Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Döwlet Sirkindäki Haýwanlaryň Arasynda Aşnajyk Atly Burma Şahly Umga Aýratyn Meşhurlyk Gazandy
Türkmenistanyň Döwlet Sirkindäki Haýwanlaryň Arasynda Aşnajyk Atly Burma Şahly Umga Aýratyn Meşhurlyk Gazandy
Türkmenistanyň Döwlet Sirkindäki Haýwanlaryň Arasynda Aşnajyk Atly Burma Şahly Umga Aýratyn Meşhurlyk Gazandy

Türkmenistanyň Döwlet Sirkindäki Haýwanlaryň Arasynda Aşnajyk Atly Burma Şahly Umga Aýratyn Meşhurlyk Gazandy

Köýtendag döwlet goraghanasynyň golaýyndaky dagdan burma şahly umga owlaklarynyň üçüsi tapyldy. Olar şeýle bir lagar düşüpdir welin, gaçmaga-da mejaly ýokdy. Enesini ýitiren janawerler ýa ajyndan ölerdi ýa-da ýyrtyjy haýwanlara şam bolardy. Şonuň üçinem ynsan balasyna duşmaklary olar üçin täzeden doglana deňdi.

Öz gezeginde olaryň sany zoologlary geň galdyrdy. Adatça ene umga ikiden köp owlaklamaýar. Özem erkegi-tyşysy kiçeňräk sürüde bile bolýar. Onda ene umgalaryň ýeke biri wepat bolmandyr-da, owlaklaram köpräk bolara çemeli. Tebigatda jandarlaryň ýaşaýşy duýdansyzlyklardan doly. Belki, sürä ýyrtyjylaryň birnäçesi çozandyr-da, eneleri çagalaryny gorap, olara lukma bolan çemeli.

Çalajan owlaklary Köýtendag döwlet goraghanasyna getirdiler. Olar çüýşeden sygyr süýdüne tutuldy welin, owlajyklar derrew özüni tutdylar. Birküç günden garny doýup, ýylynan we töwerekdäkileriň söýgüsini duýan owlaklar tebigy aşa bilesigelijiligine imrinip, goraghana aýlanyp başladylar. Olar şeýle mähirlije bolansoň owlaklara aýratyn ýatagam gurjak bolmadylar.

Burma şahly umgalar ýurdumyzyň daglaryndan başga-da Täjigistanda, Özbegistanda, Owganystanda we Hindistanda mekan tutýar, ýöne ähli ýerde olaryň sany az bolansoň olar Halkara Gyzyl kitaba girizilendir. Ýarym ýyldan iki erkejik we bir tyşyja owlajykaryň özi otlap ugradylar. Bu dag goçlary beýilkligi halaýarlar. Goraghananyň işgärleri daş üstüne daş goýdygy bes, owlaklaryň biri dessine oňa çykýardy. Goraghana maşyn geläýdigi, tä ol saklanýança ulagyň yzyndan galmaýardylar. Olar maşynyň kapotyna bökmekdenem çekinmezdiler.

Olaryň bökejenligi-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň işgärleriniň ünsüni özüne çekdi. Ol beýleki haýwanlara başartmajak oýunlary goýmaga mümkinçilik berjekdi. Onsoň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde umgalaryň ikisini sirke bermek barada karara gelindi.Geljekde olaryň burma şahy bilen sakalynyň ösjekdigi göz öňünde tutulyp, olaryň erkekleri saýlanyldy.

Ilkibada ykbalyň beýle öwrümi olara ýokuş degdi. Owlaklar goraghanada erkin ýaşaýardylar. Olar hatda iým iýmekdenem ýüz öwürdiler. Ýöne sirkiň döredijilikli durmuşy saýry gelýär, iň esasam, olaryň bary uly bir maşgala mysaly. Tizara owlaklaram bu ýere öwrenişdiler. Owlaklaryň birine Aşnajyk, beýlekisine Bökerje diýip at dakdylar.

Olara esasan ataly-ogul eldekileşdirijiler tälim berip başladylar. Olaryň hersiniň egnindäki torbada tagamlyja käşir bardy. Sirkde oňa baýrak diýýärler.üOwlak her gezek tabşyrygy dogry berjaý edende öz paýyny alýardy.

Ýöne eldekileşdirijiniň buýrugyny ýerine ýetiräýmegem aňsat iş däl. Olar, hamala,: „Biz dag goçy! Pederlerimiz gaýadan gaýa aňsat böküp, kowgydan gaçypdyrlar,emma kimdir biriiň buýrugna baş egmek—aslymyza gelşenog-a!“ –dýiýýän ýalydy. Ýöne eldekileşdirijileriňem öz tolsimjikleri bard-a. Olar owlaklaryň arkasyny mähirli sypar, gulaklarynyň ýeňsesini gaşar welin, elden gelenini, hat-da ondanam artygyny etmäge-de höwes döreýýär.

Häzire çenli Aşnajyk iki gezek çykyş etdi. Ol kürrejiiň üstüne ýeňil böküp münýär-de, tomaşaçylaryň el çarpmasy astynda aýlaw edýär. Aşnajygyň ilkinji çykyşyndan ozal eldekileşdiriji: „Ýaşka atly kürre ynamly hem parahat jandar. Ýöne tomaşaçylaryň el çarpmasyowlajygymyzy ürküzäýmese“ –diýip çekinipdi.

Aýdanam boldy: el çarpmalary eşidenden Aşnajyk kürräniň üstünden düşjermen boldy, ýöne eldekileşdiriji oňa baýragyny berip ýetişäýdi. „Berekella! –diýip eldekileşdiriji sahnanyň aňyrsynda ony apalady.—Emma el çarpmalar düýşüňe-de girip ugranda hakyky artist bolarsyň“ –diýdi. Bökerje entek çykyşlara taýynlyk görýär.

Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleri bolsa owlaklara döredijilik üstünliklerin arzuw edýärler.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir