Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine Goşmaça we Üýtgetme Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine Goşmaça we Üýtgetme Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine Goşmaça we Üýtgetme Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine Goşmaça we Üýtgetme Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY  Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda.

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy madda) şu goşmaçany we üýtgetmäni girizmeli:

1. 344-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«3441-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy

Adam söwdasynyň pidalarynyň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň janyna ýa-da saglygyna howp salyp biljek maglumatlaryň, ýagny adam söwdasynyň pidalary, olar babatda edilen jenaýatlar, amala aşyrylýan howpsuzlyk çäreleri barada maglumatlaryň bikanun ýaýradylmagy, ýaşyryn maglumatlaryň aýan edilmegi hem-de adam söwdasynyň pidalaryna kömek berilmezligi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Bellik

Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin, ol administratiw jogapkärçiliginden boşadylýar.».

2. 445-nji maddanyň ikinji böleginde «334-344-nji» diýen sanlary «334-3441-nji» diýen sanlara çalşyrmaly.

II. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir