Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylary Üçin Niýetlenen Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy Boldy
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylary Üçin Niýetlenen Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy Boldy
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylary Üçin Niýetlenen Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy Boldy

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylary Üçin Niýetlenen Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasy Boldy

2016-njy ýylyň 28-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň buýurmasy esasynda 9 gatly otuz alty hojalyga niýetlenen döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Täze ajaýyp öýler Täze ýylyň öň ýanynda harby gullukçylarynyň maşgalalaryna baýramçylyk sowgady boldy.

Ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna Gullugyň köp sanly işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş edenler bu döwrebap ýaşaýyş jaýynyň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, şol sanda döwrebap tehnikаlaryny alyp bermek we gulluk ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça yzygiderli alada edýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrülendigini bellediler. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginde, döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça belent borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet migrasiýa gullugynyň täze binalary milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň, şol sanda harby ulgamdaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramçylyk çäresi ajaýyp konsert bilen dowam etdirildi, bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredijilik topary sungat ussatlygyny görkezip, üstünlikli çykyş etdiler.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir