Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň DIM-nde KHDR-ň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde KHDR-ň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde KHDR-ň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi

Türkmenistanyň DIM-nde KHDR-ň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Birinji Ýewropa departamentiniň direktory O Sun Honyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki tarapyň wekilleri özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerdiler. Şu ýyl Türkmenistanyň we KHDR-ň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyly dolýar. Bu ýubileý sene mynasybetli iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gutlag ýüzlenmeleri bilen alşyldy.

Duşuşygyň çäginde taraplar gyzyklanma bildirýän dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekgi mümkinçilikleri barada ara alyp maslahatlaşdylar. Wekiliýetleriň yzygiderli alyş-çalşygy esasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gepleşikleri giňeltmegiň zerurlygy bellenip geçildi. Taraplar abraýly halkara guramalaryň çäginde gatnaşyklary ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şeýle hem medeni-gumanitar ugrunda özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda iki ýurtda geçiriljek bilelikdäki medeni çärelerini guramak we olara özara wekiliýetleriň gatnaşmaklary baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş Täzelikler

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir