Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Bilen Duşuşyk Geçirildi
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Bilen Duşuşyk Geçirildi
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BMG-na agzalyga saýlanmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşmak üçin gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýokanç däl keselleriň gözegçiligi we saglygy berkitmek bölüminiň müdiri jenap Gauden Galea hem-de temmäki serişdeleriniň gözegçiligi we olara garşy göreş boýunça maksatnamasynyň dolandyryjysy hanym Kristina Mauer-Stender bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri “Ýewropa sebitini temmäki serişdelerinden azat etmeklik ugrunda Aşgabat jarnamasynyň düzgünnamalarynyň amala aşyrylyşy” taslamasynyň ikinji ýyly üçin hasabat berip, temmäki serişdeleriniň gözegçiligi we temmäkä garşy göreşmek boýunça taslamasynyň möhletini uzaltmak mümkinçiligi barada gepleşdiler.

Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hymatdaşlygynyň ýokary derejesini we peýdalylygyny belläp, taraplar temmäki serişdelerine garşy göreşde bilelikde ýetilen netijeleriniň üstünliklidigi bilen kanagatlanma bildirdiler. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň milli derejede alyp barýan temmäki serişdelerine garşy göreşinde ýeten üstünligi barada hem aýdyp geçdiler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna temmäkiden azat diýen derejäni bermekligiň meýilnamasyny düzmekligi teklip berdiler.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir