Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistan we Azerbaýjan Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Strategiki Häsiýete Eýedigini Beýan Etdiler
Türkmenistan we Azerbaýjan Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Strategiki Häsiýete Eýedigini Beýan Etdiler
Türkmenistan we Azerbaýjan Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Strategiki Häsiýete Eýedigini Beýan Etdiler

Türkmenistan we Azerbaýjan Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Strategiki Häsiýete Eýedigini Beýan Etdiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Türkmen Lideriniň gelmegi mynasybetli haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerliginiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar türkmen Liderini azerbaýjan topragynda mähirli mübäreklediler.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tarap ugraýar. Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli mübärekleýär. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar. Kabulhananyň öňündäki meýdançada nyzama düzülen Hormat garawulynyň başlygy dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar hem-de Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany türkmen Liderini öz ýurdunyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar. Olar meýdançadan dabaraly ýöräp geçýärler.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kabulhana çagyrýar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejede ikiçäk görnüşde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew türkmen kärdeşini Bakuda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň Azerbaýjana şu saparyna däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Iki ýurduň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan iki garaşsyz döwlet hökmünde üstünlikli ösýär. Prezident Ilham Aliýew ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny belläp, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň üstünlige eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bu duşuşyk netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna täze itergi bermelidir we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan Liderine minnetdarlyk bildirip, goňşy döwletler bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze tapgyra çykdy hem-de syýasy ulgamda we ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şu maksat bilen biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege kömek berýärler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny goldaýandygy üçin azerbaýjanly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine degip geçip, iki ýurduň hem ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, dürli ugurlarda, şol sanda sebit we halkara ähmiýetine eýe bolan energetika we ulag ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi.

Däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, olar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy-medeni we ruhy umumylyga esaslanýar, biziň wezipämiz bu baý mirasy aýawly saklamakdan hem-de geljekki nesillere geçirmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw edip, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy hem-de Azerbaýjanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dostlukly hem-de işjeň ýagdaýda geçen gepleşigiň barşynda iki goňşy döwletiň Baştutanlary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýa we geljek babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew taraplaryň giň möçberli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, ägirt uly köpugurly kuwwatyň bardygyny bellediler. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak bolsa uzakmöhletli umumy bähbitlere laýyk gelýär. Iki ýurduň Liderleri netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Prezident Ilham Aliýew döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklaryny asyrlaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Syýasy, ykdysady, energetika we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Şu gün ikiçäk görnüşde geçirilen duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlarda ajaýyp mümkinçilikler bar. Munuň özi taraplaryň umumy çemeleşmeleriniň bardygyny ýene-de bir gezek görkezdi diýip, azerbaýjan Lideri aýtdy.

Azerbaýjan we Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, mundan beýläk hem däbe öwrülen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy hem-de ösdürmegi göz öňünde tutýarlar. Munuň özi iki ýurduň hem-de halklarynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara we sebit derejesinde biziň döwletlerimiz gatnaşyklaryň oňyn mysalyny görkezýärler. Türkmenistanyň Baştutanynyň şu sapary hem munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.

Goňşy ýurdumyzyň Lideri türkmen kärdeşini ýene-de bir gezek Azerbaýjanda tüýs ýürekden mübärekläp, şu günki duşuşygyň üstünlige eýe boljakdygyna hem-de türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi hem-de bilelikde netijeli işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin azerbaýjanly kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjana şu resmi saparyň esasy maksadynyň iki döwletiň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Häzirki wagtda biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de ykdysadyýetde, söwdada we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna esaslanýarys diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Halkara giňişliginde biziň döwletlerimiz ilki bilen, ählumumy we sebit howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi gorap saklamak we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňziniň sebitinde syýasy ýagdaýlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzirki şertlerde biziň ýurtlarymyza Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde bilelikdäki diplomatik we beýleki tagallalary netijeli birleşdirmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň halkara giňişliginde işlerini mundan beýläk-de ysnyşykly utgaşdyrmagy hem-de birek-birege goldaw bermegi göz öňünde tutýandyklaryny belläp, biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, energiýa howpsuzlygy babatda täze halkara guralyny döretmek, durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada kabul eden Kararnamalaryny Azerbaýjanyň goldandygy hem-de olaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz. Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanyp barýandygyny belledi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde beýan edilen Hazaryň suw bioserişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde Hazar sebitiniň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahan duşuşygynda ýurdumyz tarapyndan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edildi. Şol bir wagtyň özünde, iri ulag merkezi hökmünde bu sebitiň eýeleýän ornunyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Hazarda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, bu ulgamda ägirt uly kuwwatyň we mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Bu ýerde gürrüň, ilki bilen, energetika we ulag ýaly strategik ugurlar barada barýar. Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara energetika ulgamynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly we köpugurly ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Bu ulgam energiýa serişdeleriniň iberiljek ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ölçeglerine, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny kepillendirmäge we köptaraply bähbitleriň hasaba alynmagyna esaslanýar.

Bu taslamalar, gürrüňsiz, biziň ýurtlarymyz üçin bähbitlidir. Ykdysady we ekologiýa nukdaýnazaryndan esaslandyrylandyr. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňziniň ekologiýa meselelerine uly üns berýändigini nygtady.

Ulag pudagy beýleki bir örän möhüm ugur bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine esaslanýar. Geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan Türkmenistan hem-de Azerbaýjan oňaýly orun eýeleýärler. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Merkezi Aziýanyň we Gara deňzi sebitiniň döwletlerini hem goşmak bilen, awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawyny ýola goýmak hakynda barýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz tarapyndan bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit hem-de halkara möçberinde söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Ilkinjileriň hatarynda munuň özi howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde netijeli köptaraply hyzmatdaşlygy aňladýan düýpli durnuklaşdyryjy şert hem bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamynda iri taslamalary amala aşyrmak başlangyçlary bilen çykyş edip, häzirki döwrüň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk etmegiň täze giňişligini emele getirmäge saldamly goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygy barada aýdyp, bar bolan maglumatlara görä, 2017-nji ýylyň 6 aýynda haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 40 göterimden hem köp artandygyny belledi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, söwda – ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýyna, haryt dolanyşygynyň ösüşine bilelikde düýpli seljerme geçirilse, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz nobatdaky mejlisi Baku şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen -azerbaýjan toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini belläp, türkmen tarapynyň onuň indiki mejlisini Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýurtlaryň ikisinde hem kuwwatly senagat we agrar binýady döredildi, döwrebap ulag düzümi bar. Bu şertleri senagat, hyzmatlar ulgamynda we oba hojalyk toplumynda giň möçberli taslamalara çykmak üçin ulanmak gerek. Nebithimiýa, gazhimiýa we elektroenergetika pudaklary hem bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary bolup biler. Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Iki döwletiň täjirçilik birleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzda gurluşyk pudagynda, söwda ulgamynda, üpjünçilik ulgamlaryny gurmakda, hyzmatlar hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär. Biz azerbaýjan kompaniýalarynyň bu taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmagyny goldarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz söwda – ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Baku şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni, Aşgabat şäherinde bolsa, Azerbaýjan Respublikasynyň Söwda öýüni döretmek barada oýlanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da, iki döwletde hususy pudagy işjeň ösdürmäge üns bermek bilen, Türkmen – azerbaýjan işewürler geňeşiniň döredilmeginiň geljegi uludyr.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi türkmen hem-de azerbaýjan halklarynyň birleşdirýän taryhyň, medeni däpleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň ussat, ýaşlar we çagalar döredijilik toparlarynyň özara saparlaryny her ýyllyk esasda guramagy teklip etdi.

Häzirki döwürde sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Baku şäherinde Birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Bu oýunlar ýokary guramaçylykly derejede geçirildi. Biziň wekiliýetimiz azerbaýjan topragynda myhmansöýerlik we açykgöwünlilik bilen garşylandy.

Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu oýunlara Türkmenistan diňe bir sport bäsleşigi däl-de, eýsem, uly jemgyýetçilik-syýasy çäre hökmünde hem ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda sporty ösdürmek babatda uly tejribe toplanandygyny belläp, azerbaýjanly kärdeşini ýene-de bir gezek Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşyna çagyrdy.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň geljegimize anyk we dogry ýoly salgy berjekdigine, hyzmatdaşlygyň has möhüm ugurlary boýunça bilelikde işlemegiň berk esasyna öwrüljekdigine ynam bildirip, Prezident Ilham Aliýewe Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem-de türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Azerbaýjanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekýärler. Bu möhüm resminama döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açyp, taraplaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukuklylyk hem-de özara hoşmeýilli erk-islege daýanyp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Baku (Azerbaýjan Respublikasy) deňiz menzilleriniň üstünden halkara demir ýol-parom gatnawynda ýükleri daşamagy guramak, ýük wagonlaryny we konteýnerlerini ulanmak, nomer boýunça hasaba almak hem-de olaryň peýdalanylandygy üçin hasaplaşyklar hakynda Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama; Salgyt edaralarynyň işi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Salgyt ministrliginiň arasyndaky Ähtnama; Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet we syýahat ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Deňiz söwda gämi gatnawy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukugy babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat eýeçiligini gorap saklamak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama; Raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň hem-de olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň asyrlaryň dowamynda iki goňşy halky birleşdiren dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini ýene-de bir gezek tassyklandygyny nygtady. Şu berk esasda häzirki zaman döwletara gatnaşyklary kemala geldi.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bellenilýär. Şol döwrüň içinde biziň ýurtlarymyz şöhratly ýoly geçdiler diýip, azerbaýjan Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öz ösüşinde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolandygyny hem-de halkara abraýynyň barha artýandygyny aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Mälim bolşy ýaly, iki ýyl mundan ozal BMG Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen bagly degişli Kararnamany kabul etdi. Azerbaýjan hem onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Prezident Ilham Aliýew şu gün gol çekilen resminamalaryň hatarynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň ähmiýetini aýratyn belledi. Onda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara giňişliginde syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde taraplaryň özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga meýillidigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň Lideri söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň oňyn netijesini belläp, ulag meseleleriniň gepleşikleriň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolandygyny aýtdy. Haryt dolanyşygynyň artmagy hem gatnaşyklaryň ösýändigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanda hem-de Azerbaýjanda täze deňiz menzilleri gurulýar, olar ýakyn wagtda ulanmaga berler. Munuň özi hem özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Baku — Tbilisi — Kars demir ýol geçelgesi hereket edip başlar. Bu hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň üstaşyr kuwwatyny giňelder diýip, Prezident Ilham Aliýew aýtdy.

Azerbaýjanyň Lideri energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etjek Ähtnamanyň ähmiýetini belledi.

Beýleki ulgamlarda hem, şol sanda ynsanperwer ulgamda azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär. Şunda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan Azerbaýjan üçin doganlyk, ýakyn ýurtdur. Biz türkmen halkyna aýratyn hormat-sarpa bilen garaýarys, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işine ýokary baha berýäris diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji ýylyň maýynda we noýabrynda türkmen Lideriniň Azerbaýjana we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan saparlarynyň taryhy ähmiýeti bellenildi. Bu saparlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda anyk netijeleri berýän hyzmatdaşlygyň giň görnüşi ýola goýuldy.

Goňşy döwletiň Baştutany Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, ýokary derejede geçirilen şu duşuşygyň oňyn netijeleri berjekdigine hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunda milli Liderimiz ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynda däbe öwrülen özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçirilen bu gepleşikleriň netijeli we anyk häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi.

Gepleşikleriň barşynda häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça  syýasatda, ykdysadyýetde, medeni – ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar depginli we yzygiderli, birek-birege hormat goýmak, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Azerbaýjan Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydyr. Biz Merkezi Aziýada, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, bu ýerlerde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli usullaryny ýola goýmak üçin bilelikde köp işleri amala aşyrýarys.

Iki döwletiň özara arkalaşykly hereket edýändigi häzirki döwürde sebitdäki ýagdaýyň durnukly saklanmagynyň we oňyn ösüşiniň strategik şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan we Azerbaýjan hazarýaka giňişliginiň Ýewraziýada uzak möhletleri nazara alýan durnuklylygyň berk ulgamyna, giň halkara hyzmatdaşlygynyň mekanyna öwrülmeginiň tarapdarlary bolup çykyş edýärler.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň abraýly halkara we sebit guramalarynyň  BMG-niň , ÝHHG-nyň, GDA-nyň, YHG-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etmäge taýýardygy tassyklandy. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem özara arkalaşykly hereket etmegi dowam etdiriler.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşyp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy iki döwletiň senagat we üpjünçilik ulgamlaryndaky ägirt uly mümkinçiliklerine laýyklykda artdyrmagyň zerurdygy barada umumy pikire geldiler. Söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Özara söwdany giňeltmek, senagat kooperasiýasynda, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalyk toplumynda bilelikdäki giň gerimli taslamalara çykmak üçin maýa goýum syýasatynyň işjeňligini artdyrmak boýunça çärelere anyk seretmek barada ylalaşyldy. Bu babatda iki ýurduň işewürler jemgyýetleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe bolmalydyr.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, energetika we ulaglar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydyr. Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini öndürmekde diňe bir Ýewraziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Bizde häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bar. Energetika we ulag ugurlarynyň görnüşi barada umumy pikirlerimiz hem bar. Energetika we ulag akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda öz mümkinçiliklerimizi mundan beýläk hem doly peýdalanmak, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmak üçin biz ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky giň medeni, ynsanperwer, ylym-bilim, sport gatnaşyklaryna mundan beýläk-de ýardam bermek we olary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berýändigini, onuň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini nygtap, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen alyp barýan gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini, ony doganlyk döwlet hasaplaýandygyny aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy hoşniýetli goňşuçylygyň köp asyrlyk däpleri, taryhymyzyň, medeniýetimiziň, dilimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy baglanyşdyrýar. Biz bu baýlygymyzy aýawly saklaýarys, ony häzirki zamanyň ruhunda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu bolsa, iki halkyň we ýurduň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Halkara işleriniň oňyn ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde Azerbaýjanyň Prezidentiniň bitirýän işleriniň ägirt uludygyny, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine onuň hemişe üns berýändigini aýratyn belläp, azerbaýjanly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz ýene-de bir gezek doganlyk azerbaýjan halkyna mähirli salamyny ýollamak bilen, oňa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Artur Rasizade bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň hökümetiniň ýolbaşçysy milli Liderimizi mübärekläp, döwlet Baştutanymyzy ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň bu gezekki sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýolunda nobatdaky wajyp tapgyr hökmünde garaýandygyny belläp, döwletara gatnaşyklaryň dostlukly we özara hormat goýmak häsiýetine eýedigini nygtady. Türkmenistan şol gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halky ýakyn goňşulary bilen ýola goýýan gatnaşyklaryna uly hormat bildirýär. Sebitde syýasy-ykdysady taýdan amatly ýagdaýyň döremegi gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we premýer-ministr Artur Rasizade türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda ýeten belent derejelerine kanagatlanma bildirip, iki ýurduň deňhukuklylyk, birek-.birege hormat goýmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlyga netijeli häsiýet bermäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň döredilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň, işewür duşuşyklaryň ýola goýulmagy we bu ugurda giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşykly ösüşini hem-de täze bilelikdäki taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyny şertlendirýär. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlaryndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.

Ynsanperwer gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki döwrüniň möhüm ulgamyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Milli Liderimiz ýakyn wagtda, şu ýylyň sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, Azerbaýjanyň premýer-ministrini “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň guburyna ugrady hem-de şol ýerde gül dessesini goýup, Azerbaýjanyň ilkinji Prezidentiniň we ajaýyp syýasy işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ejesiniň ýagty ýadygärligini hatyralap, onuň guburyna gül goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şehitler ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady. Bu ýerde Azerbaýjanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşen gahrymanlar hem-de geçen asyryň ahyrynda bolup geçen pajygaly wakalaryň pidalarynyň ruhy aram tapypdyr. Milli Liderimiz halk gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini hatyralap, ýadygärlige gül goýýar. Onuň öňünde hormat garawuly nyzama düzülipdir. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.

Meňzeş Täzelikler

Turkmenistan Fotosurtalary

Turkmenistan Fotosurtalary

Turkmenistan Fotosurtalary    

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir