Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 26 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 26 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 26 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 26 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, 2017-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän “Hilton” myhmanhanasynyň Şadyrwan zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi. Resmi agşamlyk nahary Türkmenistan döwletimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleri mahabatlandyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen utgaşdyryldy. Dabaraly baýramçylyk çäresine Stambul welaýatynyň häkiminiň orunbasary İsmail Gültekin, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilleri, ýerli edaralaryň hem-de dürli habar beriş serişdeleriniñ wekilleri, dürli jemgyýetçilik guramalaryň we ýokary okuw mekdepleriñ ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkiýe Respublikasynda ýaşaýan we okaýan ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy mynasybetli dürli edaralar tarapyndan iberilen gül desseleri dabaranyň geçiriljek zalynyň girişini bezedi. Çäräniň geçirilen ýerinde Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Dabara gatnaşmaga gelen myhmanlar sergide ýerleşdirilen mahabatlandyryjy materiallar hem-de Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri wagyz edýän žurnallar, aýratyn-da Hormatly Prezidentimiziñ jöwher paýhasyndan syzlyp çykan “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyñ ýüregi”, “Paýhas çesmesi” we “Parahatçylyk sazy, Dostluk, Doganlyk sazy” kitaplary bilen tanyşdylar.

Dabaranyň başynda Türkmenistan döwletimiziň hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli senalary ýaňlandy. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsulynyň çykyşy bilen dabaraly baýramçylyk çäresi açyk diýlip yglan edildi. Çykyşda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan doganlyk gatnaşyklary hem-de Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli liderliginde gülläp ösýän döwletimiziň ähli pudaklarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada durlup geçildi. Soňra, Stambul welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ismail Gültekine söz berildi. Häkimiň orunbasary Türkmenistanyň dünýä derejesindäki nusgalyk başlangyçlary hem-de sebitdäki ähmiýetli orny barada belläp geçmek bilen, ähli Türkmenistanyñ raýatlaryny Garaşsyzlygyň şanly 26 ýyllyk baýramçylygy bilen gyzgyn gutlady we Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdi.

Resmi agşamlyk naharynda dürli naz-nygmatlar hem-de türkmen halkymyzyň myhmansöýerliginiň ajaýyp nusgasy hökmünde, milli naharlarymyz hem myhmanlara hödür edildi. Baýramçylyk çäresi Türkmenistan döwletimiziň gazanýan üstünliklerini mahabatlandyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen dowam etdi. Resmi baýramçylyk dabarasy örän joşgunly häsiýete eýe boldy. Dabara gatnaşyjylar resmi agşamlyk naharyna çagyrylandyklary üçin hoşallyklaryny bildirmek bilen, Türkmenistan döwletimize hem-de Türkmen halkyna asuda durmuş we mundan beýläk-de gülläp ösüşler arzuw etdiler.

Dabara gatnaşan ildeşlerimiz, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin edýän bimöçber tagallalary, türkmen talyplarynyň daşary ýurtlarda okap, dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler hem-de Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, belent başynyň elmydama aman bolmagyny arzuw etdiler.

Dabara gatnaşan ildeşlerimiz, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin edýän bimöçber tagallalary, türkmen talyplarynyň daşary ýurtlarda okap, dünýä derejesindäki hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler hem-de Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, belent başynyň elmydama aman bolmagyny arzuw etdiler.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/7635

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir