Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Ýerli Çig Mallardan Ýylylyk Geçirmeýän Materiallaryň Önümçiligi Ýola Goýulýar
Türkmenistanda Ýerli Çig Mallardan Ýylylyk Geçirmeýän Materiallaryň Önümçiligi Ýola goýulýar
Türkmenistanda Ýerli Çig Mallardan Ýylylyk Geçirmeýän Materiallaryň Önümçiligi Ýola goýulýar

Türkmenistanda Ýerli Çig Mallardan Ýylylyk Geçirmeýän Materiallaryň Önümçiligi Ýola Goýulýar

Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýylylyk geçirmeýän materiallary taýýarlamak üçin aşa ýuka bazalt süýüminiň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümler nebitgaz pudagynda nebit geçirijilerini ýylatmakda, turba önümlerini öndürmekde, ýol çekmekde giňden peýdalanylar.

Rus alymlarynyň tehnologiýasynyň esasynda ýerli dag jynslaryndan mineral pagtanyň önümçiligini özleşdiren «Döwletgurluşyk» we «Aýyt» hususy kompaniýalary ýakyn wagtda bazalt zawodynda günde iki tonna çenli ýylylyk geçirmeýän materiallaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, geljegi uly bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi import materiallarynyň Türkmenistana getirilmeginden el çekmäge mümkinçilik berip biler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, importuň ornuny tutmak ýurdumyzyň senagatynyň ileri tutýan wezipeleriniň biridir.

Ýaşlykdaky kagyz kombinatynyň çäklerinde ýerleşen bazalt zawody Balkan welaýatynyň Ufri käninde ýüze çykarylan dag jynslaryndan mineral pagta öndürmek boýunça häzirlikçe üç desgany öz içine alýar. Kuwwatlylygy günde 600 kilogram sapaga deň bolan iki desgada eýýäm 1х10 metr ölçegli gurluşyk tikin boýralarynyň 10 tonnadan gowragy öndürildi.

Özboluşly tehnologiýa «Bazalt-Inwest» OOO (Perm şäheri) kompaniýasynyň inženerlerini we alymlaryny çekmek arkaly «Teploproýekt» AGPJ we «Stekloplastik» NPO rus kärhanalarynyň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzüldi. Bu tehnologiýa gaz pejinde 1300-1400 gradus temperaturada eredilen wulkan jynsyndan aşa ýuka pagtany öndürmäge mümkinçilik berýär. Ondan bolsa, öz gezeginde, ýylylyk geçirmeýän gurluşyk materiallaryny, şol sanda boýralary, plitalary we beýleki önümleri öndürmek bolýar.

Hünärmenleriň baha bermegine görä, Ufri käniniň bazalt porfiritleri ýokary hil häsiýetlerine eýedir. Bu bolsa üznüksiz bazalt süýümini almak üçin ýaramly sapagy öndürmäge we kompozit materiallarynyň (penjire germewleri, ýol torlary, armaturalar we ş.m.) önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi. bu hem 2014-nji ýylyň aprelinde geçirilen zawod barlaglarynyň netijesinde tassyklanyldy. Türkmen çig mallaryndan bazalt süýümini öndürýän desganyň Krasnokamsk tejribe-mehaniki zawodynda permli hünärmenler tarapyndan ýörite taýýarlanylmagy aýratyn bellärliklidir.

Täze kärhanada şeýle hem Germaniýadan, Eýrandan, Hytaýdan we Türkiýeden satyn alnan howalandyryjy desgalar, sorujylar we beýleki kömekçi enjamlar oturdyldy.

Häzirki wagtda ýerli çig mallary gaýtadan işlemek boýunça täze tehnologiýalaryň binýadynda ufri porfiritlerinden mineral pagtanyň tejribe önümçiligi ýola goýuldy. Soňra ýene-de bir mineral önümi goşmak arkaly özboluşly häsiýete eýe bolan täze materiallary almak meýilleşdirilýär. Indiki tapgyrda çig mal bazasynyň ýanynda ýene-de bir önümçiligi — bazalt çig malyndan kompozit materiallaryny almak boýunça önümçiligi gurmak meýilleşdirilýär.

Eýýäm bazaltdan penjire ramkalaryny, armaturalaryny, uzakmöhletleýin turbalary öndürmek üçin resminamalar taýýar edildi. Şeýle hem bentonitlerden, bazalt süýüminden we ýelimden peýdalanmak bilen ýeňil, çyglylyga çydamly, uzak wagt ulanyş möhletli artykmaçlyklara eýe bolan sendwiç-panellerini öndürmekligi ýola goýmak meýilleşdirildi.

Şeýle hem bazalt süýüminden metaldan ýasalanlaryň ornyny tutup biljek armaturalary, balkalary, şwellerleri öndürmek mümkin. Ýol gurluşygynda ondan ýasalan torlar asfalt örtükleriniň berkligini birnäçe esse ýokarlandyrýar. Ruhabatdaky turba zawodynda bu süýüm turba öndürmekde çüýşe önümleriniň ornuny doly tutup biler.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, mineral süýümler poslamaýar, çüýremeýär, okislenmeýär, olar ekologiýa taýdan arassa, zyýanly goşundysyz bolup, kislota we aşgar gurşawynda durnuklydyrlar. Durnuklylykda giň temperatura derejelerine eýe, 1000 gradus C gyzgynlyga çydamly.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda gaza we elektroenergiýa hereket edýän bahalary nazara alsaň, aşa ýuka bazalt süýümleriniň önümçiligi dünýä bahalaryndan ep-esli arzan bolar. Bu bolsa, olaryň bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar.

Zawodyň wekilleriniň bellemegine görä, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana import materiallaryndan doly el çekmäge mümkinçilik berer. Ýurduň ýylylyk geçirmeýän materiallara bolan zerurlygy ýylda ýüzlerçe müň inedördül metre barabardyr. Bazaltdan materiallary we önümleri öndürmek üçin çig mallaryň elýeterliligini we giň möçberliligini hasaba alsaň, ýerli çig maldan peýdalanmak gurluşyk senagatyny, energetika we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ýylylyk geçirmeýän we kompozit materiallar bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir