Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenhowaýollary Gullugynyň Uçarmanlar Düzümi Paýtagtymyzyň Täze Aeroport Toplumynyň Trenažor Merkezinde Hünärini Ýokarlandyrýar
Türkmenhowaýollary Gullugynyň Uçarmanlar Düzümi Paýtagtymyzyň Täze Aeroport Toplumynyň Trenažor Merkezinde Hünärini Ýokarlandyrýar
Türkmenhowaýollary Gullugynyň Uçarmanlar Düzümi Paýtagtymyzyň Täze Aeroport Toplumynyň Trenažor Merkezinde Hünärini Ýokarlandyrýar

Türkmenhowaýollary Gullugynyň Uçarmanlar Düzümi Paýtagtymyzyň Täze Aeroport Toplumynyň Trenažor Merkezinde Hünärini Ýokarlandyrýar

Howa gämisi uçuş-gonuş zolagyna tarap haýaljakdan ýöräp barýar. Onuň tigirleriniň plitalaryň sepleşýän ýerine düşýän tyrkyldysy eşidilýär, uçarmanlar kabinasynyň daşynda ýyldyrym çakýar. Ine-de, uçar uçuş-gonuş zolagyndan bat alaýar. Ol emaý bilen asman sary göterilýär, şäher ho-ol aşakda ýöne bir sudur bolup galýar…

Bu uçuş NG tapgyrdan «Boing-737» uçarynyň uçarmanlar trenažorynda howa gämisiniň baştutany Azat Nepesow bilen ikinji uçarman Serdar Baýramgeldiýewden ybarat ekipaž tarapyndan hakyky uçuşa meňzeş türgenleşik hökmünde geçdi.Olar «Türkmenhowaýollary» Gullugynda golaýda açylan trenažor merkezinde türkmen uçarmanlaryndan ilkinji bolup hakyky ýagdaýa golaý şertlerde türgenleşik geçdiler.

NG tapgyrdan «Boing-737» uçarynyň trenažory howa gämileriniň ekipažlaryna adaty şertlerde hem, howply ýagdaýlarda hem hereketleri özleşdirmäge mümkinçilik berýär-diýip, Awiasiýa hünärmenlerini taýýarlaýan mekdebiň ýolbaşçysynyň uçuş taýýarlygy boýunça orunbasary Wadim Sigow gürrüň berýär.-Trenažoryň kabinasy edil uçaryňky ýaly, ýöne uçarmanlaryň kürsüsiniň ýeňse tarapynda dolandyryjy kompýuterler monitory bar, instruktor olaryň kömegi bilen ekipažyň öňünde wezipeleri goýýar. Ýörüte programmalar «uçaryň daşynda» amatsyz şertleri-tüweleýler, ýere ýakynlan bulutlar, güýçli şemal ýaly ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berýär. Trenažor uçary herekete getirij döwlen, ýangyn dörän, ýer bilen aragatnaşyk ýiten, uçaryň asmandaky dürli ýagdaýlarda-gonuşda, ikinji aýlawa gidendäki we ş.m. ýagdaýlarda ekipažyň sazlaşykly hereketini synamaga mümkinçilik berýär.

Täze tapgyrdaky trenažorlar ekipaža bary-ýogy birnäçe sagatda uçuşdan tä gonuşa çenli gözi bilen görübem , enjamlar boýunça hem, näbelli aerodroma gonmaga taýýarlyk ýaly uçuşyň ähli ugurlaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, trenažorda inžener-tehniki işgärleriň-de hünärini ýokarlandyrmak bolar. Oňa bu enjamy öndürýän Kanadanyň CAE kompaniýasyda okap gelen ýerli hünärmenler hyzmat edýärler.

«Türkmenhowaýollary» Gullugynyň döwrebap trenažor merkezi Aşgabadyň täze aeroport toplumynyň gurluşygynyň barşynda döredildi we soňky tapgyryň enjamlary bilne enjamlaşdyryldy, toplumyň düzüminde «Türkmenhowaýollary» Gullugynyň Awiasiýa hünärmenlerini taýýarlaýan mekdebi (AHTM) we türgenleşik merkezi bolup, onda “Boing-737” trenažoryndan başga-da AHTM-nyň uçarmanlar fakultetiniň talyplaryna uçuş endiklerini öwretmek üçin «Daýmond» okuw uçarynyň türgenleşdirijisi hem oturdylandyr. Merkeziň üç gatly binasynda multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, ýörüte kitaphana ýerleşýär.

NG tapgyryndaky «Boing-737» uçarlarynyň ekipažlarynyň ählisi ýaňy-ýakyna çenli uçar öndürýän kompaniýanyň Angliýada ýerleşýän okuw merkezinde ýylda iki gezek hünär sapaklaryny geçerdiler. Indi bolsa, olar AHTM-da hünärini ýokarlandyrýarlar, bu bolsa hünärmenleri taýýarlamagy oňaýlaşdyrmaga we ep-esli möçberde walýuta serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berdi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir