Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä Bosgun Türgenleriň Gatnaşmaklarynyň Mümkinçilikleri Baradaky Meselä Garamagy Tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä Bosgun Türgenleriň Gatnaşmaklarynyň Mümkinçilikleri Baradaky Meselä Garamagy Tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä Bosgun Türgenleriň Gatnaşmaklarynyň Mümkinçilikleri Baradaky Meselä Garamagy Tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä Bosgun Türgenleriň Gatnaşmaklarynyň Mümkinçilikleri Baradaky Meselä Garamagy Tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Mejlisiň Başlygynyň, hökümet we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Awazada geçirilen halkara forumynyň netijeleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport hereketiniň mundan beýläk hem ösdürilmegine möhüm goşant boljak, şeýle hem dünýä giňişliginde milli sportumyzyň abraýyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan Aziada-2017-ä taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatynda degişli düzümleriň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri belledi.

Halkara kongresinde belli sebäplere we ýagdaýlara görä öz dogduk ýerlerini terk etmäge mejbur bolan bosgun türgenleriň Aziada-2017-ä gatnaşmaklarynyň mümkinçilikleri barada mesele hakynda aýdyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek, parahatçylygyň we öňe gidişligiň bähbidine dünýä ýüzünde sport hyzmatdaşlygyny öz öňünde möhüm maksatlaryň biri hökmünde goýýan, yklym derejesindäki ýaryşlarda Türkmenistanyň halkynyň olary mübäreklemäge örän şat boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökmüet maslahatynda degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň Aziada-2017-ä bosgun türgenleriň gatnaşmaklary baradaky meseleleri hemmetaraplaýyn işläp taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Sebäbi, sportuň baş maksady parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ilçisi bolup hyzmat etmekdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy ugurdaş edaralary, hususan-da, BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi bilen, şeýle hem Migrasiýa boýunça halkara guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen, Türkmenistanyň bu ugurda, şol sanda Bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça umumy tagallalara özüniň uly goşandyny goşýar. Binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalaryna hem-de BMG-niň degişli Konwensiýalaryna goşulyp, biziň ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň, şonuň bilen bir hatarda ynsanperwerlik, adalatlylyk, demokratik ösüş we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgeleriniň tarapdarydygyny iş ýüzünde görkezýär.

2011-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 5 müň 74 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Ondan öň hem müňlerçe adamlar meýletin esasda biziň ýurdumyzyň raýatlary boldular. Geçen ýylyň dekabrynda bolsa döwlet Baştutanymyz ýene ýigrimi bir milletiň wekili bolan 1 müň 381 adamy Türkmenistanyň raýatlygynybermek barada Permana gol çekdi. Bu karar Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň, gadym zamanlardan bäri türkmen halkyna mahsus bolan hem-de täze taryhy eýýamda özüniň mynasyp ornuny tapýan ýokary ynsanperwerlik däplerine, ynsansöýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine yzygiderli ygrarlydygynyň nobatdaky gezek aýdyň tassyklanmasy boldy.

Bu wakanyň Watanymyz üçin şöhratly senäniň– Bitaraplygyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçmegi bellärliklidir hem-de çuňňur many-mazmuna eýedir. Biziň ýurdumyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen bu aýratyn halkara hukuk derejesinde, öz çäginde dürli milletleriň wekilleriniň bir agzybir maşgala bolup, abadançylykda we ylalaşykda ýaşamagyny üpjün edýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň parahat söýüjilikli, döredijilikli mazmuny öz beýanyny tapdy.

Türkmenistan tarapyndan raýatlary bolmadyk adamlara, bosgunlara degişli meseleleri çözmegiň işlenen uly oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bilen üns berýär. Sebit boýunça we ählumumy geçirilýän işleriň strategiki gatnaşyjy bolmak bilen biziň ýurdumyz özünde birnäçe gezek ynsanperwerlik meselelerine bagyşlanan iri wekilçilikli maslahatlary kabul etdi. Meselem, 2012-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirilen “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly halkara konferensiýasy bellärlikli waka bolup durýar. Ony geçirmek barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde aýdan başlangyçlary ählumumy makullamaga we goldawa eýe boldy. Ýeri gelende aýtsak, maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň bosgunlara durmuş we hukuk taýdan goldaw bermekde Türkmenistanyň tejribesine bagyşlanan ýörite mejlis girizildi.

2014-nji ýylda türkmen tarapynyň teklibi boýunça Aşgabatda “Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahaty” geçirildi. Ondan bir ýyl ozal bolsa bu ýerde Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde guran häzirki zamanyň wehimlerine, hususan-da, adam söwdasyna garşy göreşmekde umumy tagallalary birleşdirmek meselesine bagyşlanan forum geçirildi.

Bu forumlaryň türkmen paýtagtynda geçirilmegi sebit boýunça we ählumumy ösüşiň, şol sanda ynsanperwer we durmuş ugurlary boýunça ösüşiň derwaýys meseleleriniň çözgüdini işläp düzmekde yzygiderli işjeň orny eýeleýän Watanymyzyň ýokary halkara abraýynyň aýdyň güwänamasy bolup durýar.

Şol gün Awazada geçirilen sport kongresine Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleri, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar, şol sanda belli syýasy işgärler gatnaşdylar.

Kongrese gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri yklymlaýyn ýaryşlary geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, işjeňlik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan daşary syýasatynyň netijesidir.

Kongresiň dowamynda Meýbukan godzýu-rýu karate-do Halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtatsu özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň milli Liderimize sport hereketiniň we bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan goşandy üçin karate-donuň 10-njy danyny gowşurmak baradaky çözgüdini mälim etdi.

Aziýa küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan döwlet Baştutanymyza federasiýanyň “Ýylyň adamy” diýen tapawutly salygyny gowşuryp, bu derejä boýunça baýragy gowşurdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň milli küşt mekdebiniň ösdürilmegine, çagalar-ýetginjeker sportunyň döremegine, ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň saklanmagyna, halklaryň arasynda dostluk we hyzmataşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan goşandy üçin şeýle sylaga mynasyp bolandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bildirilen hormat üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaglary Türkmenistanyň halkara sport hereketiniň ösdürmekdäki goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda bu oýunlaryň taryhynda iň iri möçberlisi bolan Aziada-2017-ä taýýarlyk meselelerine ähmiýet berildi. Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna ygrarlydygyny aýtdy.

Kongresiň işine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda LDPR fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žrinowskiý hem gatnaşdy. Ol Mejlisiň Başlygynyň çakylygy boýunça ýurdumyza geldi.

LDPR-yň başlygy hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň döwletiň we jemgyýetiň ösüşini, halkyň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýän düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandygyny belledi. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesinden gelip çykýan döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýändigini, onuň bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň binýady bolup durýandygyny nygtap, myhman ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmegiň, parlamentara we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Soňra Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň lideri Wladimir Žrinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen derejäni gowşurmak dabarasy boldy.

Şol gün Wladimir Žrinowskiý we wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa bilen duşuşygy boldy. Däp bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikr alyşmalar boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatar wekiliýetleriniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Sport, saglyk we işjeň durmuş ýörelgeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Halkara kongrese gatnaşmak üçin Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyza gelen gubernatory Aleksandr Žilkin bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň belli medeniýet we sungat işgäri sport forumyna gatnaşan Polat Bilbil ogluny kabul etdi. Aşgabadyň Aziada-2017-ni geçirmek üçin saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýynyň ýokarlanýandygyny aňladýar diýip bellemek bilen, myhman özüde köpugurly sport desgalaryny jemleýän we sebitde deňi-taýy bolmadyk iri Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna haýran galýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Niklaus Dizaýn” kompaniýasyny esaslandyryjy Jek Niklaus bilen bolan duşuşygynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalr boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Aşgabatda golf-meýdançasynyň gurluşygy hakynda maglumat berildi.

Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym “ hususy kärhanasynyň bina eden iri sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen türgenleri üçin okuw türgenleşik merkezine, türgenleri sportuň dürli gönüşleri, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça taýýarlamak üçin oňyn binýat bolup durýan toplumyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Mundan başga-da, bu ýerde ýokary derejedäki halkara ýaryşlaryny geçirmek mümkinçiligi döredilipdir. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Sözüň doly manysynda, bu 28,5 gektar meýdanda ýerleşýän tutuş “sport şäherjigidir”. Merkeziň düzümine halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň 7-si, şol sanda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweşjeň sungatlar bilen meşgullanmak üçin niýetlenen binalar girýär. Olary enjamlaşdyrmaga dünýäniň iň meşhur sport enjamlaryny öndürýän kompaniýalar gatnaşdylar. Mundan başga-da, iş otaglaryny birleşdirýän edara binasy, 150 orunlyk maslahatlar zaly, 200 orunlyk naharhana, tennis, woleýbol hem-de kiçi futbol oýnamak üçin niýetlenen açyk sport meýdançalary, şeýle hem inžener-tehniki düzümiň desgalary, 250 orunlyk awtoduralga guruldy.

Toplumyň zallarynda Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň işine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Biziň ýurdumyzyň ekspozisiýalarynda Aziada-2017-niň baş nyşanynyň – ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen dürli önümleriň, şol sanda türgenler we meýletinçiler üçin lybaslaryň nusgalaryny, şeýle hem sözlükleri we gepleşik sözlüklerini, sowgatlyk önümleri we öňümizdäki sport forumynyň beýleki nyşanlaryny görkezdiler. Bu ýerde türkmen türgenleri tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça abraýly halkara ýaryşlarynda gazanylan köpsanly kuboklar we medallar goýuldy.

“Dünýä halklarynyň aşhanasy” atly sergide dürli görnüşli et we balyk önümleri, gök we miwe önümlerinden taýýarlanylan tagamlar, işdäaçarlar, süýji önümleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Munuň özi ýurdumyzda Aziada-2017-ä we medeni ynsanperwerlik ulgamdaky netijelei halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan dabaralaryň jemini ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert jemledi. Hazaryň kenaryndaky ajaýyp sahnada guralan aýdym-sazly çykyşlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Ýakynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda bolan maslahatda iri halkara ýaryşlarynyň guramaçylyk meselelerine garaldy. Şeýle hem MOK-yň wekilleri Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşdyryldy. Olar bu toplumyň desgalarynyň ýerleşdirilişine, olaryň mümiknçiliklerine, şeýle hem binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna ýokary baha berdiler.

Aziada bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, 9-njy aprelde paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde Aşgabat-2017-niň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyny – baş aýdymyny seçip almaga bagyşlanan maslahat geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny sena – baş aýdym hökmünde seçip almak barada biragyzdan çözgüt kabul edildi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky meselelere Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşyn generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdede geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde seredildi.

Mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni harby we hukuk özgertmeleriň geçirilişine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyna çekip, milli Liderimiz ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde beýleki düzümler bilen sazlaşykly işiň ýola goýulmalydygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji aprelinde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri Türkmenistanyň üstünliklerini ynamly tassyklady.

Ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň 6,2 göterime deň bolmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Döwlete dahylly bolmadyk düzümleriň jemi içerki önümiň ösüşindäki paýy 62,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88,1 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, durmuş ulgamynyň ösüşine býujet serişdeleriniň 73,3 göterim gönükdirildi. Aýlyk haklary 9,1 göterim ýokarlandy, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 7,8 milliard manada deň boldy. Onuň 51,3 göterimi önümçilik maksatly, 48,7 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçiligi we eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýanwar-fewral aýlarynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberi 5,3 göterim azaldy. Hasabat döwründe ykdysadyýete, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige, eksport önümleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,6 göterim artdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde 120 million manatlyk senagat önümleri öndürildi. Onuň möçberleri 32,6 göterim artdy. Oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberleri 192 million manada deň bolup, onuň mukdary 47 göterim ýokarlandy. 625,5 million manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň nebit pudagyna degişli bolmadyk ulgamlaryny yzygiderli ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitledi we Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçligini, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, milli Liderimiz maliýe ulgamynyň durnuklylygyny, maýa goýum işjeňligini, milli manadyň satyn alyş ukybyny üpjün etmek bilen ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini ýola goýmagy tabşyrdy.

Puluň hümmetini bellenilen görkezijileriň derejesinde saklamak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul dolanyşygyny we onuň gözegçiligini netijeli ýola goýmak arkaly zerur bolan maliýe serişdeleri bilen üpjün emtek bank ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, banklaryň karz işjeňligini ýokarlandyrmaly.

Mejlisde obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri işjeňleşdirmek boýunça bir aýyň dowamynda anyk teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýakyn on ýylyň dowamynda gazhimiýa we nebithimiýa senagatynyň iri pudaklaryny döretmek boýunça taslamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tebigy serişdeleri senagat dolanyşygyna işjeň çekmek boýunça alnyp barylýan özgertmeleri işjeňleşdirmelidir. Ýersaty baýlyklary özleşdirmek bilen meşgullanýan kärhanalara kesgitlenen ýeňillikler berilmelidir.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Ol her ýylyň 31-nji martynda, Garlykldaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işe girizilen güni belleniler.

Ýerli çig mal serişdelerine, hususan-da, gaz we nebithimiýa, himiýa senagagynyň, elktroenergetika ulgamynyň önümleri esasynda ýokary tehnologiýaly önümçiligi döretmegiň geljekki ugurlary Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçrilen işewürlik maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Şeýle hem ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, haryt dolanyşygyny we maýa goýumy artdyrmagyň meselelerine garaldy. Koreý tarapy milli we sebitleýin ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirlmegine taýýardygyny tassyk etdi. Şeýle hem ekologiýa, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim, sport, oba hojalygy we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklara bolan gyzyklanmalar mälim edildi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde ydysadyýetimizi döwrebaplaşdyrylmagy, senagat düzüminiň döredilmegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň oňyn tejribelerini özleşdirilmegi ugur udinýän toplumlaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gurmak, döretmek ýörelgelerine daýanýan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň berkararlygy ugrunda amala aşyrýan ynamly işlerini we ýurdumyzyň dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkez hökmünde ykrar edilen derejesine laýyk gelýän işjeň hereketini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir