Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi, ol “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman ýurdumyza gelmäge hem-de iri forumyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda hem-de ähli ýurtlarda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutany tarapyndan bu ulgamy ösdürmäge ägirt uly üns berilmegi netijesinde häzir türkmen paýtagty we Awaza abraýly halkara çäreleriniň, şol sanda sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy hem ýurduň dünýä derejesinde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy mende diňe täsin tebigaty bilen däl, eýsem binagärlik desgalary bilen, şeýle hem oňaýly dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin bu ýerde döredilen şertler bilen mende uly täsir galdyldy diýip, AOG-nyň sözüni dowam etdi. Myhman Hazaryň türkmen böleginden özüniň ilkinji gezek bolýandygyny nygtap, häzirki duşuşygyň geçýän ýeri bolan Türkmenistanyň bu künjeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän uly özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha minnetdarlyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýörelgesine ygrarlydyr.

Döwlet Baştutanymyz öz nobatynda AOG-nyň ýolbaşçysyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, dünýä Liderlerinden başlap, ähli ýurtlarda ilatyň giň gatlaklaryna çenli her bir adamy saglygy goramak we berkitmek üçin netijeli çözgütleri tapmak ugrunda tagallalary jemlemäge çagyrýan bu baýramçylygyň ähmiýetini belledi. Ýurdumyzda häzirki ýyl “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” şygarasy astynda geçýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de milletiň saglygy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha Türkmenistanyň strategiýasynda möhüm orun tutýan hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyk gelýän Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda deňiz dynç alşyny kemala getirmek boýunça taslama barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz Hazar deňziniň türkmen kenary deňiz suwunyň örän arassalygy, ýumşak howasy, mineral çeşmeleri hem-de bejeriş palçyklary bilen meşhurdyr diýip, sözüni dowam etdi hem-de bu ýerleriniň şypahana-dynç alşy we syýahatçylygy ösdürmek üçin örän oňaýlydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamanynyň durmuşa geçirilişiniň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyryp, soňky ýyllarda bu ýerde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ajaýyp myhmanhanalaryň, bejeriş-sagaldyş merkezleriniň toplumlarynyň, çagalar saglyk öýleriniň, kottej şäherjikleriniň, ýaht-klublarynyň peýda bolandygyny nygtady, bu ýerde gurulýan desgalaryň her biri öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleriň we şähergurluşygynyň häzirkizaman gazananlaryna esaslanandyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ýakyn geljekde bu ýerde dürli sport toplumlaryny, golf-toparlaryny we beýlekilerini goşmak bilen täze desgalaryň guruljakdygyny nygtady. Olaryň meýdançalarynda halkara derejesinde abraýly ýaryşlar guralar.

Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah kärdeşlerinde bolşy ýaly, özünde hem desgalaryň üýtgeşik binagärlik keşbiniň hem-de milli däpleri we häzirkizaman alamatlaryny sazlaşykly utgaşdyrýan özboluşly dizaýnerçilik çözgütleriniň örän täsir galdyrandygyny belledi. Häzirki forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralar, sport desgalarynyň, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň hem-de ulanmaga tabşyrylýan täze “Awaza” sport toplumynyň hili Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegine neneňsi möhüm ähmiýet berilýändiginiň, türkmen halkynyň Aziada-2017-ä nähili uly höwes bilen taýýarlyk görýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr diýip, AOG-nyň ýolbaşçysy aýtdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we AOG-nyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyp, ony ösdürmäge örän oňaýly geljegiň bardygyny nygtadylar. Aziada taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berildi. Ol bu Oýunlaryň taryhynda iň uly möçberlisi bolar. Türkmenistan V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede kabul etmek üçin hemme zerur çäreleri görýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de öňde boljak abraýly Oýunlaryň ýaryşlary geçiriljek paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny, ýurdumyzda meýletinçiler hereketiniň ösdürilişini, dünýäde meşhur sport federasiýalary we esasy habar beriş gulluklary bilen tejribe alşylmagynyň ýola goýulyşyny hem-de birnäçe ýagdaýlary belläp geçdi.

Umuman Türkmenistanyň V Aziýa oýunlaryny guramaga we geçirmäge görkezýän jogapkärçilikli hem-de başlangyçlara beslenen çemeleşmesiniň şol Oýunlaryň üstünlikli geçmegini üpjün etmäge gönükdirilendir myhman diýip belledi. Bu sport ýaryşlary ajaýyp we ýatda galyjy wakalara öwrüler hem-de sebit we dünýä derejesinde sportyň wagyz edilmegine ýardam berer diýip, AOG-nyň ýolbaşçysy aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilip, umumydünýä sport giňişliginde netijeli halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir