Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine Üýtgetmeler Girizmek Hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda
I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1. 94-nji maddanyň üçünji böleginde «prokuroryň hem-de» diýen sözleri aýyrmaly we «wekilleriniň» diýen sözi «wekiliniň» diýen söze çalşyrmaly;

2. 97-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Ata-enelik hukuklaryny dikeltmek hakynda işe hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda garalýar.».

3. 98-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek hakynda işe hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda garalýar.».

4. 101-nji maddanyň birinji böleginde «prokuroryň hökmany gatnaşmagynda» diýen sözleri aýyrmaly;

5. 102-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Çagany almak we ony başga adama (adamlara) bermek bilen baglanyşykly çözgütleriň mejbury ýerine ýetirilmegi hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň hökmany gatnaşmagynda we çaganyň berilýän adamynyň (adamlarynyň) gatnaşmagynda, zerur halatlarda bolsa ‒ içeri işler edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilmelidir.».

6. 123-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Çagany perzentlige almagyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi ýa-da perzentlige almagyň ýatyrylmagy hakynda işe hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň hökmany gatnaşmagynda seredilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir