Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy
Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk Etmeginiň Çäklerinde Çäreleriň Meýilnamasy Tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk ediji ýurt hökmünde borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi bellenilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk komiteti dörediler.

Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 25-26-njy noýabrynda Tokioda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisiniň jemlerinde ýurdumyz 2017-nji ýylda Konferensiýanyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça giň halkara gepleşikleri ýola goýuldy, olaryň barşynda energiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garalýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Milletler Bileleşigi tarapyndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça ýörite rezolýusiýalar kabul edildi, olarda bu ulgamda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ýörelgeleri we çemeleşmeleri beýan edildi.

Ýurdumyz iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň netijesinde köptaraplaýyn duşuşuklaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olaryň gün tertibine energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi. Şunda Energetika Hartiýasy bilen emele gelen hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek.

2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde “Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek” atly forum guraldy, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji maslahatynda kabul edilen Rezolýusiýa laýyklykda bu ugur boýunça bilermenleriň ilkinji halkara duşuşygy geçirildi. Bu gepleşikleriň dowamynda Energetika Hartiýasynyň howandarlygynda bilermenleriň degişli duşuşyklary şeýle hem 2015-nji ýylda Brýusselde (Belgiýa) we Pekinde (Hytaý), şu ýyl bolsa Tiranide (Albaniýa) geçirildi.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir