Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam
Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam
Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam

Türkmenistanyň Halk Artisti Myrat Baýramgeldiýew Diňe Bir Zehinli Aýdymçy Däl, Eýsem Ussat Bagbanam

Soňky ýyllarda „ekologiýa medeniýeti“ sözi ýygy-ýygydan ulanylýar. Ol dürli jähtden: ähliumumy durnuklu ösüş jähtindenem, milli durmuş-ykdysady syýasat, tebigaty goramak işi, ahlak terbiýesi babatda hem ulanylýar.

Owadan we abadanlaşdyrylan, päkize we bagy-bossana bürenen häzirki Aşgabat Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň ençemesi üçin nusgalyk ekologiýa medeniýetiniň ösen derejesine ýetenliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa medeniýeti – dogrudanam, ruhy gymmatlyklaryň we etiki ýörelgeleriň ulgamydyr, döwlet çäreleriniň, ykdysady gurallaryň we hukuk kadalarynyň, durmuş edaralarynyň toplumydyr.

Bu zatlaryň esasynda her bir adamyň şahsy jogapkärçiligi, onuň alyp barýan işi,başarnygyny öz ornunda güýjüniň ýetdiginden adamlara haýyr etmäge ulanmak ýörelgesi ýatyr.

Jemgyýetiň ekologiýa medeniýeti köp ugurlydyr, ol adamyň ýaşaýan jaýyndan başlap, oba ýa-da şäher, ýurt, älem derejesine gerimini giňeldip otyr…Ekologik pikirlenýän adamlaryň sany näçe köp boldygyça bizi gurşap alýan tebigatdyr durmuşymyzam gowydyr. Biz şeýle adamlaryň biri barada gürrüň bermekçi.

Bu jaýda ýaşaýanlaryň ählisi döredijilik adamlary. Haýsy öýe barsaň, onda meşhur artist, kompozitor, žurnalist, nakgaş ýaşaýandyr… Biz Myrat Baýramgeldiýewiň öýüne bardyk, ol diňe bir tanymal aýdymçy bolman, eýsem jaýyň töwereginde juda owadan gülleri hem ýetişdirýär. Olar göreniň göwnüni galkyndyrýar.

Myrada bagbanlyk ukyby bütin ömrüni sahawatly Sumbar jülgesindäki Gargyly obasynda ýaşan kakasy Baýramgeldi agadan geçen borly, onuň eli degen bagy gülläp miwe berýärdi. Bu zehini üçin obadaşlary oňa Miçurin diýerdiler. Ýöne ony bir zat lapykeç edýärdi – öýlenenine edi ýyl bolsa-da, çagasy ýokdy. Soňam onuň dilegleri kabul bolan ýaly on bir çagasy dünýä indi. Şol döwürde köp çagaly maşgalalara goşmaça ýer bölüp bererdiler. Muňa Baýramgeldi aga bilen dördünji ogly Myrat aşa begendiler, ol nahallara ideg edýärdi, olaryň düýbüni depýärdi. Ol edil kakasy ýaly, şeýle işden lezzet alýardy.

Ýöne kakasyndan üýtgeşik ýeri – ol nirde bolsa – öýde ýa atyzda – tapawudy ýk, hemişe aýdym aýdardy.Onuň labyzly owazy we üýtgeşik ýatkeşligi daýysy, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Mýa Kulyýewanyň ýanýoldaşy Hojadurdy Annaýewden geçen borly. Ol radiodan bir gezek eşiden romansyny ýa-da aýdymyny takyk aýdyp bilýärdi. Sekizinji synpy tamamlandan soň Daňatar Öwezow adyndaky ýörüte sazçylyk mekdebiniň aýdym bölümine okuwa girmekçi boldy. Ýöne 15 ýaşda sesiň üýtgeýänligi, aýdym aýdyp oňa agram salmaly däldigi sebäpli ony okuwa kabul etmediler. Aýdym aýtmagy halaýan ýigdekçe çörek bişirilýän kärhana işe girdi, kärhananyň klubynda konsertde çykyş edenden soň welin, oňa „biziň Polat Bilbil oglymyz“ diýip ugradylar.

Iki ýyl ýyldyrym çaltlygynda geçdi. Soň sazçylyk mekdebinde okuwlar başlandy. Ikinji synpdan okuwynyň daşyndan Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işläp başlady. Onuň başga ýerlerden gelen ýoldaşlary öýlerinden zar gelerine tamakin bolsa, Myrat tersine, ejesine owadan matalar, şowuna düşende doganlaryna täze eşiklerem ugradardy. Iň esasy, horuň hatarynda çykyş edip, ol tomaşaçylaryň öňünde özüni arkaýyn alyp barmagy öwrendi.

Sazçylyk mekdebini tamamlandan soň Myrat Baýramgeldiýewi Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutyna kabul etdiler. Ol aýdymçylyk kafedrasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Bäşim Artykowdan sapak aldy.

– Opera aýdymçysynyň sesiniň kemala gelmegi – döredijilik toparyndaky hoşgylawlylyga bagly çylşyrymly iş, – diýip Myrat Baýramgeldiýewiç gürrüň berýär. – Bu babatda meniňki çüwdi. Daýym Hojadurdy bilen onuň tanymal aýaly Maýa Kulyýewa hünär tilsimlerini irmän-arman öwredýärdiler. Men tenor Ýuriý Udalow, Türkmenistanyň halk artistleri Gurt Nazarow, Aýdogdy Gurbanow bilen bile işleşip, olardan köp zat öwrendim.

Instuty tamamlanymdan soň meni bu ýerde aýdym-saz kafedrasynda mugallym edip işe alyp galdylar. Men sahna arzuwlaýardym, şonuň üçinem muňa gynandym. Bäş ýyldan soň meni Opera we balet teatryna işe aldylar, epizodlarda çykyş etsemem, baş gahrymanlaryň keşbinde aýdym aýtmagyň arzuwyndadym.

Topara Gülnar Nuryýewanyň gelmegi bilen sahna ykbalym ýagşylyga özgerdi. Seslerimiz sazlaşýardy, onsoň kän wagt geçmän biz bilelikde esasy partiýalarda çykyş edip ugradyk. Bu aýdymça duşup işim oňuna bolup ugrady diýip oýlandym. Birnäçe ýyldan ykbalymyzam birleşip gitdi – maşgala gurduk.

Gülnar Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazowyň maşgalasyndan. Olaryň öýüne SSSR-iň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bilen Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa köp geler eken. Olar aýdym aýtsa, gaýyn atam olara sazandarlyk edipdir, Gülnar bilen ejesem olary höwes bilen diňläpdirler. Gülnaryň ejesi Zinaida Petrowna geň ykbally zenan. Uruş ýyllary iki ýaşyndaka ata-enesinden juda düşýär. Ýanynda resminamalary bolmansoň sary saç gyzjaga Zina Petrowa diýip at dakýarlar-da, ony çagalar öýüne ýerleşdirýärler. Gyzjagaz labyzly aýdym aýdýan eken, onsoň ony zehinli çagalar öýüne ugradýarlar. Ol ulalandan soň radio we telewideniýe hory üçin kursa okuwa girýär, bu ýerde-de kompozitor Orazgylyç Gurbannyýazow bilen tanyşýar we tizara oňa durmuşa çykýar. Zinaida Petrowna aýdymçylygyny goýup, özüni maşgalasyna bagyş edýär. Uruşdan 30 ýyldan soň ony uly dogany Gözel gözläp tapýar, ol maşgalada sary saç gyzjagaz dünýä inende oňa Akjagül diýip at dakandyklaryny gürrüň berýär. Şeýdibem Zinaida Petrowna hem-ä doganyna gowuşdy, hemem rus zenany bolanlygyndan türkmene öwrüldi oturyberdi.

Myrat Baýramgeldiýewi diňe bu ýagdaý geň galdyrmady. Gaýyn atasy maşgalada saklanyp galan bir gyjak görkezdi, onuň ýasalanyna 200 ýyl bolupdyr. Ony Garrygaladan Aly Seýit diýen ussa ýasapdyr. Onuň sapy erik agajyndan, kellesi suw kädiden eken.

Aýdyşlaryna görä, Aly Seýit kädini 15 ýyllap tüssä ýatyrandan soň ondan saz guralyny ýasapdyr. Owazy päk çykýan gyjagy ol aradan çykmazdan ozal iň gowy görýän şägirdi Halmämmet Annanurowa sowgat beripdir. Ondan soň ol Gülnaryň garry atasy etrekli sazanda Berdigylyja geçýär, olam ony ogly Gurbannyýaza, olam gyjagy Gülnaryň kakasyna berýär. Indi ol Gülnaryň ogly, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörüte sazçylyk mekdep-internatynyň fleýta bölüminde okaýan Emir Baýramgeldiýewde. Şeýle şirin owazly gyjak apalanyp, ýuka keçe gapda, daşy alajaly saklanylýar. Indi oňa saz guraly hökmünde däl-de, eýsem gymmatly zat hökmünde garalýar.

Maşgaladaky geň wakalryň entek soňy däl. Olar Türkmenistanyň halk artisti adynam bir günde aldylar! Gülnar: „Telefona dynuw ýokdy. Bizi Myradyňam garyndaşlary, meniňkilerem, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden tanyş-u-nätanyş adamlar gutlaýardylar“ – diýip gürrüň berýär.

Myrat Baýramgeldiýew kompozitorlykda-da güýjüni synap gördi. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjysyAllaýar Çüriýewiň goşgularyny halansoň onuň rugsady bilen şahyryň goşgularyna birnäçe aýdym döredip, olary aýaly bilen çykyşlarynda ýerine ýetirdi.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň halk artistleri Myrat Baýramgeldiýew bilen Gülnar Nuryýewa döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowdan ajaýyp sowgat – Döredijilik şäheresinde ýokary amatlykly öýüň açaryny aldylar. Myrat öýüň işigindäki boş ýatan ýere hasam begendi. „Men çagalygyma dolanan ýaly boldum. Garrygaladan bägüliň iň gowy görnüşlerini, smorodina, wişnýa, leýlisaç, derek başga-da ençeme bagyň nahallaryny getirdim, olaryň ortasynda-da çynar ekdim“ – diýip gürrüň berdi.

Her gün irden altyda Myrat 12-nji gatdan aşak düşüp, halaýan aýdymlaryna hiňlenip hemmelere deň bagyna ideg edýär. Ýetişdiren hasylyny, güllerini gowşylaryna paýlaýar.

Tamara GLAZUNOWA,
surat düşüren Süleýman ÇARYÝEW

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir