Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji Ýylda Başlyklyk Etmegine Bagyşlanan Brifing

2017-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk etmegine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifing Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Brifingiň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna 2017-nji ýylda başlyklyk etmegi boýunça ýerine ýetirilen işler we 2017-nji ýyl üçin meýilnama bilen tanyşdylar.

Brifingde 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Mundan başga-da gatnaşyjylar 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk etmegi döwründe döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy we Meýilnamasy bilen tanyşdyryldy.

Meňzeş Täzelikler

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir