Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda çäre geçirildi, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebinde täze fakulteti döretmek hem-da onuň üçin aýratyn binany gurmak barada kabul eden çözgüdi bilen baglylykda ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipelererine bagyşlandy.

Dabaraly ýygnaga Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Demokratik partiýanyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, tälimçiler we esasy hünärmenler gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler, döwlet Baştutanymyz öz Gutlag hatynda ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejesindäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler diýip belledi. Bu bolsa, Garaşsyz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeler gazanylýan sporty ösdürmäge döwlet derejesinde ägirt uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Dabaraly ýygnakda çykyş edenler, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamynda meýillişdirilen özgertmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi milli sport hereketini has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Täze fakultetiň binasynyň halkara ülňülerine laýyk derejede guruljakdygy hem-de iň häzirkizaman tehnikasy bilen enjamlaşdyryljakdygy nygtaldy. Şeýle hem sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli şertler dörediler, olar türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda geljekde üstünlikli çykyş etmekleri üçin ygtybarly binýat bolmalydyrlar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda geçiriljek çäreleri göz öňünde tutup, geljek ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip atlandyrmagy teklip edendigi bellenildi. Täze ýyl Türkmenistan üçin baş sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşiklerine beslener, mälim bolşy ýaly, bu Oýunlar Aziýanyň çäklerinden hem çykar – oňa ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem gatnaşar. Munuň özi şu derejeli ýaryşlar üçin görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr. Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň 20-den gowrak bolmagy hem onuň aýratynlygydyr.

Häzirki wagtda Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda ähli esasy işler tamamlanyp barýar. Onuň desgalarynda eýýäm dürli ýaryşlar, şol sanda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça Aziýa çempionatlary geçirildi. Munuň özi biziň paýtagtymyzyň iri halkara sport çäreleriniň geçilýän merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzy türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin öz ähli gujur-gaýratlaryny we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir