Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu Pudagara toparyň çözgüdi bilen maýa goýum taslamalarynyň 3-si saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly kompaniýalar we olaryň taslamalary saýlanyp alnanda, taslamalaryň ykdysady netijeliligi, durmuş ähmiýeti hem-de ekologiýa howpsuzlygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has netijeli usullary bilelikde gözlemegiň esasy ölçeg bolup durýandygyndan ugur almak möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mümkin bolan dürli töwekgelçiliklerden goramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

“Hazyna” hojalyk jemgyýetini döretmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. Taýýarlanylan teklibe laýyklykda, Merkezi bank, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Halkbank”, “Türkmenbaşy”, “Türkmenistan”, “Prezidentbank” döwlet täjirçilik banklary, şeýle hem “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky bu düzümi esaslandyryjylar bolup çykyş edýärler.

“Hazyna” hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi milli syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmakda durmuşa geçirilýän möhüm çäreleriň biridir.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada habar berildi.

Aşgabat şäheriniň ähli etraplarynda ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, şäherde gök zolaklaryň döredilmegine, agaç nahallarynyň, dürli gülleriň we beýleki bezeg ösümlikleriniň oturdylmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň durky täzelenilýär we täzeleri gurulýar.

«Türkmenhowaýollary» gullugynyň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýurdumyzyň çäklerinde ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky teklibi Döwlet Baştutanymyz makullady.

10-njy iýundan 10-njy sentýabra çenli Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde
milli Liderimiz geçiriljek “EKSPO2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň bölüminiň gatnaşmagy hakyndaky» karara gol çekdi.

Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpek gurçugyndan alynýan ýokary hilli pile hasylynyň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmak, bu çig mal bilen ýurdumyzyň gaýtadan işleýän ugurdaş kärhanalaryny doly üpjün etmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygy habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylda 2 müň 30 tonna pile öndürmek baradaky kararyna laýyklykda “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň düzümleri Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda bu pudakda iş alyp barýan kärendeçi daýhanlary janlandyrylan ýüpek gurçuklarynyň zerur mukdary bilen üpjün edýärler. Howa şertlerine laýyklykda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhan hojalyklaryna janlandyrylan gurçuklary paýlamak işi aprel aýynyň üçünji ongünlügine meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz pile önümçiligi baradaky meseläniň üstünde aýratyn durup geçdi we ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu meseläni ylmy taýdan içgin öwrenmelidigini hem-de türkmen halkynyň bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesini nazarda tutulmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň Minsk şäherinde geçiriljek sekizinji mejlisinde garaljak wezipelere ünsi çekip, bu mejlise gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümi baradaky degişli resminama gol çekdi.

Häzirki döwürde ýurdumyz milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde temmäkä garşy göreş işinde öňdäki orunlary eýeläp, beýleki ýurtlara nusgalyk görelde bolýar we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, zyýanly endikleri ýok etmek we Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek maksady bilen degişli ministrlikler, pudak edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň ýakyn bäş ýyl üçin Milli maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakynda” Karara gol çekdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýyl Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-niň başlanmagyna çenli galan şu döwürde ähli zerur tagallalaryň we hemmetaraplaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IX halkara ylmy maslahat, şeýle hem ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy, uzak aralyga atly ýöriş, bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşikleri, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary hem-de däp bolan at çapyşyklary guralar. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemi jemlener. Mundan başga-da, baýramçylyga gabatlanylyp Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasy bolar. Şeýle hem Atly sportuň halkara federasiýasynyň prezidenti Ingmar De Wozyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewiň öň Daşoguz welaýatynda işläp, köp tejribe toplandygyny belläp, ony şu welaýat boýunça jogapkär edip belledi hem-de degişli Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň başlygyna başlangyçlary öňe sürmeýändigini, teklipleri hem bermeýändigini, ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmaýandygyny, Ahalteke atlarynyň döwlet tohumçylyk kitabynyň hem taýýarlanmandygyny, atçylary taýýarlamak we höweslendirmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň döredilenine eýýäm iki ýyl bolandygyna garamazdan, şu wagta çenli hiç kime bu hormatly at dakylmady. At çapyşyklary yzygiderli geçirilýär, ýöne bu ýaryşlara atçylyk sportunda köp ýyllaryň dowamynda çykyş edip, at gazanan meşhur türgenler gatnaşmaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, bu ugurda uly işleri bitirip, hormata mynasyp bolan adamlara hormatly atlary dakmak boýunça sanawy taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir