Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady
Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady
Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Regina Weronika Mariýa Jons – Bosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy, ýurdumyz soňky ýyllarda iri parahatçylyk dörediji merkez hökmünde diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, bütin dünýäde ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly tagallalary edýär.

Hanym Regina Weronika Mariýa Jons –Bos Niderlandlar Patyşalygynyň ýurdumyz bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, özüniň parlamentara gatnaşyklary we döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini aýtdy.

Şol gün Niderlandlar Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň käbir ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Meňzeş Täzelikler

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Bu Oýunlarda elektron sporty ilkinji gezek görkezme ýaryş hökmünde tanyşdyrylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir