Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň DIM-nde Indoneziýa Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk
Türkmenistanyň DIM-nde Indoneziýa Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk
Türkmenistanyň DIM-nde Indoneziýa Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-nde Indoneziýa Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) j-p Oktawino Alimudin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik çygryndaky gatnaşyklary gelkjekde ösdürmegiň meselelerine garaldy. Taraplaryň aýratyn ünsi halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine berildi.

2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi barada belläp, taraplar sport ulgamyndaky gatnaşyklary berkitmek we iki ýurduň sport federasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar. Şeýle hem hökümetleriň we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak we energetika, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady özaragatnaşyklaryna garamak bilen, taraplar iki ýurduň telekeçileriniň arasynda duşuşyklary gurnamagyň zerurlygyny bellediler.

Meňzeş Täzelikler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir