Baş Sahypa / YLYM / Türkmenistan-BMG: Ýokary Bilim Ulgamynda Hyzmatdaşlyk
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlanan “Ählumumy durnukly ösüş ulgamynda ulagyň ähmiýeti” atly BMG-niň talyp modeli 1-nji talyp Nusgasyndaky forumy geçirildi.

Türkmenistan-BMG: Ýokary Bilim Ulgamynda Hyzmatdaşlyk

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlanan “Ählumumy durnukly ösüş ulgamynda ulagyň ähmiýeti” atly BMG-niň talyp modeli 1-nji talyp Nusgasyndaky forumy geçirildi.

BMG-niň modeli talyplaryň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň işini ýerine ýetirýän pursatlaryny janlandyrýar. BMG  modeline  gatnaşyjylar bolan agzalar, başlyklar, synçylar we bilermenler BMG-a agza ýurtlaryň resmi wekilleriniň we onuň komitetleriniň gün tertibinde durýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gelen halkara guramalaryň agzalarynyň keşbini ýerine ýetirdiler. Modele gatnaşmak üçin wekiller agzalar maglumatlardan doly habarly bolmalydyrlar we gün tertibiň meseleleri boýunça komitetiň iş dilinde öz ornuny ynandyryjy beýan etmelidirler. Her komitetiň ahyrky maksady bu mesele boýunça kararnama kabul etmekden ybaratdyr. 

Oňa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryndan başga-da, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary, halkara guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary gatnaşdylar.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady sebitleýin bölüminiň we sosial toparynyň baştutany hanym Tiziana Bonapasa BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň talyp modeli- 2016-a gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň  iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň çäklerinde belent mertebeli myhman Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine baryp gördi. BMG-niň ýörelgelerini öňe ilerletmäge we Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de giňeltmäge goşan şahsy goşandy üçin BMG-niň Baş sekretaryna bu ýokary okuw mekdebiň Hormatly doktory diýen dereje berilmegi esasy şanly waka boldy.

Belent mertebeli myhmah öz gezeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine onuň BMG-niň “Akademiki täsir hereketi” atly ählumumy ösüş başlangyjyna goşulýandygyny alamatlandyrýan ýörite sertifat gowşurdy. Onuň özi BMG-niň Maksatlaryna goldaw bermegiň çäklerinde ýokary okuw mekdepler bilen öazara gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen çäredir. Oňa goşulmagy dünýä bileleşiginiň öňündäki bitewi jogapkärçiligi we bir medeniýeti kemala getirmek maksady bilen çäreleri hem-de ylmy-barlaglary guramak we geçirmek boýunça işjeň hereket edýän talyplaryň we alymlaryň arasynda agzalygyň artýandygyny alamatlandyrýar.  

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar üçin dürli sebitleriň döwletleriniň, abraýly halkara guramalarynyň we işewür toparlaryň wekilleriniň ornunda çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Forumyň gün tertibi ulag pudagyna maýa goýum, ony maliýeleşdirmek, ulagyň howpsuz durnukly ösüşi, ekologiýa ulgamy ýaly meseleler girizildi.

Şunuň bilen birlikde maslahatyň jemleri boýunça kabul edilmegi meýilleşdirilýän kararnamanyň mazmunyny ylalaşmak boýunça ýörite iş toparyň mejlisi  geçirildi. 

BMG-niň Modeline gatnaşdyrylmagy ýaş nesillerde paýhas taýdan ösüşi we döredijilik ukyplarynyň ýokarlanmagyny, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Şeýlelikde, dürli ýurtlaryň we halklaryň, bilim ulgamlarynyň arasynda baglanyşdyryjy bölüm bolan özboluşly “paýhas diplomatiýasyny”, häzirki we geljekki ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň arasynda pugta hyzmatdaşlyk “köprüsini” emele getirýär. 

Häzirki döwürde bilim ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini äşgär edýär. Munuň özi ugurdaş hereketleriň täze derejesiniň emele gelýän döwri bolan bilimiň, tehnologiýalaryň, paýhas we döredijilik işjeň herekete girizilýän täze eýýamyň başlanýandygyny äşgär edýär. 

Meňzeş Täzelikler

Gara Sazaklyklar Garagumyň Ekologiýa Ulgamynda Möhüm Ähmiýete Eýedir

Garagumyň Üňüz aňyrsynyň günbatar bölegi we „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň golaýyndaky Gaplaňgyr düzlügi …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir