Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistan-GFR Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürmek
Türkmenistan-GFR Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürmek
Türkmenistan-GFR Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürmek

Türkmenistan-GFR Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürmek

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Merkezi Aziýada German ykdysadyýetiniň wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen foruma hökümet düzümleriniň, GFR-iň işewürligini ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň paýtagtamyza gelen toparynyň düzüminde dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen, hususan-da, “Robert Bosch”, “Wilhelm Layher GmbH&CO. KG”, “MC Bauchemie Müller GmbH&CO. KG”, “Trubatec GmbH”, “Germany Trade and Invest”, “Deutsche Sparkassenstiftung” ýaly iri şereketleriň 70-e golaýynyň işewürleri bar. Foruma türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Ýurdumyzda altynjy gezek geçirilýän duşuşygyň gün tertibine deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şeýle hem işewür duşuşyga gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmagyň, işgärleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy. Onda Türkmenistanyň Germaniýany möhüm hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýandygy, bu çäräniň iki ýurdruň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygyň giňelditlmegine kuwwatly itergi berjekdigi aýdylýar.

Bu ýerde döwletimiziň dünýäniň dürli ýurtlary, öňdebaryjy kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlaýan möhüm meýilnamalary hem-de ýurdumyzyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günorta Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça doly ygtyýarly wekili jenap Andreas Peşke özi çykyşynda soňky ýyllarda ýola goýlan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, Germaniýa Türkmenistanyň milli Lideriniň paýhasly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan we dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugry sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm
şertidir.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ýola goýlan ýygjam, ynanyşmak gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam edýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň awgust aýynda GFR-e bolan sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi. Onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleriň derejesine çykarmaga gyzyklanmalaryny tassyklady. Türkmenistanyň Germaniýada hem-de Germaniýanyň ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän Ykdysadyýet günleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Munuň özi doly möçberli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasynda täze işewür hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga ýardam berýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýediginiň möhüm görkezijisi bolup durýar. Bu ugurda Bilelikdäki türkmen-german iş toparyna möhüm orun degişlidir. Şunda, 2015-nji ýylda bu görkeziji ABŞ-nyň 306 million dollaryna barabar boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistan we GFR netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýärler. Türkmen işewür toparlarynyň nemes işewürilik ulgamynyň iri wekilleri bilen ýola goýýan işjeň gatnaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzda Germaniýanyň işewür toparlarynyň 29-synyň şahamçalary we wekilhanalary hereket edýär. German kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň 169-sy amala aşyryldy we ýene-de birnäçe taslama durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada maglumat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň baş maksadynyň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hasabyna halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny gazanmakdan ybaratdygy nygtaldy.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalary hem-de dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň we hususy ulgama goldaw bermegiň esasynda alnyp barylýan işler ykdysady syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda orta we uzakmöhletleýin geljege niýetlenen durmuş-ykdysady özgertme baradaky maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ösüşiniň durnukly häsiýete eýedigini görkezýän maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyndan habar berýär.

Hususan-da, 1991-2015-nji ýyllarda özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň ABŞ-nyň 144 milliard dollaryndan gowrak bolandygy, onuň esasy böleginiň ýurdumyzyň önümçilik gaznasyna gönükdirilendigi bellenildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly gurlan hem-de ulanylmaga berlen iri desgalaryň sany 544-e ýetdi.

Çykyş edenler maslahata gatnaşyjylary daşary ýurtly maýadarlaryň, daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň işiniň hukuk goraglylygynyň ugurlary bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýe serişdelerini gönükdirmegiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli düzümiň ösdürilýändigini, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen maýa goýum ýagdaýynyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini bellediler. Döwletimiz daşary ýurtly maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ugurlar boýunça düýpli ýeňillikleri üpjün edýär. Jemi içerki önümçilikde maýa goýumyň paýy yzygiderli ýokarlanýar, geljegi uly taslamalaryň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar.

Täze maýa goýum maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigi nygtaldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, iri nemes kompaniýalaryny, maliýe we işewürlik düzümlerini giňden çekmek bilen berk baglanyşyklydyr. Birnäçe ugurlar babatda bilelikdäki işiň oňyn tejribesi toplanyldy.

Şunda ýurdumyzyň iri maýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge, Germaniýadan döwrebap tehnikalary we önümçilik enjamlaryny satyn almaga bolan gyzyklanmalary bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan GFR-e ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlary ibermäge taýýardyr.

Ýangyç-energetika tohumy, elektroenergetika, himiýa senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, ýeňil senagat, maşyngurluşygy, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk ulgamy ykdysadyýetdäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri öz çykyşlarynda ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan hem-de geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi. Türkmenistanyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de köpugurly esasda ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamanyň netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygy bellenildi.

Bank-maliýe, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyryş, hususy telekeçiligiň çäklerindäki geljegi uly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine hem ähmiýet berildi. Bellenilişi ýaly, bu ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýa babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýan Germaniýa täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny, oňyn tejribelerini hödürlemäge taýýardyr. Şeýle hem nemes hyzmatdaşlary ugurlar boýunça ýokary derejeli milli hünärmenleri taýýarlamak maksatnamasy boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge meýillidiklerini nygtadylar.

Germaniýanyň döwlet düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, hususy düzümleriň wekilleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda özara gatnaşyklaryň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi.

German ykdysadyýetiniň günleriniň jemlerini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar bu gezekki duşuşygyň iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini we döwletara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigini nygtadylar.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir