Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat-Ýerine Ýetiriş Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda
Türkmenistanyň Jenaýat-Ýerine Ýetiriş Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda
Türkmenistanyň Jenaýat-Ýerine Ýetiriş Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Jenaýat-Ýerine Ýetiriş Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

I. 2011-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 8-nji madda; 2013 ý., № 3, 58-nji madda; 2014 ý., № 1, 42-nji madda; 2015 ý., № 4, 125-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

86-njy maddanyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde «ýarysyndan az bolmadyk» we «üçden iki» diýen sözleri degişlilikde «dörtden bir» we «üçden bir» diýen sözlere çalşyrmaly;

170-nji maddanyň ikinji böleginde «zähmete we okuwa gatnaşygy, iş kesileniň» diýen sözlerden soň «düzelmek ýoluna düşenligi we» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir