Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny ýetirdi. Olar ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Grigoriý Karasiniň belleýşi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärler hem-de köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Bu syýasat tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine özara netijeli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Döwlet Baştutanymyz RF-niň Prezidentine hem-de Hökümetiniň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň durnukly derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Soçide bolan duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan we strategiki häsiýete eýe bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Döwletara, hökümetara we beýleki derejelerdäki, gatnaşyklaryň şol mümkinçilikleriň netijeli amala aşyrylmagyna ýardam edýändigi nygtaldy. Bu gatnaşyklar häzirki ýagdaýlary we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň zerur bolan görnüşlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär.

Russiýa ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar, RF-niň işewür toparlary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanda Russiýanyň belli kompaniýalary işleýärler, olar bilen bilelikde dürli ugurlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Hyzmatdaşlygy giňelmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin bolsa oňat şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine amatly çemeleşmeleri döretmegiň täsirli guraly hökmünde Hökümetara türkmen-russiýa toparyna ähmiýetli orun berilýär.

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň, RF-niň beýleki sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli döwletara gatnaşyklarynyň ajaýyp mysalydygy bellenildi.

Türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni–ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz hem-de myhman bilim we ylym, medeniýet we sungat ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmek ugrunda pikirlerini beýan etdiler.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekili halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi, ilkinji nobatda, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň geljekde hem däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde has-da giňeltmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy.

Geljek ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman bu şanly senä bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler barada durup geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin hoşlaşanlarynda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň öňden gelýän dostlukly gatnaşyklara daýanyp, geljekde hem işjeň ösdüriljekdigine we täze anyk mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

Meňzeş Täzelikler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir