Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Nebitgaz Senagaty we Geologiýa Işgärlerine
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Nebitgaz Senagaty we Geologiýa Işgärlerine
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Nebitgaz Senagaty we Geologiýa Işgärlerine

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Nebitgaz Senagaty we Geologiýa Işgärlerine

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ýadawsyz hem-de tutanýerli zähmetiňiz netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy.

Eziz Watanymyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hem hyzmat etmegini gazanmagy wezipe edinýär.

Soňky döwürde «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» berkarar Watanymyzyň iri senagat toplumlaryny hem-de gaz geçiriji ulgamlaryny döretmek, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin köp işler alnyp barylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Altyguýy, Kemer, Garadaşly meýdanlarynda täze nebitli ýataklaryň üsti açyldy. Uzynada we Akpatlawuk ýataklary hem geljegi uly meýdançalar hasaplanýar. Türkmenistan — Hytaý, Döwletabat — Sarahs — Hangeran, «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijilerini hem-de gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny soňky döwürde gazanylan uly üstünlikleriň hataryna goşmak bolar.

Turbageçirijiler gurlanda daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, uglewodorod serişdelerini çykarmak işlerini hem ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrmak nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Eziz Diýarymyzy tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birine çykaran «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçmek isleýärin. Bu gaz käniniň gorlarynyň ýurdumyzdan Günbatara we Ýewropa tarap eksport ugruny döretmek nukdaýnazaryndan hem geljegi uludyr.

Garaşsyz Watanymyzyň edermen nebitçileri, gazçylary we geologlary!

Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine dünýäde isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Biziň döwletimizde tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly isleg döredýän gymmatly önümleri öndürmek meselesine hem uly üns berilýär.

Ýurdumyzda geçen ýyllarda düýbi tutulan gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen tebigy gazyndan alynjak iň zerur önümleri öndürýän şeýle toplumlaryň gurulmagy berkarar döwletimizi senagat taýdan we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly itergi berer.

Türkmenistan halkara energetika syýasatynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu bolsa Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha ýokarlandyrýar. Garaşsyz döwletimiziň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejelerinde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň üçin nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar boýunça iş alyp barmak zerurdyr. Ýurdumyzda bu ugurda giň möçberli işleriň ýerine ýetirilýändigi bizi örän guwandyrýar.

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir