Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Halkara Nebitgaz Forumy Açylýar
Türkmenistanda Halkara Nebitgaz Forumy Açylýar
Türkmenistanda Halkara Nebitgaz Forumy Açylýar

Türkmenistanda Halkara Nebitgaz Forumy Açylýar

Her ýyl Aşgabatda şu günler geçirilýän halkara nebitgaz sergisi 7-nji dekabrdan 9-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde nobatdaky gezek ýaýbaňlandyrylar. “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy onuň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Ykdysady gözden geçirilişe dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda iri işewürligiň, hünär ugurly döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň dünýä syýasatynda energetika pudagynyň iň ähmiýetli ugurlaryň birine öwrülendigini belläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugrunyň bu binýatlyk pudagyň esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bolup durýandygyny nygtaýar. “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI Halkara forumy munuň şeýle bolmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Sergi merkezinde öz diwarlyklaryny ýerleşdirmäge dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň: Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belgiýanyň, Çehiýanyň, Rumyniýanyň, Singapuryň, Türkiýäniň, Eýranyň, we beýlekileriň 60-a golaý kompaniýalary ýüz tutdular. Olaryň birnäçesi abraýly foruma ilkinji gezek gatnaşýar.

Sergi merkeziniň zallarynda ýangyç çig malyny gözlemek, gazyp almak, arassalamak, saklamak we ugratmak, känleri geologiýa, geofizika we seýsmiki tarapdan barlamak, çuňňur burawlamak, ozal hereket edýänleri döwrebaplaşdyrmak hem-de täze turba geçirijileri gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak ulgamynda önümler we hyzmatlar, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary giňden hödürlener.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem diňe bir nebitgaz pudagynda däl, eýsem garyşyk pudaklarda meşgullanýan kärhanalaryň wekilleri önümlerini we kuwwatyny görkezmäge-de, işewür gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşyk aragatnaşyklaryny görnetin giňeltmäge hem mümkinçilik alarlar. Türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilişiniň diwersifikasiýalaşdyrylyşyna, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn üns berler.

Serginiň türkmen bölegine “Türkmengaz” we “Türkmennebit”, “Türkmennebitgazgurluşyk” konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we birnäçe pudaklaýyn kärhanalar wekilçilik eder.

Sergi iň täze gazanylanlar we has üstünlikli iş tejribeler, şol sanda dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak, turba geçirijileri anyklamak, ýangyç çig mallaryny ibermek boýunça, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak babatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrar. Nebit we gaz guýularynyň çykarýan önümlerini artdyrýan tehnologiýalara, ýurdumyzda gurulýan gazhimiýa pudagynyň täze desgalaryna möhüm orun berilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şeýle wajyp ugurda kuwwatlyklaryň artdyrylmagy Türkmenistana özüniň serişde-bäsleşikli artykmaçlyklaryny has doly ýerine ýetirmäge, eksportda ýokary goşulan bahasy bolan harytlaryň paýynyň artdyrylmagy bilen, onuň düzümini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Forumyň çäklerinde maslahat geçirilip, oňa 38 döwletden 160-a golaý wekiller gatnaşar. Olaryň arasynda nebitgaz pudagynyň, öndüriji zawodlaryň wekilleri, alymlar bar. Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bolan işewür toparlaryň wekilleri hem-de seljerijiler dünýäniň, sebitiň hem-de türkmen nebitgaz toplumynyň ösüş aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Çekişmeleriniň barşynda energiýa çeşmelerine hem-de olary ibermegiň serişdelerine howpsuz we kepillikli elýeterliligiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki günde ýurdumyzda nebite we gaza degişli geljegi uly düzümleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy, 200-e golaý känleriň üsti açyldy. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bu ýataklary özleşdirmäge çagyryp, Türkmenistan känleri işläp taýýarlamak babatda bolşy ýaly, iň öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmagyň esasynda döwrebap senagat düzümlerini döretmek ulgamynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin örän uly mümkinçilik açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde känleri gözläp tapmakdan başlap, olary işläp taýýarlamaga çenli hähzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylyşy barada pikir alyşmalar peýda bolup biiler. Iri düzümleýin taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny giňeltmek barada hem gürrüň ediler.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gepleşikleri geçiriler. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyrylar.

Meňzeş Täzelikler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir