Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Döredilýän Elektron Senagatynyň Kärhanalary Yzygiderli Önümçilige Çykýar
Türkmenistanda Döredilýän Elektron Senagatynyň Kärhanalary Yzygiderli Önümçilige Çykýar
Türkmenistanda Döredilýän Elektron Senagatynyň Kärhanalary Yzygiderli Önümçilige Çykýar

Türkmenistanda Döredilýän Elektron Senagatynyň Kärhanalary Yzygiderli Önümçilige Çykýar

Türkmenistanyň Senagat ministrligi durmuşa geçirilmegine 2016-njy ýylda badalga berlen degişli Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde elektron enjamlar senagatynyň ösdürilmegini dowam edýär.

Hususan-da, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde döredilen “Senagat tehnologiýalary” paýdarlar jemgyýeti elektron maglumat kiosklarynyň prototipini işläp taýýarlady we çykardy. Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni tarapyndan “Sowatly gurluşyk” hojalyk birleşigi bilen bilelikde guralan “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektrik energiýany paýlaýjy enjamlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Bu kärhanada her ýyl paýlaýjy enjamlaryň 250-ä çenlisini öndürmek maksat edinilýär.

Geljegi uly ugurlaryň ýene-de biri ýurdumyzda yşyklandyryjy enjamlaryň, şol sanda LED lampalaryň önümçiligini döretmekdir. Şu maksat bilen döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti zerur enjamlary gurnamak we sazlamak işlerini alyp barýar.

Şeýle hem elektrik energiýanyň sarp edilişini ölçeýji elektron hasaplaýjyny öndürmek üçin enjamlar gurnalýar. Bu işler Senagat ministrligi we “Gap Inşaat” türk kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkyň sarp edýän elektron we elektrotehniki abzallaryny öndürjek kiçi kärhanalary döretmek Döwlet maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Bu meýiller döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçiriler, sebitleriň ykdysadyýetiniň ösmegini we täze iş orunlaryň döremegini üpjün eder.

Geljekde ýerli çig maldan hem-de ýurdumyzda alnyp barylýan köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň esasynda Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän serişdeleri çykarjak önümçiligi döretmek hem maksat edinilýär.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir