Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Orta Asyr Arheologiýa Ýadygärlikleriniň Elektron Kartasy Döredildi
Türkmenistanyň Orta Asyr Arheologiýa Ýadygärlikleriniň Elektron Kartasy Döredildi
Türkmenistanyň Orta Asyr Arheologiýa Ýadygärlikleriniň Elektron Kartasy Döredildi

Türkmenistanyň Orta Asyr Arheologiýa Ýadygärlikleriniň Elektron Kartasy Döredildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň GIS-laboratoriýasynyň işläp taýýarlaýan täzelikleriniň biri-syýahatçylyk ugurlarynyň elektron kartasydyr. Bu iş Taryh institutynyň alymlary bilen bilelikde alnyp barylýar, olar özboluşly gadymy we orta asyrlar ýadygärlikleri barada takyk maglumatlar berdiler.

Şu ýyldan başlap gadymy döwürleriň arheologiýa ýadygärlikleri boýunça iş başlandy. GIS-laboratoriýanyň hünärmenleri Lebap welaýatynda bolup, şol döwre degişli binalaryň sekizisi barada maglumat topladylar. Olar, esasan dargaşan depelerdir diwarlardyr, indi çig kerpiçden gurlan desgalaryň şekilini-de saýgarmak aňsat däl. Ýurdumyzda şeýle ýadygärlikleriň ençemsi bar, olardan has bellilerini–Gadymy Nusaýy, ekerançylyk medeniýetiniň gadymy Jeýtun obasyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu iş üç ýyla niýetlenendir.

2015-2016-njy ýylarda has ähmýetli orta asyr ýadygärlikleriniň 115-si boýunça işler geçirildi. Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri birnäçe gezek ýelere gidip, göz öňünde tutulan ýerleri gözden geçirdiler, olaryň ýerleşýän ýerlerini, binalaryň göwrümini anykladylar, olary surata düşürdiler. Elektron sanawda Gadymy Merw (Mary welaýaty), Maşady-Misserian (Balkan welaýaty), Köneürgenjiň ýadygärlikleri, Şasenem gala (Daşoguz welaýaty) we beýlekiler bar. Ýerlerde saparda bolan GIS-tehnologiýalar laboratoriýasynyň müdiri we uly ylmy işgäri-Serdar Çaryýewiň hem-de Nikolaý Nikolaýewiň aýtmagyna görä, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky takmynan 12-13 asyrlara degişli galanyň galyndylary ýaly maglumatlar kitapçalarynda görkezilmedik az barlag geçirilen binalaryň tapylan wagty hem boldy.

Kartada welaýatlaryň çäkleri, häzirki ýollar, ilatly ýerler, Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ýerleri gyzyl reňklerde bellenilipdir. Elektron kartadaky ýadygärlikleriň göwrümini üýtgedip, ençeme esse ulaldyp, ýadygärligi ady bilen gözläp, suratly goşmaça maglumatlary we peýdaly maslahatlary alyp bolýar.

Elektron karta türkmençe düzülipdir, ol ükläni öwrenijilere we ulagly syýahatçylara az barylýan taryhy ähmiýetli binagärlikleri öz gözi bilen görmäge mümkinçilik berýär. Merkeziň we Taryh institutynyň alymlary Mürgap sebitine gaýtadan gidip, bilekdäki işlerinde şol ýerler barada has giňişleýin gürrüň bermegi göz öňünde tutýarlar. Mary welaýatynda dürli eýýamlara degişli taryhy-medeni ýadygärlikler kändir. Geçirilen işleriň netijelri bilen ýurdumyzyň Medeniýet we Bilim ministrliklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we hususy syýaharçylyk kompaniýalarynyň işgärleri üçin tanyşdyrylyş geçirildi, olar alymlaryň işine uly gyzyklanma bildirdilar.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir