Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Döwlet Sirkinde Russiýanyň Artistleri Çykyş Edýärler
Türkmenistanyň Döwlet Sirkinde Russiýanyň Artistleri Çykyş Edýärler
Türkmenistanyň Döwlet Sirkinde Russiýanyň Artistleri Çykyş Edýärler

Türkmenistanyň Döwlet Sirkinde Russiýanyň Artistleri Çykyş Edýärler

Türkmenistanyň döwlet sirkinde daşary ýurtly artistleriň, şol sanda Moskwanyň Ýuriý Nikulin adyndaky sirkiniň artistleriniň gatnaşmagynda “Maýmynlar dünýäsi” atly çykyşlar uly üstünlige eýe boldy.

Markinleriň üç adamdan ybarat maşgala sirkçiler toparynyň çykyşlary sahna maksatnamasynyň başyny başlady, olar sirk artistleriniň ap-ak gadymy lybaslarynda sahna çykdylar. Pälwan sypatly maşgalabaşy, onuň inçemik aýaly we 9 ýaşly ogly çykyşyň barşynda her bir tomaşaçyny tolgundyran tilsimi ýerine ýetirdiler, olar tegelek halkada sallanyp, üç derejeli beýikligi emele getirdiler we ilkinji el çarpyşmalary gazandylar. Markinleriň maşgalasy Monte-Karloda we Parižde, Monrealda, Hytaýda, Kubada geçirilen ýaryşlarda sylaglara mynasyp boldular, olaryň ýerine ýetirýän tilsimleri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

“Maýmynlar dünýäsi” sahnanyň iň täsirli görnüşleriniň biri Russiýanyň at gazanan artisti, halkara bäsleşikleriň dört gezek ýeňijisi Natalýa Ýakubowanyň ýolbaşçylygyndaky toparyň çykyşy boldy. Gülkünç şekildäki dürli haýwanjyklar sahna çykýar. Maýmynjyklar örän çeýe, olar Natalýanyň tabşyryklaryny yhlas bilen ýerine ýetirýärler. Olar ýüpüň üstünde ýöreýärler, omman aşýarlar. Ýüpüň üstünde ýatan haýwanyň üstünden aňsatlyk bilen geçýärler. Olar kiçijek ýabyjyklara atlanýarlar we çapýarlar, dürli tilsimleri ýerine ýetirýärler, bir kiçijek ýabynyň üstünden beýleki ýabynyň üstüne böküp geçýärler. Bu örän täsirli görnüş.

“Rus taýagy – taýaklarda görkezilýän tilsimler” bilen Alekseý Drozdowyň topary çykyş etdi. Bu çykyşyň esasyny halk degişme oýny düzýär. Onda örän çeýelik bilen ýerine ýetirilýän tilsimler — ýüpüň üstüne ýöremek, üç gezek omman aşmak, halkadan böküp geçmek we beýlekiler tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Şol bir wagtda wäşi ussatlar Krill Toldonow we Igor Solowýow “Uçýan tarelka”, “Zaýalanan mikrofon”, “Arassaçyl”, “Kebelejik” we beýleki çykyşlar bilen tomaşaçylary güldürýärler.

Russiýanyň at gazanan artisti Nikolaý Leontýewiň ýolbaşçylygyndaky tilsimçiler topary “Ak reňkli emeldarlar” atly çykyşy ýerine ýetirdiler. Hereketleriň täsin çeýeligi, dürli tans tilsimleri, artistleriň ussatlygy bu çykyşyň esasy aýratynlyklary boldy.

“Turniklerde” atly çykyşda hem şeýle usul ulanyldy. Akrobatlar tomaşaçylary Müsür patyşalarynyň döwürlerine alyp gidýärler. Nikolaý Leontýew Tutanhamonyň keşbini döredýär, onuň esgerleri bolsa ýaryşlara gatnaşýarlar. Öz çylşyrymly tilsimleri bilen çagalary-da, ululary-da haýran galdyrýarlar.

Ýene-de sahnada Markinleriň maşgalasy peýda bolýar. Olaryň “Gimnastikaçylar” diýen çykyşy tomaşaçylary gyzyl-gyrana saldy. Ilki alty metr uzynlykdaky Romanyň kellesinde goýlan taýakda Ýelena we Dima dürli gimnastika tilsimleri ýerine ýetirdiler. Soňra maşgalabaşy 9 metrlik taýagy öz egninde goýup, ony aýlap başlady. Dima iki eli bilen taýakdan tutup, sirk sahnasynyň ýokarsynda uçýan ýaly aýlanyp başlady. Dima Markiniň gorkyny bilmeýän oglanjykdygyny aýtmak gerek. Tomaşaçylar oňa derek tolgundylar.

Pälwan we güýçli adam Pahreddin Ahnazarow ýatda galyjy çykyşy ýerine ýetirdi. Ol külbike barmagynda 32 kilogram agramdaky daşy galdyrdy. Soňra onuň kömekçileri şonuň ýaly daşlaryň altysyny sahna çykardylar. Daşlaryň we kömekçileriniň ählisiniň agramy Pahreddiniň boýnuna düşýär.

Soňra “demir adam” lakamyny alan pälwanyň üstünden awtomobil geçýär. Tomaşaçylar ör turup oňa el çarpýarlar, bu pälwan onlarça gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna öz adyny ýazdy we häzirki wagtda dünýäde iň güýçli adam diýen ada eýedir.

Sirk täsinlikler dünýäsidir, “Maýmynlar dünýäsi” sahna çykyşyna gatnaşan artistler aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna özleriniň hakyky jadygöýdüklerini görkezdiler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir