Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nda «Halkara Gatnaşyklarynda Bitaraplyk Syýasaty we Öňüni Alyş Diplomatiýasy: Türkmenistanyň Tejribesi we Onuň Ähmiýeti» Atly Halkara Maslahaty Geçirildi
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nda «Halkara Gatnaşyklarynda Bitaraplyk Syýasaty we Öňüni Alyş Diplomatiýasy: Türkmenistanyň Tejribesi we Onuň Ähmiýeti» Atly Halkara Maslahaty Geçirildi
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nda «Halkara Gatnaşyklarynda Bitaraplyk Syýasaty we Öňüni Alyş Diplomatiýasy: Türkmenistanyň Tejribesi we Onuň Ähmiýeti» Atly Halkara Maslahaty Geçirildi

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nda «Halkara Gatnaşyklarynda Bitaraplyk Syýasaty we Öňüni Alyş Diplomatiýasy: Türkmenistanyň Tejribesi we Onuň Ähmiýeti» Atly Halkara Maslahaty Geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergisi geçirildi.

Maslahatyň işine Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow ýüzlendi. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Ýüzlenmesini okady.

Beýan edilen çykyşlarda bellenilşine laýyklykda, Türkmenistanyň bitarap statusy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen häzirki zaman taryhynda ilkinji bitarap döwlet bolandygy halkara diplomatiýasynyň täsin wakasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili A.Ataýewa 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň dowamynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barda Kararnamanyň kabul edilendigini belledi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi bitarap Türkmenistanyň global parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara giňişligindäki ýokary abraýy barada şaýatlyk edýär.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň ÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýe.Panowa, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetirji sekretary O.Algaýerowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary D.Nekulaesku, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Pankin, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçileri çykyş etdiler.

Maslahatda beýan edilen çykyşlarda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň wajyplygyny belläp, Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasatynyň üstünlikleriniň möhüm serişdesi hökmünde ýurduň giňişleýin hyzmatdaşlyga açyklygy we taýýarlygy, oňyn parahatçylykly tejribä düşgürligi we sebitleýin hem-de global meseleleri çözmekde işjeň parahatçylyk döredijilikli çemeleşmesi bolup durýandygy nygtaldy. Bularyň ählisi – milli gyzyklanmalaryň goralmagynyň netijeli mehanizmi bolan we Türkmenistanyň hakara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasynyň türkmen bitaraplygynyň ýörelgeleridir.

Çykyş edenleriň pikirine görä, Türkmenistan döwletiniň Bitaraplygy sebit hem-de dünýä derejesinde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň bitaraplygynyň hukuk esaslary döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde iňňän ýokary baha mynasyp boldy.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjytlar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede maslahata gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Prezidentine onuň ösüş, durnuklylyk we ynsanperwer ýörelgelerini durmuşa geçirmek esasynda adamzadyň hatyrasyna parahatçylygy üpjün etmekde ýadawsyz tagallalary, şeýle hem Türkmenistanyň abadançylygy we ösüşi üçin edýän köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

mfa.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan'da 2018 Yılı "Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi" Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan’da 2018 Yılı “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Yılı Olarak Kutlanıyor

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguly Berdimuhamedov’un girişimiyle 2018 yılı ülkede, “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir