Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistan we Belarus Ylym-Bilim Ulgamynda Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär
Türkmenistan we Belarus Ylym-Bilim Ulgamynda Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär
Türkmenistan we Belarus Ylym-Bilim Ulgamynda Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Belarus Ylym-Bilim Ulgamynda Gatnaşyklaryny Işjeňleşdirýär

Aşgabatda türkmen-belarus gepleşiklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Bilim ulgamy aýratyn bellenildi. Häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan talyplaryň 8,5 müňden gowragy bilim alýar. Döwlet Baştutanymyz innowasion başlangyçlarda ykdysadyýetimizi özgertmegi nazara almak bilen, ýurdumyzda aýratyn zerur bolan hünärmenleri Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlamagyň zerurlygyny möhüm wezipe hökmünde görkezdi. Umuman, Türkmenistan Belarusy bilim ulgamynda esasy hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar hem-de geljekde bu hyzmatdaşlygy dowam etmegi maksat edinýär.

Ylym hyzmatdaşlygy ugry boýunça, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda oňat mümkinçilikler açylýar. Şol hyzmatdaşlyk olaryň arasynda gol çekilen Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2013-2017-nji ýyllar üçin maksatnamasyna esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz geljekki döwür üçin täze maksatnama gol çekmegi teklip etdi.

Medeni özara gatnaşyklar babatda baý tejribe we asylly däpler toplandy. Häzirki wagtda olar anyk ikitaraplaýyn ylalaşyklar bilen berkidildi. Şu günki gepleşikleriň barşynda bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmek, biziň ýurtlarymyzyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna Türkmenistanyň we Belarusyň halklarynyň bar bolan özara gyzyklanmasyny höweslendirmek barada ylalaşyldy.

Sport ulgamy, iki ýurtda yzygiderli geçirilýän ýaryşlara türkmen we belarus türgenleriniň gatnaşmagy möhüm ugurlaryň hatarynda agzaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna belarusyň sport guramalarynyň we edaralarynyň, Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, tälimçileri, hünärmenleri, sport žurnalistleri, sportuň muşdaklary, syýahatçylary türkmen paýtagtyna gelmäge çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Belarus Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary sözüň doly manysynda nusga alarlyk diýip atlandyrmak bolar. Bu gatnaşyklar birek-biregiň gadyryny bilýän we hormatlaýan hakyky dostlaryň gatnaşyklarydyr. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen türkmen we belarus halklarynyň dostluk we özara hormat goýmak däplerine, durmuş we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de halkara işlerinde adalatlylyk ýörelgelerine daýanýarys. Şol gymmatlyklary biziň döwletlerimiz öz içerki syýasatynda wagyz edýärler. Munuň özi ähli meseleler boýunça diýen ýaly, özara düşünişmek üçin oňat esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir