Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistan Dünýäniň Ulag Ulgamyna Işjeň Goşulyşýar
Türkmenistan Dünýäniň Ulag Ulgamyna Işjeň Goşulyşýar
Türkmenistan Dünýäniň Ulag Ulgamyna Işjeň Goşulyşýar

Türkmenistan Dünýäniň Ulag Ulgamyna Işjeň Goşulyşýar

2016-njy ýyl ulag düzümini düýpli dörebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylan ýyly hökmünde eziz Watanymyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Demir ýollarynyň we giň awtobanlaryň gurlan müňlerçe kilometrleri, şeýle hem taslamasy düzülýän ugurlary, bar bolan deňiz we howa menzilleriniň gurulmagy we hereket edýänleriniň durkunyň täzelenilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yklymyň möhüm söwda ýollarynyň kesişýän ýerinde Türkmenistanyň kuwwatly halkara üstaşyr-ulag merkeziniň döredilmegine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ulag toplumynyň—onuň ähli pudaklarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny çalt ösdürmäge we düýpli dörebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ýurdumyz aýratyn amatly geografik ýagdaýy eýeläp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm logistik merkez hökmünde öz orunyny ynamly berkitmek bilen ählumumy bähbidiň hatyrasyna degişli ulgamda öz ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.

Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek hakynda Rezolýusiýany kabul etmegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dünýä döwletleriniň 85-si şol resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. Biziň ýurdumyzyň başyny başlan hem-de Milletler Bileleşiginiň derejesinde biragyzdan kabul edilen bu resminama halkara ulag meselelerine degişli ikinji resminama bolup durýar. 2014-nji ýylda şeýle resminamanyň yzysüre bu kararnamanyň kabul edilmegine ähli derejelerde we ençeme ugurlar boýunça geçirilýän işler ýardam etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ady agzalan Kararnamalarynyň amala aşyrylmagy hem-de pudak edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirmek babatda 2016-njy ýylyň ýanwarynda sebit we halkara häsiýetli iri çäreleriň birnäçesiniň geçirilmegini göz öňünde tutýan meýilnama işlenip taýýarlanyldy, onda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata möhüm orun berilýär.

Mälim bolşy ýaly, gün tertibine ulag ulgamy ýaly strategik ugurda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseleleri girizilen maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda noýabr aýynda geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun geldi.

Türkmenistanda şeýle ähmiýetli çäräniň geçirilmegi biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna eýe bolandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assableýasynyň belent münberinden beýan eden hem-de ulag-aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirililen başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Şol teklipleriň möhümdigi we zerurlygy aýdyňdyr, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gös-göni täsir edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Degişli ugurda, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde umumy tagallalary birleşdirmk işinde möhüm orun eýelemek bilen Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde iri düzüm taslamalarynyň başyny başlaýar hem-de üstünlikli amala aşyryp, sebit we dünýä derejesinde köp ugurly ulag düzümini döretmäge uly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Maslahatda eden çykyşynyň barşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-niň derejesinde ulag meseleleri boýunça ählumumy gatnaşyklary ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş etmek bilen, häzir bu wezipäniň Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen gös-göni bagly bolup durýandygyndan hem ugur aldy. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň esasy wezipelerini çözmegi, tutuş dünýäde millionlarça adamlara hyzmat etmegi, dünýä serişdelerini aýawly saklamagy we artdyrmagy ugur edinýän döwrebap ulag arhitekturasyny döretmek—adamyň alyp barýan işi babatda halkara strategiýasynyň wezipesi bolup durýar.

Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag düzüminiň ösdürilmegi döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulmagy arkaly olaryň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň arasynda ösüş derejesinde hem-de olardan ýaşaýan halklaryň durmuş derejesinde
deň ölçegde bolmazlygy aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Döwrebap ulag we üstaşyr düzümi döretmek, onuň çäklerini giňeltmek häzir diňe ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň, goşmaça serişdeleriň we beýleki artykmaçlyklaryň kemelmegini däl-de, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny aňladýar. Hut adamlar, olaryň zerurlyklary hemişe ösüşiň ülçegi bolmalydyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany bu ýagdaýyň doly derejede ulag ulgamyna degişli bolup durýandygyny belledi. Şunda döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş çözgütleri ornaşdyrmak arkaly ulag akymlarynyň we düzümiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugur bolmaly.

Maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Mysal üçin, Türkmenistan Transaziýa demir ýollary boýunça Hökümetara ylalaşygyna, Aziýa awtomobil ýollary boýunça Hökümetara ylalaşygyna, Gury portlar hakynda Hökümetara ylalaşygyna, Serhetlerde ýükleri barlamagyň şertlerini ylalaşmak Hakynda halkara konwensiýa goşuldy.

Biziň ýurdumyz gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar bilen birlikde netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny artdyrmak, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulmak işinde ähmiýetli ädim ätdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sebitiň ykrar edilen ylalaşdyryjy we şonuň bilen birlikde iri ykdysady, işewürlik we medeni merkezi hökmünde berkarar bolýar. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri ählumumy ösüşiň meýillerine hem-de gadymy türkmen topragynyň taryhy wezipesini—siwilizasiýalaryň çatrygy bolup hyzmat etmek, şol sanda ýurduň döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi bilen baglylykda hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek meýillerine gabat gelýär.

Ulag-üstaşyr ulgamyny döretmegiň ilkinji hatarynda demir ýol pudagy durýar. Ol beýleki ugurlar bilen bir hatarda uly üstünlikleri gazandy. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly aýdyň şaýatlyk edip, ol bir ýylda ýükleriň 10-12 million tonnasyny geçirmäge ukyplydyr.

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Eýrana tarap Sarahs demirýol menziliniň üsti bilen synag konteýner otlusy geçdi, ol Hytaý- Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň iri senagat merkezi—Çžeszýan gündogar welaýatynyň Iu şäherinden ugran demirýol otlusy HHR-niň demirgazyk günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda ýerleşen Alaşankou geçiriş nokadyndan geçip, 5 günde 4 müň 491 kilometr aralygy geçdi. Soňra otly dört gije-gündiziň dowamynda Gazagystanyň çäginden geçdi—bu aralyk Türkmenistan bilen serhede çenli 3 müň 417 kilometre barabardyr.

Bu transmilli ýoluň türkmen bölegi Serhetýaka menzilinden Sarahsa çenli uzalyp gidýär. Bu aralyk 1 müň 156 kilometre deň bolup, ony geçmek üçin deslapdan iki gün gerek bolar diýlip hasaplanyldy, ýene üç günden bolsa otly ahyrky nokadyna—Eýranyň paýtagty Tähran şäherine baryp ýetdi.

Şeýlelikde, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaý, ony geçmek üçin gerek bolan wagt bolsa iki hepdä golaý bolup, ol ortaça alanyňda deňiz ýolundan iki esse tiz geçmäge mümkinçilik berýär. Deňiz ýoluna 25-30 gije-gündiz wagt gerek bolýar. Geçilýän ýoluň wagtynyň ep-esli azalmagy ulag çykdajylarynyň ep-esli kemelmegini aňladýar, ýagny ýoluň ykdysady peýdasy artýar.

Ykdysady bähbitden başga-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýoly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň täsirli usuly bolup durýar. Ýurtlaryň halkara bazarlaryna bökdençsiz we gysga ýol bilen çykmagy, harytlary we hyzmatlary ygtybarly we durnukly iberilmegi häzir tutuş dünýäde umumy ýagdaýa, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine we ugruna, ol ýa-da beýleki döwletleriň dünýä ösüşiniň özgertmelerine täsirini ýetirýär.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýoly hem Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky halkara ulag gatnawlarynda möhüm halka bolup, onuň gurluşygyna 2013-nji ýylyň iýunynda badalga berildi.

2016-njy ýylyň 28-nji noýarbynda bolsa Ymamnazar demil ýol menzilinde transmilli polat ýolunyň birinji nobatdakysyny-Aziýa halkara demirýol ulag geçelgesini işe girizmek dabarasy boldy. Sebit ýollarynyň “altyn halkasyna” öwrüljek täze Atamyrat-Ymamnazar-Akina ýolunyň işe girizilmegini alamatldandyrýan dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Elbetde, bu demirýoluň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň üstaşyr ulag kuwwatyny netijeli amala aşyrmak üçin, olaryň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagy üçin täze mümkinçilikler dörär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan bu taslamasy ýurdumyzyň Demirýol ulaglary ministrliginiň edara–kärhanalary tarapyndan amala aşyryldy. Uzynlygy 88 kilometr bolan demir ýoluň ugrunda uzynlygy 256 we 363 metr bolan iki sany uly köpri hem-de 8 sany emeli desga guruldy. Gülüstan we Ymamnazar demirýol wokzallary, täze menziller hem-de tehniki we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi. Çölüň ýowuz şertlerinde bu ýoly özleşdirmek üçin köp tagalla we serişde zerur boldy, ätiýaçlyk we gapdal ýollary we beýlekiler guruldy.

Ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň eýe bolan döwrebap tehnikalary we enjamlary, işleriň sowatly we dessin guralmagy geljegi uly bolan taslamany amala aşyrmagyň barşyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Halkara demir ýollarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar içerki çäkleri hem sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär. Wagtyň görkezişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt depginlerde özleşdirmäge we rejeli peýdalanmaga ýardam edip, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeledi.

Çöldäki ýerlere täze ýollar bilen birlikde suw we elektrik togy gelýär, aragatnaşyk ulgamy çekilýär, ýaşaýyş jaýlary we durmuş desgalary gurulýar. Türkmen hünärmenleri Ymamnazar menzilinden Owganystanyň çäginde ýerleşýän Akina çenli demir ýoluny hem çekdiler.

Iki ýurduň depginli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini has-da ösdürmäge, iri durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi bilen bagly işleri çözmäge kuwwatly itergi berer, maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam eder, Owganystandaky ýagdaýlara oňyn täsir eder.

Täze ýoluň ulanmaga berilmegi “Günbatar-Gündogar” we “Demirgazyk- Günorta” ugry boýunça aragatnaşygyň halkara ulgamyny döretmek babatda zerurdyr. Ol bütin Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawynyň has oňaýly utgaşdyrylan ulgamynyň kemala getirilmeginde aýratyn orun tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu taslamasy sebitiň syýasy ösüşi babatda-da möhümdir. Häzir halkara jemgyýetçiligi Merkezi we Günorta Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine uly tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Şunuň bilen baglylykda, bir bölegi Owganystanyň çäklerinden geçjek demir ýoluň gurluşygy bu ýurduň Merkezi we Günorta Aziýanyň syýasy we ykdysady durmuşyna, bu sebitleriň ösdürilmegine uly goşant goşmaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň dürli görnüşlerini giňeltmäge ukyply deňhukukly hyzmatdaş hökmünde goşulyşmagy üçin möhüm ýagdaýa öwrüler.

Täze ugur boýunça Owganystana ugradylan ilkinji otly düzümi türkmen önümleri ýüklenen 46 wagondan ybarat boldy: undan, bugdaýdan, sementden 10 wagon. Beýleki ýükleriň hatarynda kükürt, karbamid bar.

2016-njy ýylyň başyndan Türkmenistandan Owganystana iberilen ýükleriň umumy möçberi 1,4 million tonnadan gowrak boldy. Şolaryň 865,4 müň tonnasy nebit önümleri, 310,7 müň tonnasy suwuklandyrylan gaz, 121,7 müň tonna bugdaý we bugdaý uny, 18,2 müň tonna beýleki harytlardyr.

Atamyrat-Ymamnazar-Akina şahasy açylmazdan ozal, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky daşalýan ýükleriň ähli möçberi Serhetabat-Turgundy hem-de Kelif-Termez-Mazari-Şarif demir ýol geçelgeleri boýunça gatnadylýardy. Özi-de, bu ähli möçberiň 75 göterimini (559,8 müň tonna) türkmen harytlary hem-de 25 göterimini (182,7 müň tonna) beýleki ýurtlaryň harytlary emele getirýär. Görnüşi ýaly, täze ýoluň peýdasy örän aýdyň, ýöne onuň ähmiýeti indi-indi görnüp başlaýar we ol bu ugra täze çäkleriň barha köp goşulyşyna görä öz çäklerini giňelder.

Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)—Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) täze polat ýolunyň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesi: birinji tapgyr. Türkmenistan XXI asyryň geoykdysady kartasynda” diýen at bilen owadan suratlar bilen bezelen ýörite neşiriň çykarylandygyny bellemek gerek.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen neşir okyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag strategiýasy, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň netijeleri, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna olaryň ýetirýän oňyn täsiri, onuň çäkleriniň depginli ösüşi we gatnawlaryň dünýä ulgamlaryna goşulyşmagy barada seljerme berýän syny hödürleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ykdysadyýetiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy amala aşyrylýan mahaly, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň her bir pudagy uly wezipeleri çözýär. Demir ýol önümçilik düzümi hem täzeden galkynyp başlady—täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýalary satyn alyndy, hereket edýän düzüm bölümleri tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, olaryň kuwwaty ençeme esse artdy.

Ýörite Türkmenistan üçin taýýarlanan ýolagçy wagonlary döwrebap bezegi bilen tapawutlanýar hem-de howa çalşyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa aýratyn amatlylyk döredip, syýahat etmegi oňaýly we ýakymly edýär. Olarda şeýle hem işgärleriň işlemegi üçin hemme şertler göz öňünde tutulypdyr.

Mysal üçin, 2016-njy ýylyň 7-nji aprelinde Demir ýol ulaglary ministrliginiň ygtyýaryna Ukrainada öndürilen hem-de ýurdumyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda getirilen täze ýük wagonlarynyň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Olaryň hatarynda ýükleriň dürli görnüşlerini daşamaga niýetlenen üsti ýapyk wagonlaryň 25-si hem-de ýarym wagonlaryň 25-si bar. Umuman, degişli şertnama laýyklykda, ukrain öndürijilerden 750 (üsti ýapyk wagonlaryň 375-si hem-de şonça möçberde ýarym wagonlar) wagon getiriler.

Awtoýol düzüminiň ösdürilişi barada aýdyp, awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň tutuş taryhymyzyň dowamynda şeýle giň gerim bilen heniz amala aşyrylmandygyny nygtap bolar. Şunda toplumlaýyn işleriň çäklerinde inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň doly çalşyrylmagy, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamynyň ornaşdyrylmagy, elektron maglumat beriş serişdeleriniň, LED-monitorlarynyň we beýlekileriň gurnalmagy göz öňünde tutuldy. Bularyň ählisi ulag akymlarynyň oňaýlyly bolmagyny üpjün etmäge hem-de awtoulag serişdeleriniň barha artýan möçberlerini nazara alyp, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Dünýä ölçegleri dürli sebitleri birleşdirýän çekilýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasydyr. Şoňa laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň (awtobanlaryň) gurluşygy alnyp barylýar. Ine, “Aşgabat-Türkmenbaşy” täze uly ýol “Aşgabat-Daşoguz” awtoýolunyň 24-nji kilometrliginden başlanýar hem-de Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.

Awtobanyň umumy uzynlygy 564 kilometre, giňligi her biriniň ini 15 metr bolup, iki bölege bölünen 34,5 metre deň bolar. Ýoluň tutuş dowamynda barlag geçiriş nokatlarynyň 9-syny, tehniki taýdan hyzmat ediş duralgalaryň 9-syny, awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň 7-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ulanyş hyzmatlary binalarynyň 5-sini, kempingleriň 3-sini, awtomobiller üçin duralgalaryň 20-sini, jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň ugrunda ýol geçelgeleriniň 12-si, demir-beton köprüleriniň 12-si bina ediler. Ýoluň umumy beýikligi ýa-da dykyzlygy 1 metr 22 santimetre deň bolar.

Giriş we çykyş ýerleriniň 9-sy göz öňünde tutulyp, olarda yşyklandyryş we radar ulgamy gurnalar. Täze uly ýoluň tapawutly aýratynlygy onuň beýleki ulag ýollary bilen kesişmeýändiginden ybaratdyr. Mundan başga-da, awtobanlarda pyýada geçelgeleriň bolmagy gadagandyr—bu ýol boýunça diňe ýola goýlan düzgünler boýunça ygtyýar berilýän ýokary tizliklere çenli ýetmäge ukyply awtomobiller hereket edip biler.

Şeýle awtobanlarda welosiped, moped sürmek, oba hojalyk tehnikalarynyň we ýük ulaglarynyň hereket etmegi gadagan edilýär. Haýwanlaryň ýola çykmagynyň öňüni almak üçin howpsuzlyk maksatlary bilen ýoluň bütin dowamynda germewler gurnalar.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurdumyzyň üstünden geçýän ýükleriň akymynyň we möçberiniň her ýylda artmagyna garaşylýar.

Şular bilen bir hatarda, awtoulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Häzirki günde bu ulgam dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň – “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero City”, “Iran Khodro”, “Yutong ZK 6129H”, “PAZ-32054” häzirki zaman ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar şäheriň içindäki we halkara ugurlarda hereket edýär. Täze ugurlar işlenilýär we döredilýär.

Jemgyýetçilik ulaglaryny täzelemek hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň döwründe ýeňil awtoulaglaryň takmynan 400-sini, kiçi awtobuslaryň 120-sini, möçberi boýunça orta göwrümli awtobuslaryň 120-sini hem-de uly awtobuslaryň 100-sini peýdalanmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan çäreleriň ýörite Meýilnamasy işlenip düzüldi, Germaniýadan, Koreýa Respublikasyndan, Eýrandan, Hytaýdan we Ýaponiýadan bolan häzirki zaman awtomobil serişdelerini öňdebaryjy öndürijilerden gelip gowşan teklipler öwrenildi. Bellenilen tertipde
“Hyundai-Elantra”, “HyundaiUnivrseLuxury”, “HyundaiCounty”
kysymly ýeňil awtomobilleri we awtobuslary satyn almak hakynda mesele ylalaşyldy. Şeýle hem Awtomobil ulaglary ministrligi bilen “Hyundai” korporasiýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, 2017-nji ýylda Yewro 4 ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän şäheriçi awtobuslarynyň ortaça 500 birligini satyn almak göz öňünde tutulýar. Olaryň 4-si mümkinçilikleri çäkli bolan adamlara niýetlenendir. Bu ugurda Germaniýanyň “AGT Buswermiyetung Deutschland” hem-de beýleki ýurtlaryň birnäçe kompanýialary bilen gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Aprelde Aşgabatda ulag, logistika we düzümler boýunça türkmen-koreý okuw maslahaty geçirildi. Ol Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýardam bermeginde “Koreýa Respublikasy—Merkezi Aziýa” forumynyň çäklerinde guraldy.

Duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş, Awtomobil we Demir ýol ulaglary, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulaglar ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Bu wekiliýetiň düzümine Awtoýol korporasiýasynyň, Ulag institutynyň hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Daewoo International Corporation”, “Doosan Heavy Industry” we beýleki iri koreý kompaniýalarynyň wekilleri girdiler.

Okuw maslahatynyň barşynda bu ýere ýygnananlar durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň esasy düzgünlerine ünsi çekdiler. Şonda biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman hem-de Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenendir. Şoňa görä-de, ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyryp bilýän ulag-aragatnaşyk toplumynyň tiz ösdürilmegi bu uzakmöhletli maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ýokarda agzalan resminamanyň esasy wezipeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, milli düzümleri has-da giňeltmek boýunça ulag syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

20-nji oktýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň ulag we ýol hojalygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara birleşigi bilen bilelikdäki XXXVIII mejlisi geçirildi. Foruma GDA ýurtlarynyň ministrlikleriniň we ýol edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, Geňeşiň assosirlenen agzalary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň degişli hünär ugurly edaralarynyň hünärmenleri hem-de bu ulgamda işleýän bilermenler gatnaşdylar.

Geňeşiň maksady taslama düzmek, döwletara derejesindäki awtoýollaryň gurluşygy we durkuny täzelemek ulgamynda işleri utgaşdyrmakdan, awtomobil ýollary ulgamynyň tehnologiýa taýdan birligini üpjün etmekden, olaryň düzümlerini ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr.

Mejlisiň gün tertibine ýollary ulanmagyň düzgünlerini işläp taýýarlamak, bu ulgamda özara hasaplaşyklary geçirmegiň toplumlary, awtoýol pudagyna täze tehnologiýalary we serişdeleri ornaşdyrmak baradaky we ençeme beýleki meseleler girizildi. Awtoýollaryň ulanylmagy bilen üstaşyr – ulag geçelgelerini ösdürmegiň, sebitde ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagynyň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar geçirildi.

Türkmenistanyň bu ulgamda maksada gönükdirilen işleri alyp baryp, innowasion tehnologiýalardan ugur alýandygyny bellemek gerek. Şäher emele getiriji möhüm ähmiýete eýe bolan iň döwrebap awtomobil ulag ýollary ulanmaga tabşyrylýar–olaryň ugrunda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik desgalary guruldy we gurulýar. Paýtagtymyzdaky ulag ýollaryny gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça tejribe ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde-de şeýle desgalar döredilende peýdalanylýar.

Deňizde ýolagçy gatnadylyşynyň we ýük daşalyşynyň ösdürilmegine hem Türkmenistan Merkezi Aziýa we Hazar giňişliginiň ýurtlarynyň ykdysady aragatnaşyklaryň halkara ulgamyna doly möçberde goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Eýýäm häzirden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzili sebitiň iri üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Ýakyn ýyllarda bolsa Hazar deňziniň kenarynda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezeleri” diýen belent derejä laýyk gelýän ähli ölçegler boýunça täze deňiz menzili peýda bolar.

Bu uly möçberli maýa goýum taslamasy umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolan awtomobil-ýolagçy ýük gämileriniň terminalynyň hem-de umumy meýdany 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Topluma umumy ýükleýiş terminaly, ürgün ýükleriň terminaly, polipropilen terminaly hem-de 166 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody girýär. Zawodyň taslama kuwwaty hiliň halkara ölçeglerine kybap gelýän häzirki zaman tehnologiki enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen bir ýylda 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýokary tehnologik kärhana dürli häsiýetli (kuwwatlylygy: bir ýylda 20-30 gämi) gämileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyryny ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Zawodyň taslamasy IACS-yň–(International Association Classification Societes) halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda düzüldi. IACS deňizde gatnawlary amala aşyrmagyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ölçegleri we düzgünleri işläp taýýarlamagy öz öňünde maksat edip goýýar. Dünýäniň söwda flotunyň tonnažynyň 90 göterimden gowragy IACS-a agza jemgyýetçiligiň toparynda durýar.

Gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolar. Duralga üçin niýetlenen gidrotehniki desgalary gurmakdan başga-da, kenar düzümleriniň köpsanly desgalaryny bina etmek meýilleşdirilýär. Olara, şeýle hem ulag üpjünçiligi: umumy uzynlygy 3 müň 915 metr bolan estakada ýol aýrytlary bolan awtoýollar hem-de umumy uzynlygy 29 müň 890 metr bolan demir ýollar girer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir ykdysady we işewürlik esaslandyrmalary bilen çäklenmeýär. Türkmenbaşydaky täze deňiz menzili geosyýasata düýpli täsirini ýetirip, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň esasyny düzer hem-de sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýlara özüniň oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ol Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň we howpsuzlygyň wajyp şerti bolmak bilen, yklymda syýasy gatnaşyklaryň ähli ulgamynyň durnuklylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berer.

Täze deňiz menzili Türkmenistanyň ykdysady taýdan öňe gitmegine, senagat we ulag düzümleriniň ösüşine, täze iş orunlaryň döremegine goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem iri maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder.

Halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda gämi abatlaýyş, gämi gurluşygy binýatlaryny, ýolagçy awtomenzilini, logistika merkezini döretmegiň taslamalarynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalary geçirildi. Şunda, deňiz flotunyň Merkezi ylmy-barlag instituty (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan nebit we nebit önümleriniň tehniki näsazlyklar sebäpli dökülmeginiň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça meýilnama işlenip düzüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň ileri ugurlary nazara alnyp işlenip taýýarlanan bu meýilnama nebitiň dökülmeginiň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreleri, bu çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan, degişli enjamlary we gämileri satyn almagy öz içine alýar.

Halkara ulag geçelgesiniň üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşy şäheriniň deňiz menziliniň üstünden biziň ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, awtoulag tehnikalary, metal önümleri, agaç serişdeleri, mineral dökünler getirilýär, daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri, himiýa senagatynyň önümleri äkidilýär. Duralganyň üstünden geçýän ýük gatnawlary soňky ýyllarda üzül-kesil artdy.

Duralga hojalygynyň täze gämiler bilen yzygiderli üsti doldurylýar. Olaryň arasynda «Alaja», «Kenar» nebit guýulýan tankerler, «Älem», «Jahan», «Seýil», «Gudrat» tirkeg gämileri, «Çarlak» atly uly ýolagçy gämisi, «Berkara», «Bagtyýar» paromlary bar.

Häzirki wagtda «Berkarar» we «Bagtyýar» Türkkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzilinden hazarýaka döwletleriniň deňiz duralgalaryna yzygiderli ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu gatnawlaryň hereket etmegi Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogar ýurtlaryna ýük getirýän awtoulaglaryň ýola ýitirýän wagtyny tygşytlamaga, şeýle hem haryt dolanyşygynyň mukdaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ädimleriň hemmesi «2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşy halkara deňiz menzilini we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň baş meýilnamasynyň» yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň güwanamasydyr.

Içerki hem-de halkara ýolagçy we ýük gatnawlarynda wajyp ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň göwrümli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

«2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna» laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menzilleriniň gurulmagy we ozal bar bolan howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär. Türkmenbaşy şäherinde häzirki zaman Halkara howa menzili, Maryda ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy hereket edýär. Türkmenabat şäherinde dikeldilýän täze howa menzilini geljek ýylyň awgustynda açmak göz öňünde tutulýar. Daşoguz şäheriniň howa menzilinde bolsa «Boeing-777-200 LR» kysymly we beýleki uçarlary kabul etmäge mümkinçiligi bolan täze uçuş-gonuş zolagy ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda aeronawigasiýa hem-de ýolagçylara hyzmat ediş ulgamynyň infrastrukturasynyň ösüşine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär. 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Halkara howa menziliniň işe girizilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Merkezi Aziýada iň yly hem-de tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça dünýä ýüzünde iň bir öňdäki orunlary eýeleýän bu howa menzili 1200 gektara golaý meýdany tutýar hem-de 100-den gowrak desgany özüne birikdirýär. Olaryň arasynda esasy hem-de ikinji ýolagçy terminallary, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmek üçin angarlar toplumy, okuw hem-de lukmançylyk merkezleri, ençeme beýleki desgalar bar.

Ýylda 14 million ýolagçyny geçirmäge mümkinçiligi bolan baş terminal 190 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýar. 3 milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen birlikde, bu häzirki zaman howa menzili umuman, bir ýylyň dowamynda 17 million adama ýa-da her sagatda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly boýunça 200 müň tonna ýük geçer.

Täze howa menzilinde zerur bolan ähli infrastrukturalar bilen üpjün edilen, uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa hereketini dolandyryş gullugy öňdebaryjy nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Howa menzili dünýä derejesinde serwis hyzmaty bilen üpjün edip, uçarlaryň ähli görnüşlerini kabul edip bilýär.

Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda paýtagtymyzyň täze howa menziliniň işe girizilen gününiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlamagyna laýyk bir ýyl galan gününe gabat gelmegini hem-de bu senäniň uly mazmuna eýedigini aýratyn nygtady. Çünki milli raýat awiasiýasynyň işgärleri ýurdumyza geljek köpsanly myhmanlary — Oýunlara gatnaşýanlary we tomaşaçylary ilkinji bolup garşylarlar. Oýunlara taýýarlygyň çäklerinde Aziadanyň geçirilýän mahalynda howa gatnawyny, şol sanda Aziýa sebitiniň ýolagçylary üçin gatnawlaryň sanyny artdyrmak gerek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

2-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejllisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyrylýan daşarky howa gatnawlarynyň çäklerini giňeltmek boýunça işleriň zerurdygy barada aýdyp, täze Aşgabat-Kazan howa gatnawynyň açylmagyny makullady.

Kazana howa gatnawynyň ilkinji uçarynyň ýolagçylary hem-de türkmen howa ýollarynyň wekilýeti, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, geçen ýylyň sentýabrynda türkmen paýtagtynda Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşynda «Türkmenistan» awiakärhanasyna berlen täze «Boeing-737-800» uçary bilen ýola düşdiler.

Tatarstan Respublikasy bilen howa gatnawy ikitaraplaýyn türkmen-russiýa gepleşikleriniň çäklerinde açylyp, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi bolmaga hem-de döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermek wezipesini göz öňünde tutýar.

29-njy iýunda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji gezek Ýewropanyň iň iri kompaniýalarynyň biri bolan «Cargoluх Airlines International S. A. » kompaniýasynyň ýük uçarynyň gonandygyny bellemek gerek. Munuň özi biziň ýurdumyzyň halkara howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldýänliginiň nobatdaky aýdyň güwänamasy boldy.

2015-nji ýylyň iýunyndan bäri Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy boýunça degişli ylalaşyga laýyklykda «Cardoluх» awiakompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg-Türkmenbaşy aralygy boýunça hepdede 8 gezek gatnaw ýerine ýetirilýär, 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan bolsa hepde-de amala aşyrylýan gatnawlaryň sany 10-a ýetirildi. Ynha, indi bolsa bu kompaniýanyň ýük howa gatnawlarynyň sanawynyň hataryna türkmen paýtagty hem girizildi.

Ýurdumyzyň howa gatnawlary ulgamynyň işgärleri yzygiderli halkara gatnawlarynyň çäklerini giňeldýärler hem-de ozal bar bolan howa ýollarynda uçuşlaryň ýygylygyny we gatnawlaryň möçberini artdyrýarlar. Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» nyşanly uçarlara Moskwanyň we Londonyň, Frankfurtyň we Birmingemiň, Bangkokyň we Deliniň, Abu-Dabiniň hem-de Amritsaryň, Pekiniň hem Stambulyň howa menzillerinde gabat gelmek mümkin. «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň wekilhanasy GDA-nyň ýene iki şäherinde —Minskide (Belarus), Almatyda (Gazagystan) açyldy.

«Türkmenistan» kärhanasynyň uçarlary Pariže uçup başladylar. Geçen ýylyň başynda Ankara (Türkiýe Respublikasy) hem-de Riga (Latwiýa) täze howa ýollary açyldy. Ýakyn wagtlarda Eýran Yslam Respublikasyna hem-de Milan şäherine (Italiýa) ýolagçy gatnawlaryny guramagyň meselelerine serediler. Öňdebaryjy awiasiýa tehnikasyny, birinji nobatda bolsa «Boeing 777-200» häzirki zaman uçaryny ulanmak netijesinde ýurdumyzyň awiasiýa pudagynyň işgärlerinde halkara gatnawlarynyň çäklerini ýene-de giňeltmäge mümkinçilk döredi.

Ahyrky netije-de biziň ulag ulgamlarymyz, hala ol awtomobil ýa-da demir ýol ulaglary bolsun, hala-da howa ýa-da deňiz ýollarynyň ulaglary bolsun, tapawudy ýok, olaryň hemmesi milli ykdysadyýetimiziň ösüşi üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gulluk edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurnaguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň logistika maksatnamasynda aragatnaşygyň milli emeli hemra ulagmyny döretmäge aýratyn orun berýär. 2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, biziň ýurdumyzyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hyzmatdaşlygyň aragatnaşyk köprülerini gurup, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Pudak infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, iň öňdebaryjy enjamlary we täzeçilligi ulanmagyň netijesinde ýurtda aragatnaşygyň köp ugurly ulgamy, telewideniýede we radioda sanly alyp görkezmek we eşitdirmek üstünlikli hereket edýär, resminamalaryň aýlanyşygynyň elektron ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy giň zolakly internete birikmegi we maglumatlary alyşmagy üpjün edýär. Ýurtda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek dowam etdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda Aşgabatda geçen teleragatnaşyk, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we teleradio alyp görkeziş we eşitdiriş enjamlarynyň «Türkmentel-2016» X Halkara sergisi hem-de onuň çäklerinde geçen ylmy-amaly maslahat aýratyn kabul edilýär.

Bu halkara gözden geçirilişi ýurdumyzyň senagatynyň maglumatlar tehnlogiýalary we telearagatnaşyk boýunça üstünlikleriniň, bu ulgam boýunça ugurlaryň we geljekki ösüş mümkinçilikleriniň aýdyň görkezijisi boldy. Maglumatlar tehnologiýalary, telearagatnaşyk, telemetriýa hem-de ölçeg enjamlary, simsiz we giň zolakly aragatnaşyk, ýokary hilli ses we wideo ýazgylary üçin enjamlar, howa ýagdaýyny çaklamak, geçiriji önümler we onuň toplum esbaplary, aragatnaşyk pudagynyň hyzmatlarynyň operatory, ýöriteleşdirilen tehnika, logistika we beýlekiler ýaly bölümlerde iň täze işläp düzmeler görkezildi.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk dölet kompaniýasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözüp, Türkmenistan-Gazagystan, Türkmenistan-Özbegistan böleklerinde , şeýle hem Eýran bilen Owganystanyň ýanaşyk ýerlerinde dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme (DWDM) tehnolgiýasynyň binýadynda magistral süýüm optika ulgamyny döwrebaplaşdyrýarlar. Bu bolsa telearagatnaşyk ulgamynyň mümkinçiligini onlarça esse atdyrar. Häzirki wagtda Türkmenistan—Gazagystan böleginde şeýle ulgam işe girizildi. Beýleki seplemlerde bolsa taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Internet aragatnaşygynyň daşky ýaýlymy 2 esse artdy. Internet hyzmatlary ADSL we Wi-Fi tehnologiýalary esasynda ýerine ýetirilýär. Welaýat we etrap merkezlerinde NGN tehnlogiýasy boýunça telefon awtomatlaryň täze görnüşleri gurnalýar. Bu bolsa şol bir wagtda telefon internet aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Diňe bir Aziýa sebitleriniň däl-de Awstraliýanyň we Okeaniýanyň türgenleriniň gatnaşmagynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde enjamlaryň täze görnüşlerini satyn almak, daşky internet ýaýlymy giňeltmek, internetden peýdalanýanlaryň sanyny artdyrmak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar.

Ilkinji türkmen emeli hemrasy uçurylandan soňra nobatdaky milli emeli hemrany döretmek üçin tehniki gönükmeleri taýýarlamak hem tamamlandy. Bu emeli hemranyň wezipesine Ýeri uzak aralykdan zondirleme usuly boýunça barlamak girýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň logistik strategiýasy ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli toplumlarynyň hil taýdan täze ösüşini , olaryň özara gatnaşygyny hem-de haryt gatnawynyň hereketleriniň takyk sazlaşdyrylmagyny kesgitleýär.

Häzirki döwür ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän döwri. Şonuň üçin hem häzirki jemgyýeti telearagatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýigrimi birinji asyr iňňän ýokary tizlikleriň hem-de yzy üzülmeýän maglumatlaryň döwri. Şonuň üçin hem häzirki döwrüň maglumatlar giňişliginde telearagatnaşyk ulgamy gitdigiçe ykjam ornaşýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy we daşary syýasat netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda ulag-aragatnaşyk ýollaryny, şeýle hem tutuş dünýä ýüzünde parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk köprülerini gurup, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýar.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir