabyna raýat awiasiýasynyň tehnikalar ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny alyp baryp, netijeli peýdalanýan dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň köprüsini gurmaga ýardam berýär.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir